“Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynda türkmen manadynyň dolanyşyga girizilmeginiň 32 ýyllygyna bagyşlanyp “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: türkmen manadynyň ýurduň durmuş-ykdysady ösüşindäki orny” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa ýurdumyzyň döwlet hem-de paýdarlar täjirçilik banklarynyň, maliýe-ykdysadyýet toplumynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Türkmenistanyň milli pul birliginiň dolanyşyga girizilen senesi ýurdumyzyň Garaşsyzlygy bilen aýrylmaz baglanyşykly bolup, ykdysady özygtyýarlylygyň, durnuklylygyň, ösüşiň ýolunda ynamly öňe gitmegiň nyşanydyr. 1993-nji ýylda manadyň dolanyşyga girizilmegi döwlet berkararlygyny üpjün etmekde möhüm ädim boldy. Munuň özi Türkmenistana özbaşdak we durnukly milli ykdysadyýeti döretmäge mümkinçilik berdi. Indi 32 ýyldan bäri türkmen manady öz durnuklylygyny görkezip, ýurdumyzyň oýlanyşykly makroykdysady syýasatynyň beýany bolup durýar. Milli manadymyzyň durnuklylygy raýatlarymyzyň abadan durmuşynyň kepili, maýa goýumlary çekmegiň esasy şertidir. Munuň özi halkara giňişlikde ygtybarly hyzmatdaş hökmünde Türkmenistanyň eýeleýän ornuny pugtalandyrýar hem-de işewürlik üçin amatly şertleri döredýär.

...Maslahatyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Gymmat bahaly metallar we gymmat bahaly daşlar gaznasynyň sergisi guraldy.
Maslahatyň gün tertibine milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmegi bilen ýurdumyzda gazanylýan ykdysady üstünlikler, milli pul-karz syýasatynyň durmuşa geçirilişi, bank ulgamyna sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy arkaly döwrebap bank hyzmatlarynyň ýola goýulmagy, elektron tölegler ulgamynyň kämilleşdirilmegi, halkara maliýe düzümleri bilen hyzmatdaşlyk ýaly meseleler girizildi. Hormatly Prezidentimiziň şanly sene mynasybetli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň bank ulgamynyň işgärlerine we ähli halkyna iberen Gutlagynda milli pulumyzyň dolanyşyga girizilmeginiň ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösmegi, kadaly pul dolanyşygynyň üpjün edilmegi, ýeke-täk döwlet pul-karz syýasatynyň netijeli alnyp barylmagy hem-de banklaryň ykdysadyýetimiziň pudaklaryna gönükdirýän karzlarynyň möçberiniň artdyrylmagy üçin zerur bolan amatly şertleri döredendigi bellenilýär. “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bank ulgamy çalt depginlerde ösýän ulgamlaryň birine öwrüldi. Oňa döwrebap sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly maliýe we ykdysadyýet ulgamynyň işiniň tizligi artdyrylýar, edilýän hyzmatlaryň gerimi giňeldilýär hem-de netijeliligi we hili gowulandyrylýar. Milli manadyň ykdysadyýetde dolanyşygy yzygiderli kämilleşýär, täze pul dolanyşygynyň esasynda ykdysadyýetde täze önümçilikleriň sany artýar. Ilatyň maliýe sowatlylygyny ýokarlandyrmak ugrunda netijeli işler alnyp barylýar. Bank ulgamynyň işgärleriniň hünär derejesi yzygiderli kämilleşdirilýär” diýip, döwlet Baştutanymyz Gutlagynda nygtaýar.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, döwlet syýasatynda bank ulgamynyň işjeňligini artdyrmak, milli manadymyzy pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işlere möhüm ähmiýet berilýär. Bu bolsa diňe bir maliýe ulgamyna däl, eýsem, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna-da öz täsirini ýetirýär. Türkmen manady harytlaryň we hyzmatlaryň gymmatyny ölçemegiň ýeke-täk guraly bolmak bilen, ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşini, ykdysady howpsuzlygyny üpjün etmegiň, makroykdysady deňagramlylygy saklamagyň wajyp guraly bolup durýar. Bank ulgamynyň innowasion häsiýetli ösüşini üpjün etmek, halkara maliýe guramalary, sebitleýin ösüş banklary bilen hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek, ykdysady taýdan ähmiýetli pudaklary karzlaşdyrmagy kämilleşdirmek maksady bilen, Halkara pul gaznasy, Bütindünýä banky, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky, Aziýanyň ösüş banky, Yslam ösüş banky ýaly abraýly halkara maliýe guramalary, «Fitch Ratings» halkara reýting agentligi bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Maslahata gatnaşyjylar «Fitch Ratings» agentliginiň ýurdumyza «durnukly» çaklama bilen «BB-» derejesini bermeginiň milli ykdysadyýetimiziň netijeliligine, ygtybarlylygyna aýdyň şaýatlyk edýändigini nygtadylar.
Häzirki şertlerde türkmen manady ýurdumyzyň maliýe durnuklylygynyň daýanjy bolmagynda galýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan strategik özgertmeleriň we ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmagyň netijesinde milli pul birligimiziň hümmeti barha pugtalanýar. Munuň özi raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna gönüden-göni ýardam berýär. Ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegi türkmen manadynyň durnuklylygyny saklamak üçin berk serişde binýadyny üpjün edýär.
Ylmy-amaly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.