Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Ýurt garşy alsyn!
Jemgyýet
Ýurt garşy alsyn!
Çap edildi 29.12.2025
2420

Täze ýyl baýramçylygynyň öňýany ildeşlerimiziň ençemesi üçin goşa şatlyga – goşa baýrama öwrülýär. Çünki iň owadan, nurana – Täze ýyl baýramçylygynyň bellenilýän günlerinde olara täze öýleriň eýeleri bolmak bagty nesip edýär.

Şu gün Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda täze gurlan jaýlaryň açylyş dabarasynda we paýtagtymyzyň Parahat-7 ýaşaýyş toplumynyň ýaşaýyş jaýlaryndan mätäçlik çekýän raýatlarymyza, şeýle hem Mary şäherinde täze ýaşaýyş jaý toplumynyň açylyş dabarasynda ildeşlerimize täze öýleriň açarlary gowşuryldy. Köp gatly täze ýaşaýyş jaýlaryndan öýlere eýe bolmak olaryň bagtyýar maşgalalary üçin Täze ýyl baýramyna ajaýyp sowgat boldy.

Dabaranyň dowamynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan işleriniň häzirki döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilmegi arkaly Aşgabat şäheriniň barha özgerip, dünýäniň owadan şäherleriniň hatarynda öz ornuny pugtalandyrýandygyny nygtadylar. Şäher ilatynyň göwnejaý ýaşaýşy we döredijilikli zähmeti üçin ähli amatlyklaryň, oňaýly daşky gurşawyň döredilmegi, ilatyň wagtyny peýdaly geçirmegi ugrunda zerur amatlyklaryň üpjün edilmegi paýtagtymyzyň ösüşiniň möhüm ugry bolup durýar. Soňky ýyllarda Aşgabatda ähli durmuş üpjünçilik düzümlerini özünde jemleýän täze ýaşaýyş jaý toplumlary, seýilgäh zolaklary emele geldi.

Täze ýaşaýyş jaýyň öýleriniň açarlarynyň dabaraly ýagdaýda gowşurylýan pursatlary has-da täsirli boldy. Açarlary ýüzlerine sylyp kabul edýän bagtyýar öý eýeleri bu pursatlaryň ömürlik ýatlarynda galjakdygyny nygtap, şeýle bagtyýarlygy bagş eden ynsanlara – Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza dowamly alkyş sözlerini aýtdylar.

Soňky habarlar
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
05.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
05.06
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
05.06
Ýurdumyzda Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär
05.06
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärlerine we ýurdumyzyň halkyna
top-arrow