Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Hyzmatdaşlyk arkaly ösüş Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň esasy mazmunyny kesgitlär
Ykdysadyýet
Hyzmatdaşlyk arkaly ösüş Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň esasy mazmunyny kesgitlär
Çap edildi 31.07.2025
196

Ýene sanlyja günden Türkmenistan BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny — dürli yklymlarda ýerleşýän 32 döwletde ýaşaýan 570 milliondan gowrak adamyň durmuşyndaky özgertmeler bilen baglanyşykly dünýä ähmiýetli çäräni kabul eder. Bu ýurtlara mahsus çäk taýdan üzňeligi ýeňip geçmek, maýa goýumlara, dünýäniň ykdysadyýetine we söwda bazaryna goşulyşmaga elýeterliligi giňeltmek babatdaky meseleleri çözmek bütin adamzat üçin ýetilmeli umumy sepgitler bilen berk baglanyşyklydyr. BMG-niň her on ýyldan bir gezek geçirilýän bu maslahaty deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ösüşinde gazanylan üstünlikleri seljermek, geljek onýyllyk üçin Hereketler maksatnamasyny kesgitlemek üçin möhüm meýdança öwrüler.

BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar (DÇBÖBÝ) boýunça birinji maslahaty 2003-nji ýylyň awgustynda Gazagystanyň Almaty şäherinde geçirilipdi. Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar bilen ösýän üstaşyr döwletleriň arasynda üstaşyr daşamalar ulgamynda hyzmatdaşlyk üçin täze ählumumy çäklerde bu döwletlere mahsus zerurlyklary kanagatlandyrmak şol forumyň esasy mowzugy bolupdy. Onuň jemleri boýunça kabul edilen Hereketleriň Almaty maksatnamasy DÇBÖBÝ-niň halkara derejede ýüzbe-ýüz bolýan guryýer arkaly gurşalmagy bilen bagly we beýleki meselelerini açyp görkezdi hem-de olaryň BMG-niň ösüş babatda ählumumy maslahatlaryndaky çözgütler bilen aýrylmaz baglanyşygy bolan makroykdysady ýagdaýy gowulandyrmak üçin wezipeleri kesgitledi.

2014-nji ýylyň noýabrynda Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça ikinji maslahatynda on ýyla niýetlenen Hereketleriň Almaty maksatnamasynyň durmuşa geçirilişine toplumlaýyn baha berildi. Bu forum ösüş babatda çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlara mahsus zerurlyklary kanagatlandyrmaga, olaryň öňünde duran meseleleri çözmäge ählumumy ygrarlylygy tassyklap, bu ýurtlaryň bähbitlerine laýyk gelýän çäreleri görmekde hem-de goldaw bermekde halkara bileleşigiň herekete geçmegine ýardam etdi. Şunuň bilen birlikde, ösüş üçin geljek onýyllyga niýetlenen täzelenen Çarçuwaly hyzmatdaşlyk maksatnamasy bolan 2014 — 2024-nji ýyllar üçin Hereketleriň Wena maksatnamasy kabul edildi. Ol adalatly we bäsdeşlige ukyply şertlerde DÇBÖBÝ-niň halkara söwda amallaryna gatnaşmak mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilendir. Bu resminama infrastrukturalary ösdürmekde, üstaşyr we söwda amallaryny ýeňilleşdirmekde, üstaşyr çykdajylary azaltmakda, täze Hereketler maksatnamasynyň üstünlikli amala aşyrylmagyna netijeli gözegçilik etmekde dünýä bileleşigi tarapyndan berilýän kömek-goldawlary özünde jemleýär.

2025-nji ýylyň 11-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde nobatdaky üçünji forumyň şu ýylyň awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegini göz öňünde tutýan «BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmegiň tertibine goşmaça maglumat» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Bu çözgüt Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň strategik häsiýete eýediginiň aýdyň mysaly, ýurdumyzyň halkara abraýynyň we dünýä ähmiýetli işlere işjeň gatnaşmagynyň ykrarnamasy boldy. Munuň özi şu ýyl BMG tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň 30 ýyllygyny belleýän ýurdumyzyň türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan daşary syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini alamatlandyrýar. Şol syýasat bolsa durnukly ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge, hemmeler üçin adalatly we abadan geljegi gurmaga gönükdirilendir.

Ählumumy ykdysadyýetiň, söwda we maýa goýum gatnaşyklarynyň bölünmegini, dünýäniň üstaşyr ulag ulgamynyň tertibiniň üýtgemegini öz içine alýan geosyýasy durnuksyzlygyň barha ýitileşýän häzirki şertlerinde BMG-niň bu maslahaty deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň öňünde täze döreýän meselelere jogap tapmagy, olaryň ösüşi üçin ugurlary agtarmagy we dünýä ykdysadyýetine goşulyşmagy üçin halkara bileleşigiň tagallalaryny işjeňleşdirmegi maksat edinýär. “Hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny goldamak arkaly ösüşe ýardam bermek” öňde boljak forumyň esasy mowzugydyr. Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň söwda, syýahatçylyk, maýa goýum meselelerinde köp babatda goňşularyna garaşly bolýandygy sebäpli, hyzmatdaşlyk olar üçin uly ähmiýete eýedir. Hyzmatdaşlygyň binýadynda duran ynanyşmak ýörelgesiniň parahatçylygy we ösüşi üpjün etmekdäki möhüm ähmiýeti bolsa BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul eden “2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamasynda hem aýratyn nygtalýar.

Awaza forumy infrastrukturalary ösdürmek, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak maksady bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, tejribe alyşmaga, innowasion çözgütleri tapmaga hem-de serişdeleri çekmäge gönükdiriler. BMG-niň resmi web saýtyndaky maglumatlarda bellenilişi ýaly, bu maslahatda DÇBÖBÝ-niň mümkinçiliklerini ýüze çykarmaga ýardam bermek maksady bilen, her biriniň özbaşdak garaýşy we innowasion çözgütleri bolan dürli toparlar bilen hem işjeň çäreler alnyp barlar.

Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklaryny ýeňip geçmekde strategiýalary ara alyp maslahatlaşmaga we işläp düzmäge köp sanly gyzyklanma bildirýän taraplar öz goşantlaryny goşup bilerler. Şunlukda, BMG-niň wekilçilikli maslahatyna raýat jemgyýetiniň gatnaşmagyna ýerli derejeli subýektleriň garaýyşlaryny giň köpçülige ýetirmäge, abadançylygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde DÇBÖBÝ-niň kuwwatyndan peýdalanmak üçin bu ýurtlaryň ykdysadyýetini ösdürmäge ýardam bermek boýunça täze çäreler toplumyny kabul etmek babatda goldawlary çekmäge mümkinçilik berýän esasy şert hökmünde garalýar. Deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar üçin bazarlara elýeterliligi üpjün etmegiň ýollaryny kesgitlemäge gönükdirilen Hereketler maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine hususy pudagyň işjeň gatnaşmagy möhüm ähmiýete eýe bolar.

Birleşen Milletler Guramasynyň maglumatlaryna görä, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar 570 milliondan gowrak adamy bolan ösýän bazary özünde jemleýär. Çaklamalara görä, bu görkeziji 2060-njy ýyla çenli 1 milliarddan geçer. Häzirki wagtda bu bazaryň göwrümi 836 milliard amerikan dollary möçberinde bahalandyrylýar. Bu ýurtlardaky telekeçilik işi ýerli talaplary we ýagdaýlary hasaba alyp, ykdysady mümkinçilikleri döretmäge täze itergi bermegiň çeşmesi bolup hyzmat edip biler. Transmilli kompaniýalaryň maýa goýum işine, halkara söwda amallaryna gatnaşmagy arkaly DÇBÖBÝ ählumumy we sebit önümçilik-üpjünçilik zynjyrlaryna goşulyşyp bilerler.

BMG halkara derejeli çözgütleriň işlenip taýýarlanylmagynda ýaşlaryň pikir-garaýyşlarynyň, teklipleriniň hasaba alynmagynyň möhümdigini ykrar edýär. Şunuň bilen baglylykda, Awaza forumyna ýaşlaryň çekilmegi olarda öz ýurtlaryndaky we sebitlerindäki oňyn üýtgeşmelere dahyllylyk duýgusyny oýarmaga, şeýle özgerişlikler üçin jogapkärçiligi artdyrmaga-da ýardam eder. Maslahatyň çäklerinde DÇBÖBÝ-niň parlament ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň gatnaşmagynda parlament forumy geçiriler. Ol Hereketler maksatnamasyny ilerletmek üçin dialogy ösdürmäge gönükdirilendir. Onuň jemleri boýunça deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň geljek onýyllykda durnukly ösüşine ýardam bermek maksady bilen, degişli resminamanyň kabul edilmegi göz öňünde tutulýar.

BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň maksatnamasynyň köpçülige ýetirilen deslapky taslamasynda açylyş dabarasyndan öňinçä birnäçe çäreleriň guralmagy göz öňünde tutulýar. Hususan-da, 4-nji awgustda raýat jemgyýetiniň forumynyň hem-de ýaşlar we parlament forumlarynyň açylyş dabaralaryny geçirmek bellenilen. Hususy pudagyň forumyny hem-de ýaşlaryň arasyndaky dialogy bolsa 5-nji awgustda geçirmek meýilleşdirilýär. Şeýle-de maslahatyň çäklerinde zenan ýolbaşçylaryň duşuşygy we beýleki ugurdaş çäreler guralar.

Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty geçirmek babatda ylalaşmalar hakynda Ylalaşyga laýyklykda, BMG-niň degişli düzümleriniň gatnaşmagynda bu maslahaty ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça giň gerimli işler alnyp baryldy. Döwlet Baştutanymyzyň 4-nji iýulda gol çeken degişli Karary hem şu wezipelere gönükdirilendir. Şunda 13-nji iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hökümet agzalarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda guramaçylyk döwlet toparynyň maslahatyny geçirendigini bellemelidiris. Onda giň gerimli halkara çärelere taýýarlyk görmegiň we olary geçirmegiň dürli ugurlaryna garaldy hem-de alnyp barlan işlere baha berlip, öňde durýan wezipeler kesgitlenildi.

Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, maslahatyň çäklerinde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurly köp sanly çäreleriň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Geçiriljek çäreler 7 sany esasy ugry, ýokary derejeli forumlary, maslahata gatnaşjak ýurtlar, halkara guramalar we düzümler, şeýle-de ýurdumyz tarapyndan guraljak ugurdaş çäreleri öz içine alýar. Ýerüsti ulag we arabaglanyşyga, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, ýaşlar syýasatyna, durnukly energetika, sirkulýar ykdysadyýete bagyşlanan çäreler; tematik sergiler, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli günleri hem-de medeniýet we sungat ussatlarynyň dabaraly konserti şolaryň hataryndadyr. 18-nji iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde brifing geçirilip, onda bu giň gerimli çäräniň durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygy ilerletmekde netijeli meýdança boljakdygyna ynam bildirildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 24-nji iýulda Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny ýokary derejede geçirmek babatda guramaçylyk döwlet toparynyň alyp barýan taýýarlyk işleriniň ýagdaýy bilen ýakyndan tanşandygyny hem nygtamak gerek. Türkmen halkynyň Milli Lideri “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň köp sanly daşary ýurtly wekiliýetleri we myhmanlary kabul etmäge taýýarlyk derejesine baha bermegi Türkmenbaşy Halkara howa menziliniň döwrebap enjamlaşdyrylyşy, bu ýerde döredilen şertler we hödürlenilýän hyzmatlar bilen tanyşlykdan başlady. Howa menziliniň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak babatda geçirilen toplumlaýyn işler Awaza forumyna gatnaşyjylary türkmen myhmansöýerliginiň gadymdan gelýän däplerine laýyklykda garşylamaga mümkinçilik berýär. Halkara foruma taýýarlyk görmegiň çäklerinde Döwlet migrasiýa gullugynyň işini kämilleşdirmek, döwrebap migrasiýa hyzmatlaryny bermek üçin innowasion tejribäni yzygiderli ornaşdyrmak boýunça degişli işler geçirildi. Şunuň bilen birlikde, howa menziliniň çäklerinde ýerleşýän söwda nokatlarynda ýokary hilli hyzmatlary hödürlemek, daşary ýurtly myhmanlar üçin ýörite sowgatlyklary taýýarlamak babatda anyk çäreler görüldi.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenbaşy Halkara howa menziliniň uçuş-gonuş zolagynyň üstki gatlagynyň ýagdaýyny hem gözden geçirdi. Uçuş-gonuş zolagy döwrebaplaşdyrylanda howa gämileriniň howpsuz uçmagynyň we gonmagynyň üpjün edilmegi üçin innowasion çemeleşmelerden, dünýäniň öňdebaryjy tejribelerinden peýdalanyldy.

Mälim bolşy ýaly, soňky ýyllarda Hazaryň türkmen kenarynda dünýä ýurtlarynyň arasyndaky syýasy-diplomatik, ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary täze derejä çykarmakda uly ähmiýeti bolan halkara duşuşyklar, forumlar, konsertlerdir festiwallar yzygiderli geçirilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, guraljak dabaralar ýurtlaryň arasynda medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga, dostlukly halklaryň medeniýetinde we sungatynda gazanylan üstünlikler bilen ýakyndan tanyşmaga ýardam bermek bilen, foruma gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak ýatlamalary galdyrar.

Milli Liderimiz maslahatyň ähmiýeti barada aýdyp, taýýarlyk işleriniň ähli tapgyrlarynda toplumlaýyn çemeleşmäniň zerurdygyna ünsi çekdi. Bu babatdaky meseleler Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna saparynyň çäklerinde geçiren iş maslahatynyň hem esasy özenini düzdi. Hormatly Arkadagymyz häzirki wagtda foruma taýýarlyk görmegiň çäklerinde ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan degişli işleriň alnyp barylýandygyny nygtady. Maslahatda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň çäklerini abadanlaşdyrmak, daşary ýurtly myhmanlara lukmançylyk we söwda hyzmatlaryny hödürlemek üçin myhmanhanalarda zerur şertleri döretmek meselelerine-de garaldy. Şunuň bilen bir hatarda, forumy we onuň çäklerinde geçiriljek çäreleri giňden beýan etmek üçin internet serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagyna aýratyn üns berildi.

Umuman, şeýle wekilçilikli forumy kabul etmek ýurdumyz üçin belent mertebedir. BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmek hukugynyň Türkmenistana berilmegi Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň görkezijisidir.

Soňky habarlar
01.08
Türkmenistanyň hususy pudagy — innowasiýalara we durnukly ösüşe itergi berýän güýç
01.08
Türkmenistanyň Prezidenti Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidentini gutlady
31.07
Hyzmatdaşlyk arkaly ösüş Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň esasy mazmunyny kesgitlär
30.07
Türkmenistanyň Prezidenti Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy
30.07
Bagta rowan ýollar
29.07
Parlamentara dialog — parahatçylygy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýoly
28.07
Medeni diplomatiýa — dostlugyň we hyzmatdaşlygyň nyşany
28.07
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 96 million 517 müň dollaryndan gowrak boldy
27.07
Durmuş-ykdysady özgertmeler — Watanymyzyň gülläp ösüşiniň binýady
26.07
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
top-arrow