Baş sahypa
\
Hepdäniň wakalary
\
Durmuş-ykdysady özgertmeler — Watanymyzyň gülläp ösüşiniň binýady
Hepdäniň wakalary
Durmuş-ykdysady özgertmeler — Watanymyzyň gülläp ösüşiniň binýady
Çap edildi 27.07.2025
77

Ýurdumyzy mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wakalaryna beslenen geçen hepde Watanymyzyň ägirt uly kuwwatynyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň abadan durmuşynyň berk binýadyny emele getirýän özgertmeleriň netijesinde gazanylan üstünlikleriň beýany boldy.

Döwlet Baştutanymyzyň 21-nji iýulda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda geçiren iş maslahatynda ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda möwsümleýin işleriň barşy, sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk pudagyndaky möwsümleýin işlere ünsi çekip, gowaça meýdanlaryndaky ideg işleriniň, şol sanda gowaçalaryň hatarara bejergi, ujuny çyrpmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak, zyýan berijilere garşy göreş işleriniň agrotehniki kadalara laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny belledi.

Pagta we bugdaý öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegi bilen bagly meselelere aýratyn üns çekildi. Şeýle hem bugdaý oragyndan boşan meýdanlarda sürüm, tekizleýiş işleriniň alnyp barlyşyny berk gözegçilikde saklamak, güýzlük bugdaý ekişinde ulanyljak ekijileri, beýleki tehnikalary möwsüme talabalaýyk taýýarlamak, güýzlük ýeralmanyň, beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekişine gowy taýýarlyk görmek tabşyryldy. Daşoguz, Lebap welaýatlarynda şaly meýdanlarynda ideg işleriniň talabalaýyk alnyp barylmagyny gazanmak, Mary welaýatynda gant şugundyrynyň ekişine gözegçilik etmek, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işlerini berk gözegçilikde saklamak boýunça birnäçe görkezmeler berildi. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz ýangyn howpsuzlyk kadalarynyň ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklamak barada tabşyryklary berdi.

25-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Şolaryň hatarynda milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler, Mejlisde geçirilen duşuşyklar, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna, onuň çäklerinde guraljak parlament forumyna taýýarlyk görlüşi, Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPECA) noýabr aýynda Aşgabat şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara çäreleri baradaky hasabatlar bar. Şeýle-de möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, pagta ýygymy möwsümine taýýarlyk görmek, bugdaý tohumyny taýýarlamak, mallary talabalaýyk idetmek, olaryň baş sanyny artdyrmak we önüm berijiligini ýokarlandyrmak, ot-iýmleriň ätiýaçlyk gorlaryny döretmek babatda görülýän çäreler hakynda aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi we onuň işini kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz gowaça ekilen meýdanlarda ideg işlerini agrotehniki kadalara laýyklykda geçirmegi, pagta arassalaýjy kärhanalary, pagta hasylyny daşaýan awtoulaglary möwsüme taýýarlamagy, geljek ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmak we ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Sarp edijileriň elektrik üpjünçiliginiň hilini ýokarlandyrmak Hökümet mejlisinde garalan beýleki meseleleriň hatarynda boldy. Hormatly Prezidentimiz elektroenergetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmegiň, sarp edijileri elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmegiň häzirki wagtda möhüm wezipe bolup durýandygyny aýdyp, ýurdumyzyň bar bolan elektroenergetika kuwwatyndan netijeli peýdalanmagy hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Mejlisde döwlet Baştutanymyzyň garamagyna birnäçe teklipler hödürlenildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz hödürlenen teklipleri makullap, olary durmuşa geçirmek boýunça anyk görkezmeleri berdi. Şunda gürrüň, hususan-da, “Galkynyş” gaz känini mundan beýläk-de netijeli özleşdirmek boýunça “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan alnyp barylýan işler; öňdebaryjy bilim işgärleriniň 2025-2026-njy täze okuw ýylynda ýetilmeli sepgitler we öňde durýan wezipeler kesgitleniljek maslahatyna görülýän taýýarlyklar, milli ykdysadyýetiň ähli ulgamlaryny sanlylaşdyrmak, innowasion işläp taýýarlamalara esaslanýan tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada barýar.

Hormatly Prezidentimiz Diýarymyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, döwlet edaralarynyň işini döwrebap guramak, innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak babatda maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygyny nygtap, «Elektron hökümet» ulgamy babatda taýýarlanan teklibi makullady hem-de wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen köpugurly hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler Hökümet mejlisiniň aýratyn mowzugy boldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna şu ýylyň güýzünde Samarkant şäherinde ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň 43-nji mejlisine ýurdumyzyň wekiliýetiniň gatnaşmagy baradaky teklip hödürlenildi. Şunuň bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen ÝUNESKO-nyň Bilim ulgamynda maglumat tehnologiýalary boýunça institutynyň arasynda gol çekilen “Ýol kartasynyň” çäklerinde ýurdumyzda şu ýylyň awgustynda 5 ugur boýunça utgaşykly görnüşde halkara maslahaty geçirmek teklip edilýär. Şolaryň hatarynda sanly bilim we emeli aň; Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde emeli aňyň ähmiýeti; emeli aňy milli bilim we ylym ulgamyna ornaşdyrmakda halkara tejribeler; sanlylaşdyrmak we emeli aň tehnologiýalary arkaly bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak; milli hünärmenleriň hünär ukyplaryny ýokarlandyrmakda emeli aň tehnologiýalarynyň ähmiýeti ýaly ugurlar bar.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň goldaw bermeginde Türkmenistanyň Hökümeti bilen ÝUNESKO-nyň arasynda baglaşylan Çarçuwaly ylalaşyk boýunça döredilen maksatlaýyn gaznanyň çäklerinde birnäçe taslamalary bu gaznanyň hasabyna maliýeleşdirmek teklip edilýär. Şolaryň arasynda «Biziň mirasymyz»; «Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk»; Türkmenistanda geoseýilgähi döretmek; gadymy Amul galasynyň goragyny berkitmek ýaly taslamalar bar. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň BMG we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bilen netijeli gatnaşyklary dowam etdirmek maksady bilen taýýarlanan teklipleri makullady hem-de wise-premýer, daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Mejlisiň dowamynda ata-babalarymyzyň wesýet eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerip, Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow iş kesilen 247 raýatyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli günäsini geçmek baradaky Permana, şeýle hem Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny döwlet tarapyndan hasaba almagyň Tertibini tassyklamak hakynda Karara gol çekdi.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly şu aýdaky soňky mejlisiniň geçirilýändigini aýdyp, 1-nji awgustdan başlap oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryndan hem-de welaýat häkimlerinden beýleki ýolbaşçylaryň zähmet rugsadynyň başlanýandygy bilen baglylykda, ýolbaşçylaryň ýurdumyzyň şypahanalarynda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda saglygyny berkidip, dynç alyp biljekdiklerini belledi. Halkara çäreleriň geçýändigi bilen baglylykda, käbir ýolbaşçylaryň zähmet rugsady döwründe guramaçylyk işine hem gatnaşjakdygyny aýdan döwlet Baştutanymyz ýolbaşçylaryň ählisine zähmet rugsady döwründe gowy dynç almagy arzuw etdi.

25-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Szi Şumini kabul etdi. Diplomat döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Bellenilişi ýaly, Hytaýda dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolýan Türkmenistanyň öňe sürýän möhüm halkara başlangyçlaryna ýokary baha berilýär. Nygtalyşy ýaly, ykdysady ulgam ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Uzak ýyllaryň dowamynda Hytaý Türkmenistanyň esasy söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşy bolup durýar. Ýangyç-energetika pudagy-da ykdysady hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý gaz geçirijisi ikitaraplaýyn özara bähbitli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysalydyr. Şeýle hem Türkmenistan «Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek» strategiýasynyň we Hytaýyň «Bir guşak, bir ýol» başlangyjynyň mundan beýläk-de utgaşdyrylmagy ugrunda çykyş edýär. Medeni-ynsanperwer ulgamyň hem türkmen-hytaý döwletara hyzmatdaşlygynyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygy, şunda ylym-bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamlarynda gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagyna aýratyn üns berilýändigi bellenildi.

Geçen hepdede türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Gahryman Arkadagymyz dostlukly döwletiň Baştutanyny doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de özbek Liderine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamyny we tüýs ýürekden gutlaglaryny ýetirdi.

Nygtalyşy ýaly, syýasy-diplomatik ulgamda Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda işjeň hem-de ynanyşmak ýagdaýyna esaslanýan hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Söwda-ykdysady ulgamda özara haryt dolanyşygyny artdyrmak, işewürler toparlarynyň arasynda berk gatnaşyklary ýola goýmak, sebitara hereketler we senagat taýdan goşulyşmak boýunça maksada okgunly işleriň alnyp barylýandygy nygtaldy. Söhbetdeşler özara gyzyklanma bildirilýän halkara we sebit gün tertibiniň meseleleri boýunça hem pikir alyşdylar.

Geçen hepdäniň wakalary baradaky syny dowam edip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde awgust aýynyň başynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny ýokary derejede geçirmek babatda guramaçylyk döwlet toparynyň alyp barýan taýýarlyk işleriniň ýagdaýy bilen tanşandygyny bellemek gerek.

Saparyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz ýolagçylary gatnatmak we ulag-logistika ýüklerini geçirmek üçin uly kuwwata eýe bolan Türkmenbaşy Halkara howa menziliniň enjamlaşdyrylyşy bilen tanyşdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, hususan-da, halkara gatnawlaryň ýolagçy terminalynda, pasport gözegçilik nokadynda bolup, howa menziliniň gümrük-geçiriş nokadyndan geçdi we bu ýerde döredilen döwrebap şertler bilen tanyşdy hem-de Türkmenbaşy Halkara howa menziline gelip gowşan täze hojalyk tehnikalaryny synlady. Hormatly Arkadagymyz ýokary tizlikli sport awtoulagynda howa menziliniň uçuş-gonuş zolagynyň tekizligini, uçarlaryň uçmagy we gonmagy üçin amatlylyk ýagdaýyny synagdan geçirdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek giň gerimli forumyň çäklerinde dürli medeni çäreleriň guraljak ýerinde bolup, alnyp barylýan gurluşyk işleriniň barşy bilen tanyşdy. Gahryman Arkadagymyz maslahatyň ähmiýeti barada aýdyp, taýýarlyk işleriniň ähli tapgyrlarynda toplumlaýyn çemeleşmäniň zerurdygyny belledi.

Milli Liderimiz Hazar deňzinde gämili ýüzüşi amala aşyryp, onuň dowamynda ýurdumyzyň deňiz çäklerinde, aýratyn-da, halkara forumyň geçiriljek döwründe tertip-düzgüniň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrjak dürli görnüşli gämileriň aýratynlyklary bilen tanyşdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde iş maslahatyny geçirdi. Onda BMG-niň öňde boljak maslahatyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek bilen bagly meselelere seredildi. Gahryman Arkadagymyz häzirki wagtda maslahata taýýarlyk görmegiň çäklerinde ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan degişli işleriň alnyp barylýandygyna ünsi çekdi. Iş maslahatyna gatnaşyjylar bu ugurda öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek ugrunda ähli gujur-gaýratlaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

26-njy iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň çäklerinde gurulýan dürli maksatly binalaryň, ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy we degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Saparyň dowamynda Milli Liderimiz şäheriň çäginde gurluşygy güýçli depginde dowam edýän desgalary, aýratyn-da, Arkadag şäheriniň metjidini synlady.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň okgunly häsiýeti barada hemmetaraplaýyn düşünje berýär. Durmuşa geçirilýän özgertmeleriň esasynda häzirki wagtda Türkmenistanyň dünýä bileleşigi bilen işjeň hyzmatdaşlygynyň durnukly ösýän ulgamy kemala getirilýär. Şunlukda, halkymyzyň durmuş derejesini yzygiderli gowulandyrmaga gönükdirilen “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen asylly ýörelge depginli amala aşyrylýan işleriň netijesinde üstünlikli dabaralandyrylýar.

Soňky habarlar
28.07
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 96 million 517 müň dollaryndan gowrak boldy
27.07
Durmuş-ykdysady özgertmeler — Watanymyzyň gülläp ösüşiniň binýady
26.07
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
25.07
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.07
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
25.07
Hormatly Prezidentimiz “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” mynasybetli günäsini geçmek baradaky Permana gol çekdi
25.07
Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny döwlet tarapyndan hasaba almagyň Tertibi tassyklanyldy
24.07
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
24.07
Dokma senagaty — milli ykdysadyýetiň möhüm pudaklarynyň biri
24.07
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
top-arrow