Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Sylaglary gowşurmak dabaralary
Jemgyýet
Sylaglary gowşurmak dabaralary
Çap edildi 20.12.2025
2474

Ýurdumyzyň zähmetde tapawutlanan raýatlaryna “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna” atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny, şeýle hem “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy” atly ýadygärlik altyn we kümüş nyşanlaryny gowşurmak dabaralary geçirildi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäreler giň gerimli aýdym-sazly dabaralar bilen dowam etdi.

Dabaralaryň dowamynda bellenilişi ýaly, raýatlaryň uly toparynyň “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna” atly Türkmenistanyň ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglanylmagy döwletimiziň olaryň uzak ýyllaryň dowamynda çeken tutanýerli hem-de netijeli zähmetine ýokary baha berýändiginiň aýdyň güwäsidir.

Ýokary sylaglara mynasyp bolan ildeşlerimiz özleriniň döredijilikli işlemegi ugrunda döredilýän hemmetaraplaýyn mümkinçilikler, döwlet derejesinde berilýän goldaw üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan edip, geljekde hem Watanymyzyň ýeten belent sepgitlerini wagyz etmäge, oňyn halkara başlangyçlaryny ilerletmäge mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynandyrdylar.

Soňky habarlar
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
05.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
05.06
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
05.06
Ýurdumyzda Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär
05.06
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärlerine we ýurdumyzyň halkyna
top-arrow