Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Medeni diplomatiýa — dostlugyň we hyzmatdaşlygyň nyşany
Medeniýet
Medeni diplomatiýa — dostlugyň we hyzmatdaşlygyň nyşany
Çap edildi 28.07.2025
142

Şu ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň çäklerindäki mazmunlaýyn çärelere bagyşlanan makalalar toplumyny dowam etmek bilen, Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygynyň geriminiň ähli ulgamlarda barha giňeldilýändigini bellemek gerek. Şunda medeniýet ulgamy hem möhüm ugurlaryň biri bolup durýar.

Şu ýylyň 4-nji iýulynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz «Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmek hakynda» Karara gol çekdi hem-de zerur bolan degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Mälim bolşy ýaly, sebitiň we dünýäniň döwletleri bilen dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek, köptaraply gatnaşyklary giňeltmek, Watanymyzyň halkara abraýyny pugtalandyrmak maksady bilen, ýurdumyz ählumumy ähmiýetli başlangyçlary öňe sürmek arkaly döwlet strategiýasynda medeni diplomatiýanyň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanýar. 2024-nji ýylyň 21-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi ýurdumyzyň halkara giňişlikde parahatçylyk medeniýetini we ynanyşmak dialogyny ilerletmek boýunça yzygiderli tagalla edýändigini aýdyň görkezen waka boldy. Türkmenistanyň bu başlangyjy BMG-niň Tertipnamasynyň ýörelgeleri we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalary esasynda, dünýä ösüşiniň häzirki ýagdaýlarynydyr meýillerini nazara almak bilen, Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamaga gönükdirilendir.

Baş Assambleýanyň 79-njy sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde şu ýylyň awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň geçirilmeginiň degişli Kararnama bilen tassyklanylmagy-da Türkmenistanyň başlangyçlarynyň giň halkara goldawa eýe bolýandygyna güwä geçýär. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 30 ýyllygyna, BMG-niň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygyna beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Hazaryň türkmen kenarynda möhüm maslahatyň, onuň çäklerinde ugurdaş çäreleriň geçirilmegi Watanymyzyň täze taryhynda möhüm waka bolar. Bu forum gatnaşyjy ýurtlaryň syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň täze derejä çykarylmagyna ýardam etmäge gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän oňyn Bitaraplyk syýasatynyň aýrylmaz bölegi bolan medeni diplomatiýa parahatçylygyň, dostlugyň, özara düşünişmegiň, belent maksatlaryň we ynsanperwer ýörelgeleriň dabaralanýandygynyň nyşany hökmünde nurana geljegiň hatyrasyna halklary özara birleşdirýär. Hut şu ýörelgeler “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli günleriniň hormatyna guralmagy meýilleşdirilýän dostluk konsertiniň, milli tagamlaryň festiwalynyň maksatnamasynyň hem binýadynda duran esasy pikirdir.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow milli medeniýetimizi ösdürmegiň möhüm ugurlaryna ünsi çekip, bu işe döredijilikli çemeleşmäniň onuň esasy şerti bolmalydygyny nygtaýar. Munuň özi halkyň durmuşynyň ruhy mazmun taýdan baýlaşmagyna getirip, watandaşlarymyzy belent sepgitlere, üstünliklere ruhlandyrmak bilen, olaryň öňünde täze gözýetimleri açýar. Bu günki gün okgunly ösüş tapgyryna gadam basan milli medeniýetimiz häzirki zaman ýörelgeleri we nusgalary özüne birleşdirýär. Şunda ýurdumyzda amala aşyrylýan ähli oňyn özgertmeleriň wajyp binýadyny emele getirýän taryhy-medeni mirasymyz aýawly saklanylýar. Hut şu nukdaýnazardan, halkymyzyň medeniýetini halkara derejede giňden wagyz etmek, daşary ýurtlaryň wekilleri bilen medeni dialogy işjeňleşdirmek hem-de döredijilik gatnaşyklaryny giňeltmek boýunça işler alnyp barylýar. Köp sanly döwletleriň Medeniýet günleri, halkara aýdym-saz we teatr festiwallary, geçmiş taryha, milli mirasa bagyşlanan ylmy maslahatlardyr forumlar bu ugurda alnyp barylýan giň gerimli işleriň bir bölegidir.

Ýeri gelende bellesek, 24-nji iýulda Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny ýokary derejede geçirmek maksady bilen döredilen guramaçylyk döwlet topary tarapyndan ýerine ýetirilýän taýýarlyk işleriniň barşy bilen tanyşdy. Gahryman Arkadagymyz forumyň çäklerinde guraljak medeni-ynsanperwer çäreleriň, aýratyn-da, dostluk konsertiniň, milli tagamlaryň festiwalynyň guramaçylyk derejesine uly ähmiýet berilmelidigini belledi we bu babatda öz maslahatlaryny berdi. Merkezi Aziýa döwletleriniň medeniýet we sungat ussatlaryny bir sahnada jemlejek dabaraly konsert maslahatyň medeni maksatnamasynyň esasy çäreleriniň biri bolar. Gatnaşyjy ýurtlaryň milli aýdym-sazlary, tanslarydyr lybaslary gaýtalanmajak öwüşgine baýdygyny görkezer. Jebisligiň we köpdürlüligiň nyşanyna öwrüljek bu çäredäki her bir çykyş halklarymyzyň taryhyny, ruhy gymmatlyklaryny, däp-dessurlaryny şöhlelendirer. Medeni alyşmalaryň çäklerinde sungat gatnaşyklary işjeňleşip, özara düşünişmek ýörelgeleri pugtalanýar, dostluk gatnaşyklarynyň berk binýady goýlar. Konsert Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ugurdaş düzümleriniň işgärleriniň hyzmatdaşlygy we sebitde medeni gatnaşyklaryň uzak möhletleýin esasda ösdürilmegi üçin hem esas bolup hyzmat eder.

Milli tagamlaryň festiwaly abadançylygy we halklaryň bitewüligini görkezmek maksady bilen, Awazanyň ajaýyp künjeginde dürli döwletleriň wekillerini bir supranyň başynda jemlär. Merkezi Aziýa halklarynyň aşhanasy çäk taýdan ýerleşişiniň, taryhy we medeni şertleriň täsirinden dörän aşpezlik däpleriniň köpasyrlyk ulgamyny özünde jemleýär. Beýik Ýüpek ýolunyň kesişýän ýerinde ýerleşýän sebit ýurtlary — Türkmenistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan we Özbegistan umumy gymmatlyklara, şol bir wagtda aşhana medeniýetinde gaýtalanmajak aýratynlyklara eýedirler. Köp asyrlaryň dowamynda myhmansöýer halkymyzyň medeniýetiniň aýrylmaz bölegini emele getirýän aşpezlik usullarynda taýýarlanylýan türkmen aşhanasynyň milli tagamlary-da, edil beýleki gymmatlyklar ýaly, dünýäniň medeni gymmatlyklarynyň hazynasyna mynasyp goşantdyr.

Türkmen halky dost-doganlyk, parahatçylyk, raýdaşlyk ýörelgelerine aýratyn many-mazmun berýär. Hatda milli aşhana medeniýetinde hem tebigaty, çäk taýdan ýerleşişi, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halklarynyň maddy we medeni derejesi bilen bagly özboluşlylyklar aýratyn göze ilýär. “Türkmen saçagy” diýen düşünje “türkmen bedewleri”, “türkmen halylary”, “türkmen gawunlary” ýaly düşünjeler bilen utgaşyp, köpasyrlyk şöhratly ýörelgeleri özünde jemleýär hem-de halkymyzyň sahylygynyň, myhmansöýerliginiň ajaýyp nyşanyna öwrüldi.

Milli aşpezlik sungaty islendik ýurduň medeniýeti öwrenilende uly gyzyklanma eýe bolýan mowzuklaryň biridir. Onda milletiň durmuş däp-dessurlary, aýratynlyklary öz beýanyny tapýar. Gündogar halklary hemişe duz-çörekliligi bilen bellidir, olar myhmanlary öýüň töründe oturdyp, iň lezzetli tagamlary hödürläpdirler. Şoňa görä-de, islendik halkyň medeniýetine has ýakyndan aralaşmagyň iň gysga ýoly milli aýratynlyklary beýan etmegiň täsirli serişdesi bolan aşhana sungatyna-da degişlidir. Şu nukdaýnazardan, milli tagamlaryň festiwaly gatnaşyjylara Merkezi Aziýa ýurtlarynyň aşhana mirasy bilen ýakyndan tanyşmak mümkinçiligini hödürlär. Milli aşhanalaryň tagamlary we lezzeti myhmansöýerligi, her bir medeniýetiň gaýtalanmajak özboluşlylygyny şöhlelendirmek bilen, özara gatnaşyk etmegiň ýene-de bir aýratyn ugruna öwrüler.

Öňde boljak maslahatyň çäklerinde şeýle çäreleriň guralmagy Türkmenistanyň BMG-niň ýörelgelerine we maksatlaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny aýdyň görkezýär. Halkara meýdançalarda geçirilýän medeni çäreler halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleriniň, ählumumy durnuklylygy üpjün etmek boýunça tagallalarynyň özboluşly beýany bolup durýar. Munuň özi türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän “Açyk gapylar” syýasatynyň netijesinde mümkin boldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan halkara maslahatlary, festiwallardyr iri forumlary guramak üçin meýdançalary döretmek ugrunda işjeň çykyş edýär.

2023-nji ýylda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Eýrandan, Hindistandan, Gazagystandan, Hytaýdan, Täjigistandan, Russiýadan, Rumyniýadan, Özbegistandan aýdym-saz, tans toparlarynyň gatnaşmagynda “Awaza — 2023” atly halkara tans we folklor festiwaly, «Folklor döredijiliginiň we halk tansynyň dessurlary» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahatyň çäklerinde döredijilik duşuşyklary, horeografiýa boýunça ussatlyk sapaklary guraldy. Şeýle hem şol ýylyň oktýabrynda Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda «Arkadagyň säheri» atly halkara kinofestiwal geçirildi. Onda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň kinematograflary tarapyndan düşürilen filmler görkezildi. Türkmenistanda ilkinji gezek geçirilen bu çäre medeni gatnaşyklary has-da berkitmek bilen, Merkezi Aziýa döwletleriniň döredijilik işgärleriniň we toparlarynyň arasyndaky özara gatnaşyklary baýlaşdyrmak, Arkadag şäherini dünýä jemgyýetçiligine tanyşdyrmak üçin hem ajaýyp mümkinçilik boldy.

2023-nji ýylyň noýabrynda paýtagtymyzda Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň meşhur drama, sazly, ýaşlar teatrlarynyň, döredijilik toparlarynyň, sahna sungaty boýunça hünärmenleriniň gatnaşmagynda «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwal geçirildi. Onuň çäklerinde ýurdumyzyň teatrlary birnäçe günläp dostlukly döwletleriň sahna sungatynyň ussatlaryny kabul etdi. Sahna eserleriniň ählisi aktýorçylyk, režissýorlyk, keşpleri janlandyrmak taýdan tomaşaça ýetirmegiň görnüşine garamazdan, arassa duýgulara, çuňňur özboluşlylyga, keşpleriň ynandyryjy ýerine ýetirilişine beslenendigi, hiç wagt gymmatyny ýitirmejek ynsaplylyk, borç, söýgi we dostluk, wyždan arassalygy, adam mertebesi, ýaşaýşyň manysynyň gözlegi ýaly mowzuklar bilen berk baglanyşýandygy bilen tapawutlandy.

Özara gatnaşyk etmegiň netijeli serişdesi bolup durýan medeniýet we sungat ýurtlarydyr halklary parahatçylyga, gözellige, sazlaşyga, umumy abadançylygyň bähbidine gülläp ösüşe goşant goşmak maksadynda jebisleşdirip, olaryň ýakynlaşmagyna ýardam berýär. Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň II teatr festiwaly, “Gorkut ata” halkara kinofestiwaly, şeýle-de Türkmenistanda Wena ballarynyň we beýleki çäreleriň geçirilmeginiň asylly däbe öwrülmegi-de munuň aýdyň mysalydyr. Şu ýylyň maýynda Aşgabatda «Parahatçylyk sazy» atly halkara festiwalyň geçirilmegi ýurdumyzyň netijeli daşary syýasatynyň möhüm bölegini düzýän medeni diplomatiýanyň çäklerinde giň gerimli işleriň durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky güwäsi boldy. 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” şygaryna hem-de ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanan döredijilik çäresine Russiýadan, Hytaýdan, Fransiýadan, Eýrandan, Ermenistandan, Azerbaýjandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan kompozitorlar, dirižýorlar, iň gowy opera aýdymçylarydyr sazandalar gatnaşdylar.

2025-nji ýylyň 4-nji iýunynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Eýrandan, Hindistandan, Täjigistandan, Özbegistandan medeniýet we sungat işgärleriniň gatnaşmagynda «Awaza — dostluk mekany» atly halkara tans we folklor festiwaly hem geçirildi. Halkara çäre dünýä halklaryny türkmen milli tans we gadymy folklor sungaty bilen tanyşdyrmaga, medeniýetleriň arasyndaky gatnaşyklaryň giňeldilmegine şert döretdi.

Diýarymyzda asyrlaryň çuňlugyna uzaýan milli mirasy we häzirki zaman gazananlary bilen sebitde giň medeni hyzmatdaşlygyň merkezi hökmünde ýurdumyzyň özboluşly taryhy-medeni mirasyny, sungatyny wagyz etmek boýunça işjeň tagallalar durmuşa geçirilýär. Halkymyzyň ruhy-intellektual kuwwatyny berkitmäge gönükdirilen syýasatyň netijesinde medeniýet ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, taryhy-medeni, tebigy ýadygärlikleri aýawly saklamak hem-de düýpli öwrenmek boýunça anyk çäreler görülýär.

Mälim bolşy ýaly, baý medeni mirasymyz halkymyzyň nesilden-nesle geçirip gelýän gaýtalanmajak maddy we ruhy gymmatlyklarynyň bitewi ulgamydyr. Hut şoňa görä-de, döwletimiz Birleşen Milletler Guramasynyň düzümleri, hususan-da, ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy ösdürýär. Türkmenistan 1993-nji ýyldan bäri bu guramanyň doly hukukly agzasydyr. BMG-niň bu iri ýöriteleşdirilen düzümi medeni ýadygärlikleri hem-de tebigy landşaftlary goramak boýunça halkara işlerde möhüm orny eýelemek bilen, umumadamzat gymmatlyklara hormat goýmaga esaslanýan açyk dialog üçin şertleri döretmek ugrunda tagalla edýär. ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň hereket etmegi hem uzak möhletleýin geljege gönükdirilen gatnaşyklara uly ähmiýet berilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Soňky döwürde BMG-niň bu ugurdaş düzümi bilen däp bolan hyzmatdaşlyk hil taýdan täze derejä çykyp, täze mazmun bilen yzygiderli baýlaşdyrylýar. Türkmenistan bilelikdäki işiň köpýyllyk oňyn tejribesine daýanmak bilen, ÝUNESKO bilen mundan beýläk-de işjeň hyzmatdaşlyk etmegi maksat edinýär. Munuň üçin uly mümkinçilikler we zerur hukuk binýady bar. ÝUNESKO-nyň esas goýujy halkara resminamalaryna goşulmak bilen, ýurdumyz öz üstüne alan borçnamalaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny görkezip gelýär. Şeýle resminamalaryň hatarynda bütindünýä medeni we tebigy mirasy goramak hakynda, maddy däl medeni mirasy goramak hakynda Konwensiýalary görkezmek bolar.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň taryhyna göz aýlamak bilen, Türkmenistanyň çäginde köp sanly täsin taryhy-medeni desgalaryň ýüze çykarylandygyny we hasaba alnandygyny bellemek gerek. Bu desgalaryň ählisi döwlet gözegçiliginde aýawly saklanylýar. Ýurdumyzyň alymlary ÝUNESKO-nyň bilermenleriniň, daşary ýurtly hünärmenleriň gatnaşmagynda olarda degişli ylmy-barlag işlerini geçirýärler. Şunuň bilen baglylykda, Gadymy Merwiň, Köneürgenjiň ýadygärlikleri, Nusaýyň Parfiýa galalary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasy we Täjigistan Respublikasy bilen bilelikdäki teklibi esasynda «Beýik Ýüpek ýoly: Zerewşan — Garagum geçelgesi» atly transmilli köptaraplaýyn hödürnama hem bu abraýly sanawa goşuldy. Ýurdumyzyň orta mekdepleriniň birnäçesi ÝUNESKO-nyň Assosirlenen mekdepleriniň toruna girizildi. Bu ulgam parahatçylyk döredijilik we ynsanperwer gymmatlyklary ilerletmek, netijeli medeniýetara dialogy ösdürmek ýaly umumy maksatlaryň daşyna dünýäniň bilim edaralaryny birleşdirýär. Şeýle-de Türkmenistanda «Adam we biosfera» maksatnamasy boýunça milli komitet esaslandyrylyp, onuň durmuşa geçirilmegi babatda anyk işler ýerine ýetirildi.

Şeýlelikde, awgust aýynyň başynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän ähli mazmunlaýyn çäreler, şol sanda dostluk konserti, milli tagamlaryň festiwaly medeni alyşmalaryň, halklaryň bitewülik güýjüniň ähmiýeti hem-de Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerine ygrarlydygy barada dünýä jemgyýetçiligini tanyşdyrmaga ýardam eder.

Soňky habarlar
28.07
Medeni diplomatiýa — dostlugyň we hyzmatdaşlygyň nyşany
28.07
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 96 million 517 müň dollaryndan gowrak boldy
27.07
Durmuş-ykdysady özgertmeler — Watanymyzyň gülläp ösüşiniň binýady
26.07
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
25.07
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.07
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
25.07
Hormatly Prezidentimiz “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” mynasybetli günäsini geçmek baradaky Permana gol çekdi
25.07
Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny döwlet tarapyndan hasaba almagyň Tertibi tassyklanyldy
24.07
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
24.07
Dokma senagaty — milli ykdysadyýetiň möhüm pudaklarynyň biri
top-arrow