Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Ze­nan­la­ryň müm­kin­çi­lik­le­ri­niň gi­ňel­dil­me­gi — He­re­ket­le­riň Awa­za mak­sat­na­ma­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­me­giň mö­hüm şer­ti
Jemgyýet
Ze­nan­la­ryň müm­kin­çi­lik­le­ri­niň gi­ňel­dil­me­gi — He­re­ket­le­riň Awa­za mak­sat­na­ma­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­me­giň mö­hüm şer­ti
Çap edildi 22.08.2025
375

«Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da BMG-niň Deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan döw­let­ler bo­ýun­ça üçün­ji mas­la­ha­ty­nyň çäk­le­rin­de «Yg­rar­ly­lyk­dan öz­gert­me­le­re: deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan döw­let­ler üçin He­re­ket­le­riň Awa­za mak­sat­na­ma­sy­ny iler­led­ýän ze­nan­lar» ady bi­len ge­çi­ri­len ze­nan ýol­baş­çy­la­ryň du­şu­şy­gy bu ýurt­lar­da gen­der deň­li­gi­ni üp­jün et­mek, ze­nan­la­ryň hu­kuk­la­ry­ny we müm­kin­çi­lik­le­ri­ni gi­ňelt­mek, ola­ryň sy­ýa­sy-jem­gy­ýet­çi­lik işin­de eýe­le­ýän or­nu­ny pug­ta­lan­dyr­mak me­se­le­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­mak, bu ugur­da tej­ri­be alyş­mak, hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy ber­kit­mek üçin mö­hüm meý­dan­ça bol­dy. Mu­nuň özi 2024 — 2034-nji ýyl­lar üçin He­re­ket­le­riň Awa­za mak­sat­na­ma­sy­nyň dü­züm­le­ýin öz­gert­me­ler, ylym, teh­no­lo­gi­ýa­lar we in­no­wa­si­ýa­lar; söw­da, söw­da amal­la­ry­nyň ýe­ňil­leş­di­ril­me­gi we se­bit­le­ýin in­teg­ra­si­ýa; inf­rast­ruk­tu­ra we ara­bag­la­ny­şyk; ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­ne uý­gun­laş­mak, te­bi­gy bet­bagt­çy­lyk­la­ryň tö­wek­gel­çi­li­gi­ni pe­selt­mek; se­riş­de­ler­den ne­ti­je­li peý­da­lan­mak we hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek ýa­ly ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­mek­de ze­nan­la­ryň or­nu­nyň ulu­dy­gy­ny gör­kez­ýär.

Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da gen­der deň­li­gi­niň üp­jün edil­me­gi­niň, ze­nan­la­ryň hu­kuk­la­ry­nyň­dyr müm­kin­çi­lik­le­ri­niň gi­ňel­dil­me­gi­niň DÇBÖBD-de Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­na ýet­mä­ge wa­jyp go­şant bol­jak­dy­gy­na üns çe­kil­di we bu ugur­da de­giş­li tek­lip­ler be­ýan edil­di. Deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan döw­let­le­riň ila­ty­nyň ýa­ry­sy­ny düz­ýän ze­nan­la­ryň bi­lim we sag­lyk hyz­mat­la­ry­na el­ýe­ter­li­li­gi­niň, ola­ryň yk­dy­sa­dy müm­kin­çi­lik­le­ri­niň, çöz­güt­le­ri ka­bul et­mek­de eýe­le­ýän or­nu­nyň çäk­li bol­ma­gy ýa­ly päs­gel­çi­lik­ler bi­len ýüz­be-ýüz bol­ýan­dy­gy bel­le­nil­di. Bu bol­sa He­re­ket­le­riň Awa­za mak­sat­na­ma­sy­ny ama­la aşyr­mak­da kyn­çy­lyk­la­ry dö­red­ýär. Bar bo­lan me­se­le­le­ri çöz­mek üçin mak­sat­na­ma­nyň we­zi­pe­le­ri­ni, hu­su­san-da, ýo­ka­ry hil­li bi­li­me, sag­ly­gy go­ra­ýyş hyz­mat­la­ry­na, san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ra el­ýe­ter­li­li­giň art­dy­ryl­ma­gy­ny, te­le­ke­çi­lik baş­lan­gyç­la­ry­nyň gol­da­nyl­ma­gy­ny öz içi­ne al­ýan ugur­la­ry DÇBÖBD-niň mil­li ösüş stra­te­gi­ýa­la­ry­na or­naş­dyr­mak ze­rur­dyr. Şu­nuň bi­len bir ha­tar­da, DÇBÖBD-de hem­me­ler üçin deň­hu­kuk­ly, dur­nuk­ly jem­gy­ýet­le­ri dö­red­ýän sy­ýa­sa­ty eme­le ge­tir­mek işin­de ze­nan­la­ryň hu­kuk­la­ry­ny hem-de müm­kin­çi­lik­le­ri­ni gi­ňelt­mek üçin ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­mek mö­hüm­dir.

Soň­ky ýyl­lar­da ze­nan­la­ryň sy­ýa­sa­ta gat­naş­ma­gy jem­gy­ýet­çi­lik, yk­dy­sa­dy öz­gert­me­ler ba­ra­da­ky hal­ka­ra fo­rum­lar­da ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­ýan esa­sy me­se­le­le­riň bi­ri­ne öw­rül­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, He­re­ket­le­riň tä­ze mak­sat­na­ma­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­mek işin­de ze­nan­la­ryň eýe­le­ýän or­nu­ny pug­ta­lan­dyr­mak üçin dür­li mak­sat­na­ma­la­ry dö­ret­mek ar­ka­ly bi­li­me gö­nük­di­ril­ýän ma­ýa go­ýum­la­ry art­dyr­ma­gyň, ze­nan­la­ryň baş­lan­gyç­la­ry­ny gol­da­mak bo­ýun­ça ma­li­ýe­leş­dir­me mak­sat­na­ma­la­ry ar­ka­ly ze­nan­lar te­le­ke­çi­li­gi­ni ös­dür­me­giň, deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan döw­let­ler­de ze­nan­lar gu­ra­ma­la­ry­nyň ara­syn­da raý­daş­ly­gy we hyz­mat­daş­ly­gy iler­let­me­giň wa­jyp­dy­gy nyg­tal­dy. Şeý­le-de du­şu­şyk­da ze­nan­la­ryň yk­dy­sa­dy müm­kin­çi­lik­le­ri­ni we hu­kuk­la­ry­ny gi­ňelt­me­giň dur­nuk­ly yk­dy­sa­dy ösüş üçin ze­rur şert bo­lup dur­ýan­dy­gy, şo­ňa gö­rä-de, her bir ze­na­nyň öz dö­re­di­ji­lik kuw­wa­ty­ny dur­mu­şa ge­çir­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýän gur­şa­wy dö­ret­mek üçin döw­let dü­züm­le­rin­den baş­lap, hu­su­sy ul­ga­ma, ra­ýat jem­gy­ýe­ti­ne çen­li äh­li de­re­je­ler­de ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­me­giň ze­rur­dy­gy tas­syk­la­nyl­dy hem-de ze­nan­la­ryň sy­ýa­sy çöz­güt­le­ri ka­bul et­mä­ge gat­naş­ma­gy­nyň has inkl­ýu­ziw ne­ti­je­le­ri ga­zan­ma­ga ýar­dam ber­ýän­di­gi bel­le­nil­di. Mun­dan baş­ga-da, ze­nan­la­ryň yk­dy­sa­dy we sy­ýa­sy dur­mu­şa giň­den gat­naş­ma­gy­ny üp­jün et­mek üçin öň­de­ba­ry­jy tej­ri­bä­ni öw­ren­me­gi iş­jeň do­wam et­dir­me­k, bu ugur­da dür­li çä­re­le­ri we işe­wür­lik fo­rum­la­ry­ny gu­ra­mak ze­nan­la­ry He­re­ket­le­riň Awa­za mak­sat­na­ma­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­mä­ge giň­den çek­mek­de mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe bo­lar.

Ýo­kar­da be­ýan edi­len­ler bi­len bag­ly­lyk­da, Türk­me­nis­tan­da bu ugurda ama­la aşy­ryl­ýan iş­le­riň äh­mi­ýe­ti­ne ünsi çek­mek ge­rek. Ýur­du­myz­da ze­nan­la­ryň jem­gy­ýet­dä­ki or­nu­ny ber­kit­mek­de, ola­ryň bäh­bit­le­ri­ni go­ra­mak­da hal­ka­ra hu­ku­gyň umu­my yk­rar edi­len ka­da­la­ryn­dan ugur alyn­ýar. Hu­su­san-da, ýur­du­my­zyň gen­der deň­li­gi ba­bat­da ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri ba­ra­da aý­dy­lan­da, Türk­me­nis­ta­nyň er­kek­le­riň we ze­nan­la­ryň döw­le­ti do­lan­dyr­mak iş­le­ri­ne deň­hu­kuk­ly gat­naş­ma­gy, ola­ryň iş şert­le­ri­ni go­wu­lan­dyr­mak üçin hu­kuk gu­ral­la­ry­ny hem-de ke­pil­lik­le­ri ber­ýän­di­gi­ni bel­le­mek ge­rek. Ze­nan­lar ba­ra­da­ky ala­da, jem­gy­ýet­de ola­ryň or­nu­ny ber­kit­mek, gen­der deň­li­gi­ni üp­jün et­mek döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Ýur­du­myz “Dia­log — pa­ra­hat­çy­ly­gyň ke­pi­li” ýö­rel­ge­si­ne eýer­mek bi­len, gen­der sy­ýa­sa­ty ba­bat­da anyk mak­sat­la­ra gö­nük­di­ri­len we­zi­pe­le­ri dur­mu­şa ge­çir­mä­ge jo­gap­kär­li çe­me­leş­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň bu ugur­da­ky he­re­ket­le­ri hal­ka­ra de­re­je­de, il­kin­ji no­bat­da, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy ta­ra­pyn­dan gol­daw tap­ýar.

Türk­men ze­nan­la­ry mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­tiň dür­li pu­dak­la­ryn­da zäh­met çek­ýär­ler hem-de ýur­du­my­zy dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ri­len giň ge­rim­li mak­sat­na­ma­la­ry ama­la aşyr­ma­ga go­şant goş­ýar­lar. Hä­zir­ki wagt­da yk­dy­sa­dy­ýe­tiň pu­dak­la­ryn­da zäh­met çek­ýän ra­ýat­la­ryň 40 gö­te­ri­min­den gow­ra­gy ze­nan­lar bo­lup dur­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Di­ýa­ry­myz­da ola­ryň hu­kuk­la­ry­ny üp­jün et­mek, ene­li­gi we ça­ga­ly­gy go­ra­mak bo­ýun­ça top­lum­la­ýyn iş­le­riň al­nyp ba­ryl­ýan­dy­gy­ny bel­le­mek ge­rek. Mu­nuň özi jem­gy­ýe­tiň dur­nuk­ly, sag­dyn ösü­şi­ne oňyn tä­sir ed­ýär. Türk­me­nis­tan­da ze­nan­la­ryň bi­lim de­re­je­si­ni we hü­när taý­ýar­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak, ola­ryň sy­ýa­sy-jem­gy­ýet­çi­lik dur­mu­şa gat­na­şy­gy­ny gi­ňelt­mek mak­sa­dy bi­len, ýö­ri­te tas­la­ma­lar dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär, ne­ti­je­de, türk­men ze­nan­la­ry döw­let do­lan­dy­ry­şyn­da, jem­gy­ýet­çi­lik iş­le­rin­de ýol­baş­çy we­zi­pe­le­ri eýe­le­ýär­ler.

He­re­ket­le­riň Awa­za mak­sat­na­ma­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­mek­de ze­nan ýol­baş­çy­la­ryň gö­rel­de­si we gat­na­şy­gy ze­rur­dyr. Hä­zir­ki za­man jem­gy­ýe­tin­de olar dür­li ul­gam­lar­da, şol san­da sy­ýa­sat­da, işe­wür­lik­de, jem­gy­ýet­çi­lik he­re­ke­tin­de mö­hüm or­ny eýe­le­ýär­ler. Şu­nuň bi­len bir ha­tar­da, ze­nan ýol­baş­çy­lar adamlary gen­der deň­li­gi­ne ruh­lan­dy­ryp, öz­gert­me­le­riň ny­şa­ny bo­lup dur­ýar­lar. Ola­ryň hal­ka­ra iş­le­re gat­naş­ma­gy çöz­güt­le­ri ka­bul et­mek­de has inkl­ýu­ziw çe­me­leş­mä­ni ga­zan­ma­ga ýar­dam ber­ýär. Ze­nan ýol­baş­çy­la­ryň üs­tün­li­ge ýet­mek­de ge­çen ýo­ly mil­lion­lar­ça ada­my, aý­ra­tyn-da, ýaş­la­ry ruh­lan­dyr­ýar. Mu­nuň özi tu­tan­ýer­li­lik bi­len is­len­dik sep­git­le­re ýe­tip bol­jak­dy­gy­ny gör­kez­ýär. Ze­nan ýol­baş­çy­lar di­ňe bir üs­tün­lik­li hü­när­men­ler bol­mak bi­len çäk­len­män, eý­sem, jem­gy­ýe­ti öz­gerd­ýän ýol­baş­çy­la­ryň tä­ze nes­li­ne öň­de go­ýan mak­sat­la­ry­na ýet­mek üçin hem nus­ga bol­ýan şah­sy­ýet­ler­dir. Olar ça­ga­la­ryň hu­kuk­la­ry­ny go­ra­mak­da, bi­lim-ter­bi­ýe işin­de, yn­san­per­wer ul­gam­lar­da mö­hüm or­ny eýe­le­ýär­ler. Ze­nan ýol­baş­çy­la­ryň bu ugur­lar­da alyp bar­ýan işi sag­dyn, bi­lim­li jem­gy­ýe­ti ke­ma­la ge­tir­mek­de uly äh­mi­ýe­te eýe­dir.

Awa­za­da ge­çi­ri­len du­şu­şyk­da Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň be­je­riş iş­le­ri bo­ýun­ça wi­se-pre­zi­den­ti Ogul­ja­han Ata­ba­ýe­wa­nyň ze­nan­la­ryň dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün et­mek­de eýe­le­ýän or­ny ba­ra­da­ky çy­ky­şy aý­ra­tyn ma­ny-maz­mu­na eýe bol­dy. Çy­kyş­da bel­le­ni­li­şi ýa­ly, yk­dy­sa­dy, dur­nuk­ly ösüş ba­ra­da aý­dy­lan­da, bu işiň aý­ryl­maz bö­le­gi bo­lup dur­ýan ze­nan­la­ryň äh­mi­ýet­li or­nu­na ün­si çek­mez­lik müm­kin däl. Ze­nan­lar öz dür­li müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ula­nyp, jem­gy­ýe­tiň aba­dan­çy­ly­gy­na, ösü­şi­ne uly go­şant goş­ýar­lar. Ýö­ne ösüş di­ňe teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň, önüm­çi­li­giň ösü­şi hem-de in­no­wa­si­ýa­lar bi­len çäk­len­me­ýär. Bu dü­şün­je tu­tuş ta­ry­hyň do­wa­myn­da özü­niň ukyp­ly­ly­gy­ny su­but eden ru­hy-ah­lak gym­mat­lyk­la­ry, dur­muş ins­ti­tut­la­ry bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Ula hor­mat goý­mak, ýa­şu­ly we ýaş nes­liň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­lar, däp-des­sur­la­ryň do­wa­m­ly­ly­gy, sy­lag-hor­mat, ha­lal­lyk, ge­çi­rim­li­lik, jo­gap­kär­çi­lik maş­ga­la ter­bi­ýe­si­niň esa­sy­ny düz­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ze­nan­la­ra ene bol­mak, maş­ga­la oja­gy­ny go­ra­mak ýa­ly be­ýik, asyl­ly we örän mö­hüm we­zi­pe be­ril­ýär. Ça­ga­nyň öm­rü­niň il­kin­ji gü­nün­den baş­lap, enä­niň öňün­de ony dur­mu­şa ug­ruk­dyr­mak we gel­je­gi­niň berk bin­ýa­dy­ny goý­mak bo­ýun­ça jo­gap­kär­çi­lik dur­ýar.

Maş­ga­la gym­mat­lyk­la­ry di­ňe bir ýa­kyn adam­la­ry bag­la­nyş­dyr­ýan ka­da­lar bol­man, eý­sem, ter­bi­ýä­niň hem esa­sy­ny düz­ýär. Bu gym­mat­lyk­lar ada­my şah­sy­ýet hök­mün­de ke­ma­la ge­tir­mek­de wa­jyp orun eýe­läp, maş­ga­la­ny, umu­man, jem­gy­ýe­ti pug­ta­lan­dyr­ma­ga ýar­dam ber­ýär. Türk­me­nis­tan­da ze­nan­lar äh­li ul­gam­lar­da, şol san­da ylym­da, bi­lim­de, me­de­ni­ýet­de, hu­su­sy pu­dak­da zäh­met çek­ýär­ler, döw­let hä­ki­mi­ýet eda­ra­la­ryn­da ýol­baş­çy we­zi­pe­ler­de iş­le­ýär­ler. Türk­me­nis­tan­da ze­nan­la­ryň eýe­le­ýän or­ny gen­der deň­li­gi­ni üp­jün et­mek bo­ýun­ça top­lum­la­ýyn stra­te­gi­ýa bi­len kes­git­le­nil­ýär. Bu stra­te­gi­ýa Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­na, hal­ka­ra borç­na­ma­la­ra hem-de Pe­kin jar­na­ma­sy­nyň, He­re­ket­le­riň plat­for­ma­sy­nyň mas­la­hat­la­ry­na, Ze­nan­la­ra gar­şy kem­sit­me­le­riň äh­li gör­nüş­le­ri­ni ýok et­mek ba­ra­da­ky Kon­wen­si­ýa la­ýyk­lyk­da, er­kek­ler­dir ze­nan­lar üçin deň hu­kuk­la­ry we azat­lyk­la­ry üp­jün ed­ýär.

Ogul­ja­han Ata­ba­ýe­wa çy­ky­şy­nyň do­wa­myn­da Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň be­je­riş iş­le­ri bo­ýun­ça wi­se-pre­zi­den­ti hök­mün­de bu dü­zü­miň alyp bar­ýan iş­le­ri ba­ra­da hem du­rup geç­di. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, gaz­na­nyň dur­mu­şa ge­çir­ýän işin­de ça­ga­la­ra we ola­ryň be­den, ru­hy taý­dan sag­ly­gy­ny go­ra­ma­ga aý­ra­tyn üns be­ril­ýär. Gaz­na he­ma­ýa­ta mä­täç ça­ga­la­ra tö­leg­siz luk­man­çy­lyk kö­me­gi­ni ber­mek üçin Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi, ýur­du­my­zyň beý­le­ki de­giş­li eda­ra­la­ry bi­len ýa­kyn­dan hyz­mat­daş­lyk ed­ýär. Ata-ene­si­niň ho­wan­dar­ly­gyn­dan jy­da dü­şen ça­ga­la­ra kö­mek ber­mä­ge aý­ra­tyn üns be­ril­ýär. Şu ýyl gaz­na­nyň esas­lan­dy­ryl­ma­gy­nyň dört ýyl­ly­gy bel­le­nil­di. Şol döw­rüň için­de ol köp san­ly ha­ýyr-sa­ha­wat çä­re­le­ri­ni, şol san­da 500-den gow­rak neý­ro­hi­rur­gik, or­to­pe­dik, kar­dio­hi­rur­gik ope­ra­si­ýa­la­ry ma­li­ýe­leş­dir­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, sag­dyn nes­li ke­ma­la ge­tir­mek üçin ze­nan­la­ra, ola­ryň be­den we ru­hy sag­ly­gy­na aý­ra­tyn üns ber­me­giň, ola­ryň ukyp-ba­şar­nyk­la­ry­ny aç­mak­la­ry üçin şert­le­ri dö­ret­me­giň ze­rur­dy­gy hem-de ene­li­gi, ça­ga­ly­gy go­ra­ma­gyň, maş­ga­la gym­mat­lyk­la­ry­ny ber­ka­rar et­me­giň, ze­nan­la­ryň dö­re­di­ji­lik we in­tel­lek­tual müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ös­dür­me­giň Türk­me­nis­ta­nyň döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýan­dy­gy nyg­tal­dy.

O.Ata­ba­ýe­wa ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň ze­nan­la­ryň we ça­ga­la­ryň bäh­bi­di­ne äh­li wa­jyp yn­san­per­wer tas­la­ma­la­ra iş­jeň gat­naş­ma­ga ça­lyş­ýan­dy­gy­ny hem-de äh­li gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän ta­rap­lar bi­len sag­ly­gy go­ra­ýyş, ylym, bi­lim, me­de­ni­ýet ul­gam­la­ryn­da hyz­mat­daş­lyk üçin açyk­dy­gy­ny aýt­dy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň be­je­riş iş­le­ri bo­ýun­ça wi­se-pre­zi­den­ti­niň be­ýan eden tek­lip­le­ri jem­gy­ýet­de dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün et­mek­de ze­nan­la­ryň or­nu­nyň mö­hüm­di­gi­ni aý­dyň­ly­gy bi­len gör­kez­di.

Ze­nan ýol­baş­çy­la­ryň du­şu­şy­gy­nyň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça Jem­leý­ji res­mi­na­ma­nyň ka­bul edil­me­gi aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe bol­dy. Res­mi­na­ma­da Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­na ýet­mek­de ze­nan­la­ryň or­ny, inkl­ýu­ziw ösü­şe ýar­dam ber­mek üçin DÇBÖBD-de ze­nan­la­ryň hu­kuk­la­ry­ny, müm­kin­çi­lik­le­ri­ni üp­jün et­me­giň ze­rur­dy­gy yk­rar edil­ýär. Mun­dan baş­ga-da, res­mi­na­ma äh­li ýol­baş­çy­la­ry hem-de gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän ta­rap­la­ry dur­mu­şyň äh­li ul­gam­la­ryn­da gen­der deň­li­gi­ni üp­jün et­mä­ge, ze­nan­la­ryň sy­ýa­sy-jem­gy­ýet­çi­lik iş­le­re deň­hu­kuk­ly gat­naş­ma­gy üçin ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­mä­ge ça­gyr­ýar. Res­mi­na­ma­da 12 sa­ny mak­sat be­ýan edil­ýär. Il­kin­ji no­bat­da, DÇBÖBD-de sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy, jem­gy­ýet­çi­lik dur­mu­şy­na de­giş­li çöz­güt­le­ri ka­bul et­me­giň äh­li tap­gyr­la­ry­na ze­nan­la­ryň do­ly hu­kuk­ly we ne­ti­je­li gat­naş­ma­gy­ny üp­jün et­me­giň hem-de ýol­baş­çy­lyk üçin deň müm­kin­çi­lik­le­ri dö­ret­me­giň ze­rur­dy­gy­na üns çe­kil­ýär. Mu­nuň üçin äh­li gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän ta­rap­la­ryň, şol san­da döw­let we hu­su­sy pu­da­gyň ýol­baş­çy­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da mil­li, se­bit we dün­ýä de­re­je­sin­de gen­der deň­li­gi­ni iler­let­mek üçin köp­çü­lik­le­ýin, ut­gaş­dy­ry­lan, anyk çä­re­le­ri gör­mek, gen­der deň­li­gi­ni we ze­nan­la­ryň yg­ty­ýar­lyk­la­ry­ny ile­ri tut­ýan sy­ýa­sat­la­ry, mil­li ösüş me­ýil­na­ma­la­ry­ny ka­bul et­mek hem-de dur­mu­şa ge­çir­mek, DÇBÖBD-de ze­nan­la­ryň ýüz­be-ýüz bol­ýan aý­ra­tyn kyn­çy­lyk­la­ry­ny çöz­mek üçin anyk çä­re­le­ri kes­git­le­mek bo­ýun­ça ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­mek tek­lip edil­ýär.

De­giş­li kär­ha­na­la­ra we te­le­ke­çi­li­ge ma­ýa go­ýum­la­ry çek­mek ar­ka­ly ze­nan­la­ryň yk­dy­sa­dy hu­kuk­la­ry­ny hem-de müm­kin­çi­lik­le­ri­ni gi­ňelt­mek me­se­le­si­ne hem üns çe­kil­ýär. Mun­dan baş­ga-da, res­mi­na­ma­da DÇBÖBD-de ze­nan­la­ryň ýo­ka­ry hil­li bi­li­me el­ýe­ter­li­li­gi­ni we ba­şar­nyk­la­ry­ny ös­dür­me­giň, şol san­da STEM (Ylym, Teh­no­lo­gi­ýa­lar, In­že­ner­çi­lik, Ma­te­ma­ti­ka) ylym­la­ry­na we­kil­çi­li­gi­ni art­dyr­ma­gyň ola­ryň kä­mil­leş­me­gin­de, sy­ýa­sy baş­lan­gyç­lar­da or­nu­nyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gyn­da mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe­di­gi yk­rar edil­ýär. Sag­ly­gy go­ra­ýyş inf­rast­ruk­tu­ra­sy­ny we hyz­mat­la­ry­ny go­wu­lan­dyr­mak ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ryň ha­ta­ryn­da kes­git­le­nil­di. Mu­nuň özi ze­nan­la­ryň aý­ra­tyn ze­rur­lyk­la­ry­ny ka­na­gat­lan­dyr­mak, ola­ryň DÇBÖBD üçin gel­jek onýyl­ly­ga ni­ýet­le­nen ösüş mak­sat­na­ma­sy­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne do­ly we ne­ti­je­li go­şant go­şup bil­mek­le­ri üçin ze­rur­dyr. Res­mi­na­ma­da He­re­ket­le­riň Awa­za mak­sat­na­ma­sy­nyň we Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­nyň bin­ýa­dyn­da bu ýurt­lar­da gen­der deň­li­gi­niň ama­la aşy­ry­ly­şyn­da ga­za­nyl­ýan ösü­şe gö­zeg­çi­li­gi ýo­la goý­ma­ga hem aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär.

Umu­man, ze­nan ýol­baş­çy­la­ryň du­şu­şy­gy deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan döw­let­ler­de her bir ze­na­nyň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni hem-de hu­kuk­la­ry­ny gi­ňelt­mek bo­ýun­ça bi­le­lik­dä­ki ta­gal­la­la­ra iter­gi be­rip, ola­ryň He­re­ket­le­riň Awa­za mak­sat­na­ma­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­mek­de eýe­le­ýän mö­hüm or­nu­ny aý­dyň gör­kez­di.

Soňky habarlar
24.08
Ählumumy ösüşiň we abadançylygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlyk
23.08
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde bilim işgärleriniň maslahaty geçirildi
22.08
Ze­nan­la­ryň müm­kin­çi­lik­le­ri­niň gi­ňel­dil­me­gi — He­re­ket­le­riň Awa­za mak­sat­na­ma­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­me­giň mö­hüm şer­ti
22.08
Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy­nyň we Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti­niň ara­syn­da­ky gep­le­şik­ler
22.08
Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy­nyň we Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti­niň ara­syn­da­ky gep­le­şik­ler
22.08
«Türk­me­nis­tan — Azer­baý­jan — Öz­be­gis­tan» for­ma­tyn­da­ky üç­ta­rap­la­ýyn du­şu­şyk
22.08
Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gynyň ýo­ka­ry de­re­je­li Türk­me­nis­tan — Azer­baý­jan — Öz­be­gis­tan du­şu­şy­gy­nyň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça met­bu­gat we­kil­le­ri­ne ÝÜZ­LEN­ME­SI
22.08
Türk­me­nis­ta­nyň, Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň we Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Bilelikdäki Beýannamasy
22.08
Hazaryň kenarynda Azerbaýjanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlaryna sowgatlar gowşuryldy
22.08
Awazada Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň ýokary derejeli duşuşygy öz işine başlady
top-arrow