Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Infrastrukturanyň we üstaşyr geçelgeleriň döwrebaplaşdyrylmagy — ykdysady galkynyşyň möhüm şerti
Ykdysadyýet
Infrastrukturanyň we üstaşyr geçelgeleriň döwrebaplaşdyrylmagy — ykdysady galkynyşyň möhüm şerti
Çap edildi 07.08.2025
99

Şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde DÇBÖBD-niň durnukly infrastrukturasyny döretmäge, bu ugurda özara gatnaşyklary pugtalandyrmaga hem-de bökdençsiz üstaşyr ulag geçelgeleriniň ösdürilmegine ýardam bermäge bagyşlanan ýokary derejedäki “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlik geçirildi. Duşuşygyň wezipesi DÇBÖBD-niň infrastrukturasyny maliýeleşdirmek üçin bilimleri, tejribelerdir innowasion çemeleşmeleri alyşmakdan, onuň durnuklylygyny üpjün etmekden, ulag ulgamynda bu ýurtlara halkara goldawy giňeltmek hem-de hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin mümkinçilikleri ýüze çykarmakdan ybaratdyr. Çäre tejribe alyşmak, bilelikdäki strategiýalary işläp taýýarlamak hem-de geljek onýyllyk üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň düzgünlerini durmuşa geçirmek maksady bilen, sebit we halkara derejede tagallalary utgaşdyrmak üçin wajyp meýdança öwrüldi.

Häzirki wagtda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ulag pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny düýpli döwrebaplaşdyrmaga, hereket edýän ulag-kommunikasiýa ulgamlaryny giňeltmäge we täzelerini döretmäge gönükdirilen toplumlaýyn maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Bu çäreleriň ählisi ýurdumyzyň ulag ulgamynyň halkara kommunikasiýa infrastrukturasyna işjeň goşulyşmagyna, çäk taýdan amatly ýerleşýändigini nazara almak bilen, Türkmenistanda multimodal ýük daşamalaryň sebitleýin sazlaşygyny üpjün edýän iri logistika merkezlerini döretmäge ýardam eder. Hut şoňa görä-de, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň belent münberinden diňe bir milli we sebit derejesinde däl, eýsem, ählumumy möçberde hem bu meseleleri çözmäge üns bermäge çagyrýar. Ýurdumyzyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy ulag ulgamynda hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze formatyny ösdürmäge gönükdirilen birnäçe kararnamalary kabul etdi.

Pikir alyşmalaryň barşynda ulag, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny, energetika ulgamlarynda infrastrukturany çalt we toplumlaýyn ösdürmegiň zerurdygyna aýratyn üns berildi. Duşuşyga gatnaşyjylar Hereketleriň Wena maksatnamasyndan, şeýle hem deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň durnukly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen Hereketleriň Awaza maksatnamasynda beýan edilen esasy düzgünlerden gelip çykýan wezipeleriň çözülmeginiň ähmiýetini bellediler. Nygtalyşy ýaly, infrastrukturany ösdürmäge ulgamlaýyn çemeleşilmegi şeýle ýurtlaryň özara arabaglanyşygynyň ep-esli ýokarlanmagyna, sebit we ählumumy söwda ulgamynda ýakynlaşmagyna mümkinçilik berer. Munuň özi ýurtlaryň ykdysady taýdan okgunly ösmegine, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da gowulandyrylmagyna kuwwatly itergi berer.

Infrastrukturany ösdürmäge ýardam edýän esasy çäreleri ara alyp maslahatlaşmagyň çäklerinde bilermenler milli we sebit derejesinde düzümleýin taslamalary meýilleşdirmegiň, olary utgaşdyrmagyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny nygtadylar. Sebit hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge, hususan-da, bilelikdäki iş toparlaryny, utgaşdyryjy merkezleri döretmäge giň gerimli infrastruktura başlangyçlaryny üstünlikli amala aşyrmagyň möhüm şertleriniň biri hökmünde garalýar. Ulag geçelgelerini ösdürmäge, demir ýol we awtomobil ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmaga, port, logistika infrastrukturasyny ilerletmäge aýratyn üns berildi. Munuň özi üstaşyr geçirmek babatda ýüze çykýan kynçylyklary azaltmaga, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, harytlaryň we hyzmatlaryň durnukly akymyny üpjün etmäge mümkinçilik berer.

Ara alyp maslahatlaşmalarda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary we sanly infrastruktura bilen baglanyşykly meseleler aýratyn orun eýeledi. Bellenilişi ýaly, bu ugurdaky meseleleriň çözülmegi toplumlaýyn çäreleriň görülmegini, hususan-da, sanlylaşdyrmagyň milli strategiýalarynyň işläp taýýarlanylmagyny hem-de ornaşdyrylmagyny, kadalaşdyryjy hukuk binýadynyň pugtalandyrylmagyny, amatly maýa goýum ýagdaýynyň döredilmegini, hususy ulgamyň maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalar ulgamynda taslamalaryň durmuşa geçirilmegine çekilmegini talap edýär. Mundan başga-da, sanly infrastrukturanyň ösdürilmegine ykdysadyýetiň beýleki ulgamlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de hödürlenilýän döwlet hyzmatlarynyň hilini gowulandyrmak üçin möhüm gural hökmünde garalýar.

Pikir alyşmalaryň barşynda infrastruktura taslamalaryny maliýeleşdirmek meselelerine hem garaldy. Bellenilişi ýaly, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler maliýeleşdirmegiň dürli gurallaryny, şol sanda döwlet-hususy eýeçilik hyzmatdaşlygyny, halkara gaznalary, halkara maliýe institutlarynyň karzlaryny, innowasion maliýe gurallaryny ulanyp bilerler we ulanmalydyrlar. Duşuşyga gatnaşyjylar bu ýurtlaryň aýratynlyklaryny nazara alýan, taslamalaryň uzak möhletli maliýe durnuklylygyny üpjün edýän we hususy maýa goýumlary çekmäge ýardam edýän gurallaryň has netijeli häsiýete eýedigini nygtadylar.

“Tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşligiň barşynda infrastruktura taslamalaryny netijeli durmuşa geçirmek üçin deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň kuwwatyny artdyrmak boýunça çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyga gatnaşyjylar hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň, institusional binýady ösdürmegiň, dolandyryş we tehniki bilimleri kämilleşdirmegiň, sebitiň ýurtlarynyň arasynda tejribe alyşmagyň zerurdygyny bellediler. Halkara guramalar we ösüş boýunça hyzmatdaşlar tehniki kömek, okatmak, maslahat bermek we maliýeleşdirmek görnüşinde ýardam bermäge taýýardygyny beýan etdiler. Munuň özi infrastruktura başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirmäge, milli institutlaryň kuwwatyny pugtalandyrmaga ýardam eder.

Duşuşygyň ahyrynda bellenilişi ýaly, durnukly infrastrukturanyň döredilmegi, gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy, ygtybarly üstaşyr ulgamlaryň ösdürilmegi durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmegiň, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlerde bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrmagyň, ilatyň ýaşaýyş-durmuşyny has-da gowulandyrmagyň möhüm şerti bolup durýar. Duşuşyga gatnaşyjylar döwletleriň, halkara guramalaryň, sebit birleşikleriniň we hyzmatdaşlaryň ösüş babatdaky bilelikdäki tagallalarynyň ulag elýeterliligini ep-esli gowulandyrmaga hem-de bu ýurtlaryň dünýä ykdysadyýetine goşulyşmagyna mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdiler.

Duşuşyga gatnaşyjylar çäräniň ýokary guramaçylyk derejesi üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirdiler.

Soňky habarlar
07.08
Türkmenistanyň Prezidenti Polşa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
07.08
Zenan ýolbaşçylaryň duşuşygy
07.08
Umumy maksatlara ýetmek üçin özara hereketler ilerledilýär
07.08
Abadan geljegiň hatyrasyna tagallalary birleşdirip
07.08
Durnukly ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlyk
07.08
BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerindäki ugurdaş çäreler
07.08
Parahatçylyk we ynanyşmak — ählumumy rowaçlygyň binýady
07.08
Infrastrukturanyň we üstaşyr geçelgeleriň döwrebaplaşdyrylmagy — ykdysady galkynyşyň möhüm şerti
06.08
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
06.08
Türkmenistanyň Prezidenti San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
top-arrow