Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Ýurdumyzda pagta ýygymy möwsümine badalga berildi
Ykdysadyýet
Ýurdumyzda pagta ýygymy möwsümine badalga berildi
Çap edildi 10.09.2025
3159

Düýn Türkmenistanda pagta ýygymyna köpçülikleýin girişildi. Bu möhüm oba hojalyk möwsümi ýurdumyzyň ähli sebitlerinde badalga alyp, oba hojalyk pudagynyň we milli ykdysadyýetimiziň ösüşinde uly ähmiýete eýedir.

5-nji sentýabrda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz 10-njy sentýabrda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda pagta ýygymyna girişmäge ak pata berip, pagtaçylara we oba hojalyk zähmetkeşleriniň ählisine işinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Asylly däbe görä, hormatly ýaşulular Beýik Biribardan Watanymyzyň abadançylygy, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda täze zähmet ýeňişlerine tarap öňe barýan halkymyzyň rowaçlygy barada doga-dileg edip, “bismilla” bilen pagta ýygymyna badalga berdiler.

Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň kuwwatynyň barha artýandygyny bellemek gerek. Döwrebap infrastrukturanyň döredilmegi, ýer we suw serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagy, ekerançylyk medeniýetiniň ýokarlandyrylmagy bu özgertmeleriň aýdyň netijesidir. Geçen ýylyň noýabrynda Türkmenistanda pagtanyň öndürilýän möçberini mundan beýläk-de artdyrmak maksady bilen, döwlet Baştutanymyz Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Oba hojalyk ministrligine, “Türkmenpagta” döwlet konsernine hem-de welaýatlaryň häkimliklerine 2025-nji ýylda pagtanyň degişli möçberiniň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Pagtaçylyk Türkmenistanyň oba hojalyk toplumynyň esasy pudaklarynyň biri bolup, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri ösdürmek we milli ykdysadyýetimiziň eksport kuwwatyny pugtalandyrmak boýunça maksatnamalary durmuşa geçirmekde möhüm ähmiýete eýedir. Ýurdumyzyň howa şertleri pagtanyň orta we inçe süýümli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmek üçin has amatlydyr. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, oba hojalyk pudagyna sanly tehnologiýalar işjeň ornaşdyrylýar. Şunuň bilen birlikde, tohumçylyga, pagtanyň ýokary hasylly görnüşlerini döretmäge aýratyn üns berilýär.

Döwrebap suwaryş ulgamlaryny döretmäge, oba hojalyk toplumynyň tehniki parkyny täzelemäge uly möçberde maýa serişdeleri gönükdirilýär, döwletimiz tarapyndan dünýäniň belli kompaniýalarynyň oba hojalyk tehnikalary yzygiderli satyn alynýar. Şu gezekki ýygym möwsüminde hem meýdanlarda döwrebap kombaýnlar işlediler, pagtany daşamak üçin bolsa ýük awtoulaglary, traktorlar, traktor tirkegleri ulanylar. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, ýerlerde pagta ýygymyny bökdençsiz geçirmek maksady bilen, tehnikalara gije-gündizleýin hyzmatlar ýola goýuldy, mehanizatorlaryň we pagtaçylaryň netijeli işlemegi, dynç almagy üçin talabalaýyk şertler döredildi.

Welaýatlaryň pagta kabul ediş bölümlerine, pagta arassalaýjy kärhanalaryna üsti “ak altyn” bilen doldurylan, baýdaklar, halylar hem-de şygarlar bilen bezelen ulaglaryň ilkinji kerwenleri gelip başlady. Dabaralaryň çäklerinde oba hojalyk tehnikalarynyň, gaýtadan işleýän we dokma senagaty önümleriniň sergileri ýaýbaňlandyryldy. Bagşy-sazandalaryň, tans toparlarynyň çykyşlary baýramçylyk şowhunyny has-da artdyrdy. Pagtanyň bol hasylyny ýetişdiren öňdebaryjy kärendeçilere hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Soňky habarlar
12.12
Aşgabatda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Halkara forum geçirilýär
12.12
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
12.12
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
11.12
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
11.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy
11.12
Türkmenistanyň Prezidenti Yrak Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
11.12
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
11.12
Türkmenistanyň Prezidenti Eswatini Patyşalygynyň Premýer-ministri bilen duşuşdy
11.12
Türkmenistanyň Prezidenti Mýanmanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy
11.12
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy
top-arrow