Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Arkadag şäherinde täze ýaşaýyş jaýlaryň açylyş dabarasy boldy
Jemgyýet
Arkadag şäherinde täze ýaşaýyş jaýlaryň açylyş dabarasy boldy
Çap edildi 17.09.2025
2918

2025-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda döwrümiziň iň döwrebap şäheri bolan Arkadag şäherinde ýetip gelýän beýik baýramçylyk – Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli ajaýyp ýaşaýyş jaýlaryň öýleriniň açarlarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň ýiti binagärlik zehininden dörän täze, häzirki zaman şäheriň ýaşaýyş jaýlaryndan täze öý edinen bagtyýar ýaşaýjylar üçin beýik baýramçylyk mynasybetli ajaýyp toý sowgady boldy.

Dabarada çykyş edenler şeýle guwançly pursatlaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen mümkin bolup, munuň ilatyň abadançylyk derejesiniň ýokarlanmagy hakyndaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň netijesidigini bellediler.

Täze öýleriň bagtyýar eýeleri ýurdumyzyň raýatlarynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulanmagyna yzygiderli üns berýändikleri üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler we berk jan saglyk, egsilmez güýç-kuwwat hem-de halkymyzyň, Watanymyzyň abadançylygyň bähbidine alyp barýan işlerinde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw etdiler.

Soňky habarlar
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
05.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
05.06
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
05.06
Ýurdumyzda Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär
05.06
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärlerine we ýurdumyzyň halkyna
top-arrow