Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Parahatçylyk we ynanyşmak — ählumumy rowaçlygyň binýady
Ykdysadyýet
Parahatçylyk we ynanyşmak — ählumumy rowaçlygyň binýady
Çap edildi 07.08.2025
93

Şu gün Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşiň bähbidine parahatçylykly we inklýuziw jemgyýeti gurmaga ýardam edýän Durnukly ösüş maksatlarynyň 16-njy maksadyny durmuşa geçirmäge itergi bermek” atly ugurdaş çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi we BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen bilelikde guraldy. Onuň gün tertibiniň esasy meselesi sebit hem-de ählumumy derejede parahatçylyk dialogy we köpugurly hyzmatdaşlyk ýörelgelerini ilerletmäge ýardam bermekden ybarat boldy.

Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylyň 21-nji martynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy “2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamany biragyzdan kabul etdi. Dünýäniň 86 ýurdy bu resminamanyň awtordaşy bolup çykyş etdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, bu şanly ýyl hem-de Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet topary döredildi. Täze Kararnamada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Dialog — parahatçylygyň kepili” filosofiýasy öz beýanyny tapdy. Ýurdumyzyň ählumumy gün tertibiniň esasy meseleleri boýunça garaýyşlary Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde Türkmenistanyň işiniň we ileri tutulýan ugurlarynyň Konsepsiýasynda şöhlelendirildi. Konsepsiýa häzirki döwrüň ýagdaýlaryny hem-de wehimlerini nazara almak bilen işlenip taýýarlanyldy we netijeli dialogyň, özara düşünişmegiň, jogapkärçiligiň esasynda döwletleriň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirildi. Sözüň doly manysynda, Türkmenistanyň bu başlangyjy ähli ýurtlara dünýä gurluşynyň esasy ýörelgesi hökmünde parahatçylyk we ynanyşmak pikirlerini durmuşa geçirmegiň syýasy hem-de beýleki meselelerini öz içine alýan bilelikdäki işe başlamaga çakylyk bolup durýar.

Konsepsiýada bellenilişi ýaly, bu wezipe ulgamlaýyn esasda çözülmelidir, degişli hukuk we institusional gurallara eýe bolmalydyr. Bu ýörelgeden ugur alyp, hormatly Prezidentimiz 2023-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň münberinden Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak baradaky başlangyjy öňe sürdi. Bu resminama dünýä meselelerini çözmäge toplumlaýyn çemeleşmegi göz öňünde tutýar. Ol howpsuzlygyň ähli meseleleriniň özara baglanyşygyna esaslanmalydyr we döwletleriň özara gatnaşyklarynyň täzelenen halkara hukuk binýady bolup hyzmat etmelidir. Şundan ugur alnyp, BMG-niň işiniň birnäçe ugurlaryny agzalan resminama goşmak teklip edilýär. Şolaryň hatarynda gapma-garşylyklaryň öňüni almagyň, olary aradan aýyrmagyň guraly hökmünde öňüni alyş diplomatiýasy, jedelleri we gapma-garşylyklary syýasy-diplomatik ýol arkaly kadalaşdyrmak üçin bitaraplygyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak, ynanyşmak dialogynyň medeniýetini dikeltmek ýaly ugurlar bar.

Türkmenistan BMG-niň işini many-mazmun we düzüm babatda sebitde durmuşa geçirilýän çäreler bilen sazlaşdyrmak ugrunda çykyş edýär. Şunda 2007-nji ýylda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagyny Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli gatnaşyklaryň aýdyň mysaly hökmünde görkezmek bolar. Bu merkez hereket edip başlan döwründen bäri parahatçylygy pugtalandyrmakda, özara ynanyşmak we düşünişmek gatnaşyklaryny saklamakda, sebit hem-de halkara hyzmatdaşlygy höweslendirmekde Milletler Bileleşigini sebitiň ýurtlary bilen birleşdirýän täsirli gurala öwrüldi.

BMG bilen strategik hyzmatdaşlyk babatda ýurdumyz Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça özara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge aýratyn üns berýär. Durnukly ösüşiň bähbidine parahatçylyk söýüji, inklýuziw jemgyýeti gurmaga ýardam bermek şol maksatlaryň biri hökmünde kesgitlenildi. Türkmenistanyň tagallalary geoykdysadyýetiň uzak möhletli nusgalaryny döretmek boýunça bilelikdäki işe hem gönükdirildi. Şunda strategik taýdan ileri tutulýan ugurlaryň ikisine — energetika özgertmelerini we ulag arabaglanyşygyny üpjün etmäge möhüm orun degişlidir. Bu babatda Konsepsiýada ýurdumyzyň öňde goýlan wezipeleri çözmäge garaýyşlarydyr çemeleşmeleri beýan edilýär.

Türkmenistan halklaryň arasynda özara düşünişmegiň, birek-birege hormat goýmagyň, dostlukly gatnaşyklaryň köprülerini gurmagyň aýrylmaz bölegi hökmünde ynsanperwer gün tertibini işjeň ilerledýär. Konsepsiýada bellenilişi ýaly, 2025-nji ýyl dünýä işlerinde ösüp barýan döwletleriň has täsirli ornuny açyp görkezmelidir. Parahatçylyk we ynanyşmak ählumumy abadançylygyň we netijeli hyzmatdaşlygyň möhüm şertleriniň biri bolup, DÇBÖBD üçin wajyp ähmiýete eýedir. Geografik taýdan ýerleşişi bilen baglylykda, bu ýurtlar üçin ulag-logistika infrastrukturasynyň durnuklylygy örän wajypdyr. Munuň özi degişli wezipeleri çözmekde utgaşdyryjy çemeleşmeleriň we hereketleriň zerurdygyny şertlendirýär.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly ähli ýurtlara berk hem howpsuz dünýäni gurmak, hemmeler üçin inklýuziw, durnukly geljegi döretmek üçin tagallalary birleşdirmäge çakylykdyr. Bu ýyly yglan etmek başlangyjyny öňe süren Bitarap Türkmenistan giň gerimli çäreleri geçirýär we döredijilikli başlangyçlar bilen çykyş edýär. Şol başlangyçlar bolsa ählumumy rowaçlygyň, ösüşiň bähbidine köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmäge, halkara gatnaşyklary ynsanperwerleşdirmäge ýardam eder.

***

Şu gün “Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin durnukly ulag: Günorta-Günorta hyzmatdaşlygyny ulanmak” atly ugurdaş çäre hem geçirildi. Halkara gatnaşyklaryň ählumumylaşýan we özgerýän şertlerinde Günorta-Günorta hyzmatdaşlygy barha uly ähmiýete eýe bolýar. Munuň özi Ählumumy Günortanyň — Aziýanyň, Afrikanyň, Latyn Amerikasynyň we Okeaniýa ýurtlarynyň arasynda deňlik, özara bähbitlilik we raýdaşlyk ýörelgeleri esasynda durnukly ösüşe ýardam bermek maksadynda bilimleri, tehnologiýalary, serişdeleridir tejribäni alyşmaga gönükdirilen hyzmatdaşlykdyr. 6-njy awgustda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde geçirilen Günorta-Günorta hyzmatdaşlygy boýunça ministrler duşuşygy deňze çykalgasy bolmadyk 32 ýurdy goldamakda umumy tagallalary ilerletmek we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň täze mümkinçiliklerini öwrenmek üçin möhüm meýdança öwrüldi.

Ykdysady ösüş, söwda, serhetýaka proseslerini kadalaşdyrmak, sanly çözgütleri sazlaşdyrmak nukdaýnazaryndan, Günorta-Günorta hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin Merkezi Aziýa ýurtlary uly mümkinçiliklere eýedir. Çünki şol ýurtlaryň diňe bir geografik taýdan ýerleşişi birmeňzeş bolman, eýsem, olar medeni mirasyň we däp-dessurlaryň umumylygyna-da eýedir. Sebitleýin çemeleşme halkara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge, bilimleri alyşmaga we dialogy giňeltmäge ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, daşary syýasat doktrinasyny yzygiderli durmuşa geçirýän ýurdumyz halkara hyzmatdaşlyk, şol sanda “Günorta-Günorta” formatynda özara gatnaşyklar üçin açykdyr.

Türkmenistanyň Günorta-Günorta hyzmatdaşlygynyň çäklerindäki işi birnäçe ileri tutulýan ulgamlarda jemlenendir. Ilkinji nobatda, munuň özi Durnukly ösüş maksatlaryna (DÖM) ýetmek bilen baglanyşyklydyr. DÖM platformasy ýurdumyzda, şeýle-de Merkezi Aziýa döwletlerinde Hökümetler we raýat jemgyýeti bilen işleşýär. Beýleki bir möhüm ugur söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek bilen baglanyşyklydyr. Ählumumy Günorta ýurtlarynyň arasynda elektron söwdanyň ösüşini üpjün edýän toplumlaýyn strategiýalary işläp taýýarlamakda, täze söwda ylalaşyklaryny, maýa goýum platformalaryny, ulag-logistika geçelgelerini döretmekde, daşary ykdysady işi sanlylaşdyrmakda, kiçi we orta telekeçilik üçin täze bazarlary açmakda durnuklylyga hem-de inklýuziwlige aýratyn üns berilýär.

“Günorta-Günorta” formatynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin energetika hem ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. DÇBÖBD-niň käbiri uglewodorod serişdelerine baýdyr, beýlekileri gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatda uly kuwwata eýedir. Bu ulgamdaky bilelikdäki ylmy-barlag taslamalary alternatiw maliýe çeşmelerine we tehnologiýalaryna elýeterliligi giňelder, ösüp barýan ýurtlaryň kuwwatyny artdyrar. Ýol infrastrukturasynyň gowulandyrylmagy-da hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistan infrastruktura babatda arabaglanyşyga, durnukly ulaga, sanly goşulyşma aýratyn üns berýär, tejribe alyşmak üçin bilelikdäki “Günorta-Günorta” platformalaryny döretmek boýunça başlangyçlary goldaýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň ulag ulgamynda durmuşa geçirýän syýasatynyň maksady ýurdumyzyň geografik taýdan amatly ýerleşmeginden hem-de Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky tebigy üstaşyr köpri hökmünde ulag infrastrukturasynyň ägirt uly kuwwatyndan doly derejede peýdalanmakdan ybaratdyr.

Bilermenleriň köpüsiniň pikirine görä, üstaşyr ulag gatnawlaryny ösdürmek, çig maly, taýýar önümleri ýetirmegiň döwrebap infrastrukturasyny gurmak ýurtlar, aýratyn-da, deňiz terminallaryna göni çykalgasy bolmadyk döwletler üçin esasy ýakynlaşdyryjy şerte öwrülýär. Täze üstaşyr ulag merkezleriniň kuwwaty örän uludyr. Olarda uly giňişlikler, adam serişdeleri jemlenendir, olara uly möçberdäki maýa goýumlar gönükdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Günorta-Günorta hyzmatdaşlygynyň ulanylmagy deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlere iri dünýä bazarlarynyň elýeterliligini üpjün etmäge, ykdysady taýdan ýakynlaşmaga, maýa goýum işini höweslendirmäge, söwda eksport-import amallaryny aňsatlaşdyrmaga, bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrmaga, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga, bu ulgamda köp sanly möhüm taslamalary amala aşyrmak üçin işewürligiň esaslaryny pugtalandyrmaga ýardam eder.

Sözüň doly manysynda, ulag hyzmatlarynyň üstaşyr geçirilmegi we eksporty, olaryň ösdürilmegi durmuş-ykdysady strategiýanyň esasy ugurlarynyň biridir. Üstaşyr geçirmek ulag we ugurdaş hyzmatlara tölegler görnüşindäki pul serişdeleriniň gelmegini, infrastrukturanyň ösdürilmegine maýa goýumlaryň gönükdirilmegini, döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny, täze iş orunlarynyň döredilmegini aňladýar. Şunuň bilen baglylykda, sebitara ýük daşamalary çekip biljek ýurtlar uly peýda gazanyp bilerler. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy ulag ulgamynda hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze formatyny ösdürmäge gönükdirilen Kararnamalaryň birnäçesini kabul etdi. Bu möhüm resminamalar ýurdumyzyň ulag ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleriniň dünýä giňişliginde uly üstünlige eýe bolýandygynyň aýdyň mysalydyr. Ulag akymlaryny ösdürmek, täze üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek boýunça anyk teklipler iri halkara forumlaryň, ýokary derejedäki duşuşyklaryň garamagyna ençeme gezek hödürlenildi.

Şeýlelikde, Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň, şeýle hem onuň çäklerinde durnukly ösüş üçin Günorta-Günorta hyzmatdaşlygyny ulanmaga bagyşlanan ugurdaş çäräniň geçirilmegi ählumumy hyzmatdaşlygy we netijeli halkara dialogy giňeltmekde täze möhüm ädim bolar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan sebitleýin we halkara hyzmatdaşlyga ymtylýandygyny, umumy abadançylygyň bähbidine tejribesini hem-de mümkinçiliklerini paýlaşmaga taýýardygyny görkezýär.

Soňky habarlar
07.08
Türkmenistanyň Prezidenti Polşa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
07.08
Zenan ýolbaşçylaryň duşuşygy
07.08
Umumy maksatlara ýetmek üçin özara hereketler ilerledilýär
07.08
Abadan geljegiň hatyrasyna tagallalary birleşdirip
07.08
Durnukly ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlyk
07.08
BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerindäki ugurdaş çäreler
07.08
Parahatçylyk we ynanyşmak — ählumumy rowaçlygyň binýady
07.08
Infrastrukturanyň we üstaşyr geçelgeleriň döwrebaplaşdyrylmagy — ykdysady galkynyşyň möhüm şerti
06.08
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
06.08
Türkmenistanyň Prezidenti San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
top-arrow