Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Durnukly ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlyk
Jemgyýet
Durnukly ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlyk
Çap edildi 07.08.2025
105

Şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler (DÇBÖBD) boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde “Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlerde durnukly ösüş maksadynda serişdeleri bermek we ugrukdyrmak hem-de ählumumy hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak” atly ýokary derejeli bäşinji “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlik geçirildi. BMG-niň Sekretariaty tarapyndan Türkmenistanyň Hökümeti bilen bilelikde guralan duşuşyga foruma gatnaşyjy ýurtlaryň wekiliýetleriniň hem-de abraýly halkara guramalaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.

“Tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşligiň gün tertibine deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň infrastruktura bolan isleglerini kanagatlandyrmak we olaryň ösüşini üpjün etmek üçin halkara maliýeleşdirmegiň innowasion gurallaryny kemala getirmek, halkara hyzmatdaşlygyň, pul geçirimleriniň orny, maýa goýumlar üçin amatly şertleri döretmegiň zerurlygy bilen bagly möhüm meseleleriň birnäçesi girizildi. Mälim bolşy ýaly, serişdeleri bermek we ugrukdyrmak, ählumumy hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ösüşi gazanmagyň möhüm ugry bolup durýar. BMG-niň durnukly ösüş ulgamynda 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň çäklerinde Durnukly ösüşiň 17-nji maksady ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegini, hiç bir ýurduň bu işden çetde galmazlygyny talap edýär. Munuň üçin dürli taraplaryň, şol sanda Hökümetleriň, hususy ulgamyň, raýat jemgyýetiniň tagallalaryny birleşdirmek zerur bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän, milli ykdysady ösüşe we onuň halkara ulgama ýakynlaşmagyna gönükdirilen döwlet syýasatynyň netijesinde ýurdumyzda giň gerimli maýa goýum taslamalary amala aşyrylýar. Tebigy serişdeleriň ägirt uly gorlaryna eýe bolan ýurdumyz ykdysadyýetiň energetika, himiýa senagaty, maşyngurluşyk, ulag, gurluşyk, oba hojalygy ýaly dürli pudaklaryna we beýleki ulgamlara maýa goýumlary işjeň çekýär hem-de beýleki ýurtlar, halkara guramalar, maliýe institutlary bilen gatnaşyklary ösdürýär.

Ara alyp maslahatlaşmalaryň barşynda halkara bilermenler Durnukly ösüş maksatlaryna üstünlikli ýetmek üçin ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmagyň hasabyna durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmegiň, zähmet öndürijiligini, serişdeleri ulanmagyň netijeliligini, bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrmagyň, düzümleýin özgertmeleri amala aşyrmagyň, amatly maýa goýum ýagdaýyny döretmegiň, halkara söwda amallaryna we maliýe ulgamyna işjeň gatnaşmagyň zerurdygyny nygtadylar. Türkmenistanda-da durnukly ösüş üçin ählumumy hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen, infrastrukturany ösdürmäge, önümçiligi artdyrmak, innowasion pudaklary ösdürmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak üçin öňdebaryjy tehnologiýalary we nou-haulary çekmäge, bilim, saglygy goraýyş, daşky gurşawy goramak ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen döwlet maksatnamalary durmuşa geçirilýär. Bilim we işgärleri taýýarlamak ulgamyna maýa goýumlary gönükdirmek ýurdumyza özüniň adam maýasyny artdyrmaga, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.

“Tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlige gatnaşyjylar içerki serişdeleriň gönükdirilmeginiň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlerde möhüm ähmiýetli taslamalary durnukly maliýeleşdirmek üçin örän wajypdygyny bellediler. Şu maksatlar bilen, DÇBÖBD üçin salgyt binýadyny giňeltmek, salgytlary ýygnamagyň ulgamyny gowulandyrmak, onuň netijeliligini ýokarlandyrmak zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ösüş boýunça hyzmatdaşlar ykdysady kuwwaty artdyrmakda tehniki taýdan kömek we goldaw bermelidirler. Şeýle-de maliýeleşdirmegiň ýetmezçiligi bilen bagly meseläni çözmekde durnukly ösüşe ýardam bermek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ösüş maksadynda resmi kömegiň (ÖMRK) möhüm orun eýeleýändigi bellenildi. Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasyna laýyklykda ÖMRK-ni ep-esli artdyrmak mümkinçiligine garamak zerurdyr.

Çykyş edenleriň nygtaýyşlary ýaly, tebigy serişdelere gönükdirilen göni daşary ýurt maýa goýumlarynyň akymlary, pul geçirimleri DÇBÖBD-niň durmuş we ykdysady taýdan ösmeginde aýratyn ähmiýete eýedir. Pul geçirimleri deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlerde düzümleýin özgertmeleriň amala aşyrylmagyna hem-de telekeçiligiň ösdürilmegine ýardam edýär. Duşuşykda agzalan ýurtlarda karz bilen bagly meselelerde netijeliligi üpjün etmek boýunça pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, karz bermek tejribesiniň ilerledilmegini, gyzyklanma bildirýän degişli taraplaryň ählisiniň, şol sanda döwlet we hususy karz berijileriň, halkara maliýe institutlarynyň gatnaşmagyny höweslendirmegi göz öňünde tutýan toplumlaýyn we maksadalaýyk çemeleşmeleri kabul etmegiň wajypdygy bellenildi. Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynda bu meseleleri çözmegiň maksatlary, maliýeleşdirmegiň däp bolan we innowasion çeşmeleriniň hasabyna DÇBÖBD-ni goldamak babatda ösüşi maliýeleşdirmegiň möçberlerini artdyrmak, olaryň kuwwatyny berkitmek, bank taslamalaryny işläp taýýarlamak, göni daşary ýurt maýa goýumlarynyň akymlaryny artdyrmak ýaly ugurlar kesgitlenildi.

Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň ýolunda ösüşi çaltlandyrmakda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleri goldamak üçin ählumumy hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şu maksatlar bilen, abraýly halkara guramalaryň we olaryň düzümleriniň arasynda utgaşykly hereketleri güýçlendirmek, ähli taraplaryň gatnaşygyny giňeltmek, innowasion çemeleşmeleri işläp taýýarlamak zerur bolup durýar. Onlaýn platformalaryň döredilmegi, dürli sebitleriň we ulgamlaryň arasynda tejribe alyşmak üçin maslahatlaryň, okuw maslahatlarynyň geçirilmegi üstünlikli tejribäniň gerimini giňeltmäge mümkinçilik berer. Mundan başga-da, DÇBÖBD-ni deňiz portlary bilen birleşdirýän geçelgeleriň ösdürilmegi (awtomobil, demir ýollaryň, howa menzilleriniň hem-de portlaryň gurulmagy we döwrebaplaşdyrylmagy), ýükleri daşamagyň wagtyny, bahasyny azaltmak üçin üstaşyr hem-de gümrük çäreleriniň aňsatlaşdyrylmagy dünýä möçberindäki hyzmatdaşlygy giňeltmegiň zerur şerti bolup durýar.

Ýokary derejeli bäşinji “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlige gatnaşyjylar, pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa bildirilen myhmansöýerlik hem-de çäräniň ýokary derejede guralandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.

Ýygnananlar söhbetdeşligiň jemini jemläp, şeýle çäreleriň gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisiniň hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmegiň wajypdygy barada garaýyşlarynyň meňzeşdigini görkezýändigini biragyzdan bellediler.

Soňky habarlar
07.08
Türkmenistanyň Prezidenti Polşa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
07.08
Zenan ýolbaşçylaryň duşuşygy
07.08
Umumy maksatlara ýetmek üçin özara hereketler ilerledilýär
07.08
Abadan geljegiň hatyrasyna tagallalary birleşdirip
07.08
Durnukly ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlyk
07.08
BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerindäki ugurdaş çäreler
07.08
Parahatçylyk we ynanyşmak — ählumumy rowaçlygyň binýady
07.08
Infrastrukturanyň we üstaşyr geçelgeleriň döwrebaplaşdyrylmagy — ykdysady galkynyşyň möhüm şerti
06.08
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
06.08
Türkmenistanyň Prezidenti San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
top-arrow