Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 8 million 517 müň dollaryndan gowrak boldy
Ykdysadyýet
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 8 million 517 müň dollaryndan gowrak boldy
Çap edildi 03.11.2025
2113

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 13-si hasaba alyndy. 

Daşary ýurt  puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň,  Owganystanyň we Özbegistanyň telekeçileri  “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen uçar kerosinini, gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny we binýatlyk ýagyny, şeýle hem Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen  suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. 

Mundan başga-da, daşary ýurt  puluna Türkiýäniň telekeçilerine nah ýüplük we pagta süýümi ýerlenildi. Geleşikleriň  jemi bahasy ABŞ-nyň 8 million 517 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 2 million 248 müň manatdan gowrak bolan binýatlyk ýagyny we gaplaýyş plýonkasyny (“Türkmennebit”  döwlet konserni) satyn aldylar.

Soňky habarlar
03.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
03.04
A.O.Atabaýewa hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
03.04
B.M.Taňryberdiýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
03.04
A.Ö.Gurbannazarow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
02.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
02.04
Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentini gutlady
02.04
Paýtagtymyzda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi açyldy
02.04
«Demokratiýa we hukuk» žurnalynyň täze sany
02.04
«Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergä gatnaşyjylara
01.04
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
top-arrow