Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Umumy maksatlara ýetmek üçin özara hereketler ilerledilýär
Ykdysadyýet
Umumy maksatlara ýetmek üçin özara hereketler ilerledilýär
Çap edildi 07.08.2025
97

Şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde “Hereketleriň maksatnamalaryny milli syýasatlara ornaşdyrmagyň strategiýalaryny hem-de arabaglanyşygy we hyzmatdaşlygy üpjün etmek boýunça ösüş meýilnamalaryny öwrenmek” mowzugy bilen DÇBÖBD boýunça milli utgaşdyryjylaryň hem-de BMG-niň hemişelik utgaşdyryjylarynyň duşuşygy boldy. Duşuşygyň maksady bu döwletleriň ýüzbe-ýüz bolýan meselelerini çözmekde hyzmatdaşlygy ösdürmäge, bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirildi. Çykyşlarda milli derejede ileri tutulýan ugurlar bilen halkara borçnamalaryň arasyndaky sazlaşygy üpjün etmegiň ähmiýeti bellenildi. Hususan-da, Hereketleriň Awaza maksatnamasyny milli ösüş strategiýalaryna ornaşdyrmagyň möhümdigi we bu ugurda milli utgaşdyryjylaryň öňünde durýan wezipeler barada aýdyldy.

Milli utgaşdyryjylar wekilçilik edýän ýurtlarynyň ileri tutýan garaýyşlaryny beýan etmekde, BMG bilen ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary ilerletmekde wajyp orny eýeleýärler. Mälim bolşy ýaly, DÇBÖBD boýunça milli utgaşdyryjylar ulgamy 2022-nji ýylda BMG-niň Az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekiliniň edarasy tarapyndan DÇBÖBD üçin Hereketleriň maksatnamalarynyň milli derejede durmuşa geçirilmegini ýeňilleşdirmek we utgaşdyrmak maksady bilen döredildi. Munuň özi DÇBÖBD-niň öňünde durýan meseleleri çözmekde täze mümkinçilikleri açýar. BMG-niň hemişelik utgaşdyryjylary bolsa taslamalary işläp düzmäge we durmuşa geçirmäge gatnaşýarlar, olara tehniki, maliýe taýdan goldaw berýärler. Duşuşyga gatnaşyjylar hut şu düzümleriň halkara başlangyçlar bilen milli ileri tutulýan ugurlaryň arasynda köpri bolup hyzmat edýändigini, olaryň Durnukly ösüş maksatlarynyň her bir ýurduň aýratynlyklaryna laýyklykda uýgunlaşmagyny ýeňilleşdirýändigini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, DÇBÖBD boýunça milli utgaşdyryjylaryň we BMG-niň hemişelik utgaşdyryjylarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da ilerletmek, hususan-da, aragatnaşyk ulgamlaryny ösdürmek, umumy platformalary döretmek we maglumat alyşmalaryny işjeňleşdirmek möhümdir.

Duşuşygyň dowamynda Hereketleriň Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmek bilen bagly innowasion çemeleşmelerdir öňdebaryjy tejribeler tanyşdyryldy. Şunda bilim, maglumat, tejribe alyşmagy ýeňilleşdirýän hyzmatdaşlyk platformalaryny döretmek, üstaşyr geçiriji ýurtlar bilen bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin tagallalary birleşdirmegiň möhümdigine üns çekildi. Munuň özi tagallalaryň birleşdirilmegine we bar bolan mümkinçilikleriň has netijeli peýdalanylmagyna ýardam berer. Şeýle-de dürli ýurtlarda maksatnamadan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişini seljermek, bu ugurda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek barada pikir alşyldy. Şunda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýete eýedigi nygtaldy. Munuň üçin dürli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň (ulag, söwda, maliýe, meýilleşdiriş) wekillerini öz içine alýan pudagara iş toparlaryny döretmegiň, degişli “Ýol kartasyny” işläp taýýarlamagyň, döwlet işgärleri, hususy pudagyň we raýat jemgyýetiniň wekilleri üçin Hereketleriň täze maksatnamasynyň ähmiýetini düşündirmek, olaryň maksatnamanyň durmuşa geçirilmegine netijeli gatnaşmaklaryny üpjün etmek üçin maglumat beriş çärelerini geçirmegiň wajypdygy nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda milli utgaşdyryjylar we BMG-niň hemişelik utgaşdyryjylary bilelikdäki tagallalaryň hem-de tejribe alyşmagyň, Hereketleriň Awaza maksatnamasyny DÇBÖBD-niň milli syýasatlaryna we ösüş strategiýalaryna ornaşdyrmagyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça alnyp barylýan işleri çaltlandyrjakdygyna, hemmeler üçin abadan, durnukly geljegi gurmaga gönükdirilen başlangyçlaryň esasyna öwrüljekdigine ynam bildirdiler hem-de çäräniň ýokary guramaçylygy üçin türkmen tarapyna hoşallyklaryny beýan etdiler.

Soňky habarlar
07.08
Türkmenistanyň Prezidenti Polşa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
07.08
Zenan ýolbaşçylaryň duşuşygy
07.08
Umumy maksatlara ýetmek üçin özara hereketler ilerledilýär
07.08
Abadan geljegiň hatyrasyna tagallalary birleşdirip
07.08
Durnukly ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlyk
07.08
BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerindäki ugurdaş çäreler
07.08
Parahatçylyk we ynanyşmak — ählumumy rowaçlygyň binýady
07.08
Infrastrukturanyň we üstaşyr geçelgeleriň döwrebaplaşdyrylmagy — ykdysady galkynyşyň möhüm şerti
06.08
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
06.08
Türkmenistanyň Prezidenti San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
top-arrow