Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda geňeşiň guramaçylyk meselelerine garaldy we bu düzümiň ýerlerde alyp barýan işleri ara alnyp maslahatlaşyldy, öňde durýan wezipeler kesgitlenildi.
Ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek, bu ugurda bilelikdäki tagallalary etmek wajyp meseleleriň biridir. Gahryman Arkadagymyz Ýaşulular geňeşiniň nobatdaky mejlisinde çykyş edip, şu günki mejlisde guramaçylyk meselelerine seretmekçidigini belledi. Şeýle hem Milli Liderimiz ýaşulular bilen geňeşiň ýerlerde alyp barýan işleri, öňde durýan wezipeler, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk toýuna, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler barada söhbet etmek kararyna gelendigini aýtdy. Ýaşulular geňeşiniň öňünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň gün tertibindäki soraglary, döwletimiziň içeri we daşary syýasatyny halka düşündirmek, wagyz etmek, Türkmenistany syýasy, ykdysady, medeni taýdan ösdürmek boýunça degişli işleri geçirmek, olary ara alyp maslahatlaşmak wezipesiniň durýandygyny belläp, Gahryman Arkadagymyz şu günki mejlisiň gün tertibine guramaçylyk soragynyň girizilendigine ünsi çekdi hem-de bu mesele boýunça çykyş etmek üçin Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy R.Bazarowa söz berdi.
R.Bazarow ýaşululary döwletimiziň jemgyýetçilik durmuşyna işjeň çekmek, halkymyzyň jebisligini pugtalandyrmakda, döwlet ähmiýetli meseleleri parasatlylyk bilen maslahatlaşyp çözmekde olaryň baý zähmet hem-de durmuş tejribesini peýdalanmagyň asylly däbe öwrülendigini belledi we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň agzalary bilen maslahat geçirilendigini, onda geňeşiň agzalary boýunça ýerlerden gelip gowşan teklipleriň ara alnyp maslahatlaşylandygyny aýtdy.
Maslahatyň netijesinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň Aşgabat şäheri boýunça agzalary, Hormatly il ýaşululary Rejepmämmet Ataýewi hem-de Orazmuhammet Hojatowy, saglyk ýagdaýy sebäpli, geňeşiň düzüminden çykarmak; Aşgabat şäheri boýunça Ýaşulular geňeşiniň düzümine Hormatly il ýaşululary Meretgeldi Gulgeldiýewi we Italmaz Saparlyýewi hödürlemek; geňeşiň Ahal welaýaty boýunça agzasy, Hormatly il ýaşulusy Şaberdi Amansaparowy, saglyk ýagdaýy sebäpli, Ýaşulular geňeşiniň düzüminden çykarmak baradaky meselelere seredilip, geňeşiň düzümine Ahal welaýaty boýunça Arkadag şäheriniň Ýaşulular geňeşiniň wekili, Hormatly il ýaşulusy Kakajan Täşliýewi hödürlemek barada karara gelindi. Şunuň bilen baglylykda, R.Bazarow Gahryman Arkadagymyzdan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşiniň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň düzümini tassyklamak hakynda Kararlara gol çekmegini haýyş etdi.
Beýan edilen teklipleriň Ýaşulular geňeşiniň agzalary tarapyndan biragyzdan goldanylýandygyny aýdyp, Milli Liderimiz Ýaşulular geňeşiniň mejlisinde gelnen netijä we çözgütlere laýyklykda, “Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşiniň düzümini tassyklamak hakynda” hem-de “Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň düzümini tassyklamak hakynda” Kararlara gol çekdi.
Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň sentýabrynda giňden belleniljek ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk toýuna hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek barada hormatly Prezidentimiz tarapyndan degişli tabşyryklaryň berlendigini nygtap, däp bolşy ýaly, her ýyl agzybir halkymyzyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň baş baýramyny aýratyn buýsanç bilen garşy alýandygyny belledi. Sebäbi bu sene Garaşsyz ýurdumyz hem-de halkymyz üçin aýratyn ähmiýetli, buýsançly, biziň her birimizi has belent maksatlara galkyndyrýan şanly wakadyr. “Ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramynyň bellenilýän günlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirýäris. Bu mejlisde Garaşsyz döwletimiziň ösüşinde gazanylan üstünlikleriň, ýetilen belent sepgitleriň, ýerine ýetirilen işleriň jemini jemläris. Şeýle hem döwrüň talaplaryndan, täze ykdysady şertlerden ugur alyp, täze taryhy döwürde öňümizde durýan möhüm wezipeleri ara alyp maslahatlaşarys. Geňeşiň agzalaryndan hem Türkmenistanyň Halk Maslahatyna taýýarlyk görmekde degerli tekliplere garaşýarys” diýip, Milli Liderimiz sözüni dowam etdi.
Ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösen döwlete öwürmek, her bir adamyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmegiň hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynyň esasy maksady bolup durýandygyny aýdyp, Gahryman Arkadagymyz ýaş nesle aýratyn alada we mähir bilen garap, olara iň oňat zatlary bagyş etmek baradaky türkmen halkynyň gadymdan gelýän asylly däpleriniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze many-mazmuna eýe bolýandygyna ünsi çekdi. Ýurdumyzda alnyp barylýan işler geljegimiz bolan çagalaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge, olara hemmetaraplaýyn goldaw bermäge gönükdirilýär.
Milli Liderimiz Türkmenistanda çagalaryň abadan durmuşynyň bähbidine halkara tagallalaryň birleşdirilýändigini, gaznanyň döredilmeginiň dört ýyllygy mynasybetli “Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi” atly halkara maslahatyň ýokary derejede geçirilmeginiň dünýä döwletleriniň biziň ýurdumyza bolan gyzyklanmasyny has-da artdyrandygyny belledi. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda çagalar babatda alnyp barylýan döwlet syýasatyny üstünlikli amala aşyrmakda, döwlet ähmiýetli soraglary çözmekde Ýaşulular geňeşiniň agzalarynyň wajyp orny eýeleýändiklerini, hormatly ýaşulularyň gaznanyň işine uly goldaw berýändiklerini nygtady hem-de durmuşa geçirilen işler, Garaşsyzlyk baýramyna taýýarlyk görmek boýunça ýerlerde alnyp barylýan çäreler barada çykyş etmek üçin geňeşiň agzalaryna söz berdi.
Ilki bilen, Ahal welaýatyna wekilçilik edýän ýaşuly Gurbangeldi Aýlyýew çykyş etdi. Ol çykyşynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda edermen babadaýhanlarymyzyň 1 million 400 müň tonnadan gowrak ak bugdaýy Watan harmanyna tabşyrmagy mynasybetli Gahryman Arkadagymyzy we Arkadagly Gahryman Serdarymyzy tüýs ýürekden gutlady. Munuň özi daýhanlarymyza döwlet tarapyndan edilýän hemaýat-goldawlaryň aýdyň netijesidir. Bu ýetilen sepgide Ahal welaýatynyň zähmetsöýer babadaýhanlarynyň hem mynasyp goşant goşmagy buýsandyryjy ýagdaýdyr. G.Aýlyýew ata Watanymyzyň senagat taýdan ösen döwlete öwrülendigini nygtap, ýurdumyzda önümleri gaýtadan işleýän kärhanalaryň, elewator toplumlarynyň, ýyladyşhanalaryň, sowadyjy ammarlaryň ýylyň ähli paslynda azyk bolçulygyny üpjün etmäge goşant goşýandygyny aýtdy.
“Beýik döwleti beýik şahsyýetler berkarar edýärler. Berkarar döwletimiziň dünýä dolan at-abraýy, şan-şöhraty, Gahryman Arkadagymyz, Siziň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mertebeli ady bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Hudaýa şükür, biziň her bir gowy zatdan nesibämiz, bagtly ykbalymyz bar, eşretli durmuşymyz, beýik geljegimiz bar. Bizde şu mukaddeslikleriň gadyr-gymmatyna düşünýän, döwrümize, döwletimize buýsanýan agzybir halkymyz bar. Diýmek, biziň mizemez bagtymyz bar” diýip, Ahal welaýatynyň wekili Gahryman Arkadagymyza we döwlet Baştutanymyza welaýatyň ähli ilatynyň adyndan çuňňur hoşallygyny beýan etdi.
Milli Liderimiz çykyş üçin minnetdarlyk bildirip, indiki söz nobatyny Balkan welaýatyna wekilçilik edýän ýaşuly Abdyrahman Begjanowa berdi. Ol hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň degişli maksatnamasynyň amala aşyrylmagyna badalga berlendigini aýdyp, häzirki döwürde döwletimiziň sazlaşykly ösüşli ýol bilen öňe tarap ynamly gadam urýandygyny nygtady. Şunda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeler, döwlet derejesinde kabul edilýän maksatnamalar dünýä nusgalykdyr.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň halkymyz üçin rysgal-berekediň, bolçulygyň, bagtyýarlygyň ýyly bolandygyny aýdyp, A.Begjanow Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yzygiderli tagallalary netijesinde ýurdumyzyň kuwwatly, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüş ýoluna düşendigini aýratyn belledi. Şeýle hem ol hormatly Prezidentimiziň “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen ynsanperwer ýörelgesi esasynda amala aşyrylýan işleriň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösmegine, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna itergi berendigini nygtady. Welaýatlarda önümçilik kärhanalarynyň, zawod-fabrikleriň, Balkanabat Halkara howa menziliniň gurulmagy, Türkmenbaşy Halkara howa menziliniň döwrebaplaşdyrylmagy hem ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine uly täsir edýär. “Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen agzybir halkymyz bir supra jemlenip, eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşaýar. Aýlyk zähmet haklary, pensiýalar, döwlet tarapyndan berilýän kömek pullary, babadaýhanlarymyz tarapyndan ýetişdirilip, döwlet ammaryna tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Syýasy, ykdysady taýdan ähmiýetli bolan beýik işler asyrlara uzap gider we bagtyýar nesillerimize hyzmat eder. Bu bolsa parahatçylygy, dost-doganlygy berkitjek beýik işlerdir” diýip, balkanly ýaşuly sözüni jemledi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy A.Begjanowa minnetdarlyk bildirip, Daşoguz welaýatyna wekilçilik edýän ýaşuly Henip Zahyrowa söz berdi. Ol wagt tapyp, möhüm meseleler boýunça ýaşulular bilen pikir alyşýandygy üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirip, munuň halkymyzyň taryhyň dowamynda döreden asylly ýörelgeleriniň şu günüň ruhuna kybap derejede dowam edýändigini görkezýändigini aýtdy. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň, Milli Liderimiziň tagallalary netijesinde halkymyz bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşaýar, ýurdumyz toý-baýramlara beslenýär.
H.Zahyrow türkmen halkynyň pähim-paýhasynyň, ýurdumyzyň ynsanperwer syýasatynyň halkara giňişlikde ykrar edilýändigini, şunda ýaşulularyň gazanylýan üstünlikleri, halkymyzyň dünýä nusgalyk däp-dessurlaryny wagyz etmäge işjeň gatnaşýandyklaryny belläp, ýaşlary watançylyk, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmaýandyklaryna ynandyrdy. Türkmen halkynyň “Agzybir il aşa ýeter” diýen paýhasly jümlesi häzirki döwürde Diýarymyzda amala aşyrylýan beýik işlerde öz beýanyny tapýar. Ýurdumyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk toýuna, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk işleriniň ýokary derejede alnyp barylýandygyna ünsi çekip, H.Zahyrow bu işde ýaşuly nesliň mynasyp paýynyň bardygyny nygtady. “Ýurdumyzyň ähli ilaty bilen bir hatarda, Daşoguz welaýatynyň halky hem gazanylýan üstünliklere we zähmet ýeňişlerine buýsanýar. Bu işe halk köpçüligi öz mynasyp goşandyny goşmak ugrunda tagalla edýär” diýip, hormatly ýaşuly belledi we halkymyzyň bagtyýarlygynyň, ýurdumyzyň abadançylygynyň bähbidine gönükdirilen beýik işler üçin hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirdi.
Soňra Ýaşulular geňeşiniň nobatdaky mejlisi Lebap welaýatyna wekilçilik edýän ýaşuly Ereş Talipowyň çykyşy bilen dowam etdi. Ol Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik özgertmeleriniň häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändigini belläp, halkymyzyň ynsanperwer däpleriniň, döwletli tutumlarynyň giňden dabaralanýandygyny nygtady. Munuň özi Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan ynsanperwer işlerinde-de öz beýanyny tapýar.
Hormatly ýaşuly haýyr-sahawat gaznasynyň döredilendigi üçin ähli halkymyzyň, aýratyn-da, gaznanyň sahawat-ýardamyndan haýyr-şypa tapan ýüzlerçe çagajyklaryň, olaryň ene-atalarynyň yzygiderli hoşallyk sözlerini aýdýandyklaryny belläp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bu düzümiň döredilmegine dört ýyl bolandygyny nygtady. Ol häzirki döwürde gaznanyň mümkinçilikleriniň artýandygyny, ýurdumyzyň daşary döwletlerde hem hemaýat-goldawa mätäçlere ynsanperwerlik goluny uzadýandygyny aýtdy. Bu ugurda haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň uly hyzmatlarynyň bardygyny aýratyn bellemek gerek. Gaznanyň wise-prezidentiniň eneleriň we körpeleriň, şol sanda mümkinçiligi çäkli çagalaryň saglygy ugrunda alnyp barylýan işler bilen yzygiderli tanyşmagy il-halkymyzda uly hoşallyk döredýär. “Ajaýyp Arkadag şäherinde lukmançylyk edaralarynyň şepagat uýalary üçin okuw merkezini açmak bilen bagly teklip ýa-da “Arkadag Medisina Klasteri Menejment” kärhanasynda çagalaryň sagdyn ösmegi üçin zerur bolan witaminler toplumyny öndürmegiň göz öňünde tutulmagy hem Oguljahan Atabaýewanyň üstünlikli alyp barýan işleriniň netijesidir. Ýaşulular geňeşiniň agzasy hökmünde halk arasynda bolup, ýerlerde geçirilýän wagyz-nesihat çärelerine gatnaşanymyzda, watandaşlarymyzyň halk bähbitli işler, edilýän aladalar, hususan-da, hemaýat-goldawa mätäçlere berilýän ynsanperwer kömekler üçin Size, hormatly Prezidentimize aýdýan alkyş-hoşallyklarynyň şaýady bolýarys” diýip, E.Talipow çykyşyny Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallygyny beýan etmek bilen jemledi.
Milli Liderimiz çykyş üçin minnetdarlyk bildirip, Mary welaýatynyň ýaşaýjysy Allaberdi Çaryýewe söz berdi. Ol ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllary içinde ähli ugurlar boýunça ägirt uly ösüşleri gazanandygyny, Diýarymyzyň ähli künjeklerinde gurlup ulanmaga berlen dürli maksatly binalaryň obalaryň we şäherleriň keşbini düýpli özgerdendigini nygtap, alnyp barylýan beýik işler üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza Mary welaýatynyň ähli ilatynyň adyndan hoşallyk bildirdi.
Ýaşuly halkymyzyň bagtyýarlygy, nurana geljegi ugrunda alnyp barylýan giň möçberli işleriň oňyn netije berýändigini aýtdy. Dana pederlerimizden miras galan mukaddes däpleriň häzirki döwürde mynasyp dowam etdirilmegi, döwlet ähmiýetli tutumly işlerde ýaşululara, il-halka sala salynmagy türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda döreden ýörelgeleriniň häzirki döwürde ösdürilýändiginiň nobatdaky beýanydyr. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlislerinde halkymyz üçin ähmiýetli meselelere garalmagy munuň aýdyň mysalydyr. A.Çaryýew çykyşynyň ahyrynda ajaýyp döwrümizde ýaşuly nesliň jemgyýetimizde eýeleýän ornuna we ýaşlary watançylyk, halallyk, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemek ugrunda edýän tagallalaryna mynasyp baha berilýändigi üçin ähli ýaşulularyň adyndan hoşallyk bildirdi.
Hormatly Arkadagymyz çykyş etmek üçin Aşgabat şäherine wekilçilik edýän ýaşuly Italmaz Saparlyýewe söz berdi. Ol jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan her bir adamyň abadan durmuşda ýaşamagy, döredijilikli zähmet çekmegi, mynasyp dynç almagy ugrunda ähli zerur şertleriň döredilýändigi üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirdi.
I.Saparlyýew ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda uly ösüşleri gazanýandygyny, şunda jemi içerki önümiň ösüş depgininiň durnukly saklanýandygyny, bu görkezijileriň döwletimiziň ykdysady taýdan kuwwatlanýandygynyň, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanýandygynyň aýdyň netijesidigini belledi. Munuň özi dünýäde parahatçylygy, hyzmatdaşlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek meselelerini esasy ugur edinýän ýurdumyzyň ähli ugurlarda uly ösüşleri gazanýandygyny görkezýär. Şeýle-de ol ýakynda Hazar deňziniň türkmen kenarynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň guramaçylykly geçirilmeginiň we onuň jemleri boýunça 2024 — 2034-nji ýyllar aralygyny öz içine alýan onýyllyk üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň yglan edilmeginiň we Awaza syýasy Jarnamasynyň kabul edilmeginiň Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki abraýynyň belende galmagyny şertlendirendigini nygtady.
I.Saparlyýew öňde boljak jemgyýetçilik-syýasy çäreleriň üstünlikli geçiriljekdigine ynam bildirip, bu ugurda yzygiderli tagalla edýän hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden çykýan hoşallygyny beýan etdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri hemmelere minnetdarlyk bildirip, jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamlaryň abadan durmuşda ýaşamaklary, döredijilikli zähmet çekmekleri, mynasyp dynç almaklary babatda ähli zerur şertleriň döredilmeginiň ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini belledi. Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ilerletmek, jemgyýetimizi yzygiderli demokratiýalaşdyrmak boýunça kabul edilen maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ilatyň gündelik zerurlyklaryny we isleglerini kanagatlandyrmak boýunça netijeli işleri alyp barmagyň esasy wezipeleriň biridigini aýdyp, Gahryman Arkadagymyz mejlise gatnaşyjylaryň bu işlere mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynam bildirdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaşulular geňeşiniň agzalary bilen birnäçe döwletli soraglara garalandygyny aýdyp, geňeşiň täze agzalaryna işlerinde üstünlikleri arzuw etdi. Şeýlelikde, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary guramaçylykly geçirmek bilen bagly işlere badalga berildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň jemlenendigini aýdyp, hemmelere alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.