Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Çagalar — Watanymyzyň geljegi
Jemgyýet
Çagalar — Watanymyzyň geljegi
Çap edildi 09.11.2025
1549

Ýurdumyzda giňden bellenilen Hasyl toýy mynasybetli Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde saglygyny dikeldýän çagalara hem-de paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyndan süýjüliklerdir ýörite sowgatlar gowşuryldy. Çagalar bu sowgatlary Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Milli Liderimize tüýs ýürekden çykýan hoşallyk bilen kabul etdiler.

Milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän şanly seneleriň hormatyna Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde saglygyny dikeldýän çagalara Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan süýjüliklerdir ýörite sowgatlary gowşurmak asylly däbe öwrüldi. Munuň özi ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesilleriň, aýratyn-da, howandarlyga mätäç çagalaryň döwletimiz tarapyndan uly üns-alada bilen gurşalyp alnandygynyň beýanydyr. Ol halkymyzyň asyrlaryň dowamynda döreden dünýä nusgalyk ýörelgeleriniň nesilden-nesle geçip, biziň günlerimizde döwrebap derejede ösdürilýändiginiň güwäsidir.

Çäräniň dowamynda bu ýerde bejergi alýan çagalara baýramçylyk mynasybetli sowgatlaryň gowşurylan pursatlarynda olara hoşniýetli arzuwlar aýdyldy. Çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň asylly işleriniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilmegi netijesinde Watanymyzyň geljegi bolan çagalaryň ruhy we beden taýdan sagdyn ösüşini üpjün etmegiň döwlet syýasatynyň möhüm ugruna öwrülendigini bellediler.

Bagtyýar nesiller özleri hakynda edilýän aladalar üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan hoşallyklaryny beýan etdiler.

Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara hormatly Prezidentimiziň we Milli Liderimiziň adyndan Hasyl toýy mynasybetli iberilen süýjülikleriň we ýörite sowgatlaryň gowşurylyş dabarasy hem ýatda galyjy pursatlara baý boldy. Belent ruha beslenen çykyşlaryň dowamynda dabara gatnaşan çagalar bagtyýar durmuşy peşgeş eden Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çaga kalbyndan joşup çykýan alkyşlaryny goşgy setirleriniň üsti bilen beýan etdiler.

Soňky habarlar
03.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
03.04
A.O.Atabaýewa hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
03.04
B.M.Taňryberdiýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
03.04
A.Ö.Gurbannazarow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
02.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
02.04
Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentini gutlady
02.04
Paýtagtymyzda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi açyldy
02.04
«Demokratiýa we hukuk» žurnalynyň täze sany
02.04
«Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergä gatnaşyjylara
01.04
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
top-arrow