Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy
Jemgyýet
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy
Çap edildi 05.10.2025
2696

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň döredijilik topary bu elektron neşiriň sentýabr aýyndaky sanyny okyjylara hödürledi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllyk toýuna beslenen aýyň dowamyndaky esasy wakalar neşiriň sahypalaryndan orun alýar.

Baş baýramymyzyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň gol çeken resminamalary bilen döwlet sylaglaryna mynasyp bolanlaryň arasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň wekilleri hem bar. Neşiriň şu sanynda şol döwlet sylaglaryna mynasyp bolan ýaşlaryň käbiriniň buýsançdan we alkyşdan püre-pür sözlerini okamak ýakymly. Şol sahypalarda üstümizdäki ýylda talyplyk bagtyna eýe bolan ýaşlaryň hem birnäçesiniň çykyşlaryna orun berlipdir.

Neşiriň täze sanynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işleri öz beýanyny tapýar. Sanly ulgamyň hukuk üpjünçiligi baradaky çykyş okyjylaryň köpüsiniň ünsüni çekse gerek. Sanly dünýä baradaky söhbet indiki sahypalarda hem dowam etdirilýär. Däp bolşy ýaly, neşirde ylym we tehnika täzelikleri hem paýlaşylypdyr.

Žurnalyň sahypalarynda ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda geçirilen ylmy işleriň bäsleşiginiň üstümizdäki ýylda ýeňijisi bolan ýaş alymlaryň birnäçesiniň alyp baran ylmy gözlegleri barada gürrüň berilýär.

Milli mirasyma ýüzlenmek neşiriň ilkinji sanlaryndan bäri dowam etdirilip gelinýär. Däp bolşy ýaly, neşirde ýaş döredijilik işgärleriniň täze şygyrlarynyň hem birnäçesini okap bilersiňiz.

Neşiriň ahyrky sahypalarynda bolsa aýlyk täleýnama, şeýle-de tagamly işdäaçaryň taýýarlanyş usullary barada maglumat berlipdir. Elektron neşiriň täze sany «Ýaş waspçy» bäsleşiginiň ýeňijisi baradaky maglumat bilen jemlenilýär.

Soňky habarlar
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
05.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
05.06
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
05.06
Ýurdumyzda Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär
05.06
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärlerine we ýurdumyzyň halkyna
top-arrow