Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany okyjylara gowuşdy
Jemgyýet
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany okyjylara gowuşdy
Çap edildi 06.01.2026
2723

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» atly elektron žurnalyň 2025-nji ýylyň dekabr aýyndaky sany okyjylara ýetirildi.

Ilkinji sahypalarda «Täze eser – ýaşlar üçin belent serpaý» atly uly göwrümli makala ýerleşdirilip, onda hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitabynyň çapdan çykmagynyň ähmiýeti giňden açylyp görkezilýär. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda geçirilen halkara forumyň ähmiýeti, kabul edilen Aşgabat Jarnamasynyň mazmuny hem-de Türkmenistanyň öňe sürýän parahatçylykly başlangyçlarynyň dünýä derejesinde goldaw tapýandygy barada gürrüň berýän makalalar okyjylara hödürlenilýär.

Žurnalyň möhüm ugurlarynyň biri zenanlaryň jemgyýetdäki ornuna bagyşlanýar. «Gender deňliginiň bähbidine halkara dialog» atly giňişleýin makalada «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen halkara maslahat barada gürrüň berilýär.

«Bedew batly, at-myratly şanly ýyl» atly makala türkmen ýaşlarynyň täze ýylyň şygaryna bolan buýsanjyny beýan edýär. Paýtagtymyzdaky «Mekan» köşgünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň guramagynda 2025-nji ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen maslahatyň ýaşlar üçin ähmiýeti «Parahatçylyk – ýaşaýşyň tugy» atly makalada beýanyny tapýar.

Neşirde türkmen Bitaraplygynyň aýratynlyklary baradaky pikirler «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň hukuk esaslary» atly makalada dowam etdirilýär. Žurnalyň täze sanynda geçen ýylyň jemleýji günlerinde hormatly Prezidentimiziň şa serpaýlaryna mynasyp bolan ýaşlar baradaky makala bilen birlikde şol ýaşlaryň birnäçesiniň çykyşlary hem ýerleşdirilipdir. «Şanly ýylda parlan ýyldyz» atly makalada «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşiginiň 2025-nji ýyldaky ýeňijisi barada maglumat berilýär.

Soňky habarlar
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
05.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
05.06
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
05.06
Ýurdumyzda Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär
05.06
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärlerine we ýurdumyzyň halkyna
top-arrow