Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Türkmenistan GDA gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda «Bedew bady: güýç hem gözellik» ady bilen telewizion filmleriň döwletara bäsleşigini yglan edýär
Medeniýet
Türkmenistan GDA gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda «Bedew bady: güýç hem gözellik» ady bilen telewizion filmleriň döwletara bäsleşigini yglan edýär
Çap edildi 05.02.2026
1902

Türkmenler adamzat taryhynda ilkinji eldekileşdirilen tohum atlary — meşhur ahalteke bedewlerini kemala getiren halkdyr. Aslynda, atçylyk adamzadyň hojalyk işiniň bir görnüşi hökmünde hut ahalteke bedewleri bilen baglylykda döreýär. Bu ugruň gözbaşynda mundan bäş müň ýyl ozal behişdi bedewleri dünýä beren türkmen halky durýar.

Ahalteke bedewleri türkmenleriň taryhynyň, milli dünýägaraýşynyň we mentalitetiniň aýrylmaz bölegidir. Onuň şekili Türkmenistanyň Döwlet tugrasyny bezeýär, oňa türkmen halkynyň baý medeni, edebi we saz mirasynyň uly bölegi bagyşlanypdyr. Ahalteke bedewi türkmen halkynyň garaşsyzlygynyň, özbaşdaklygynyň we milli mertebesiniň nyşanlarynyň biridir. Türkmenistanyň Mejlisiniň kararyna laýyklykda, 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi hem munuň aýdyň mysalydyr.

Häzirki wagtda atçylyk däplerini dikeltmek we ösdürmek Türkmenistanda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Dürli ýyllarda ýurtda atçylyk we atçylyk sporty üçin niýetlenen döwrebap infrastruktura desgalary guruldy. Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda atçylyk sport toplumlary we beýleki degişli desgalar bina edildi. Atçylygyň ylmy we bilim binýady kämilleşdirilýär, bu ugurda halkara hyzmatdaşlyk yzygiderli giňeldilýär.

«Bedew bady: güýç hem gözellik» atly bäsleşige gatnaşmaga Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlardan awtorlar çagyrylýar. Mälim bolşy ýaly, şu ýyl Türkmenistan GDA-da başlyklyk edýär. Onuň bu wezipedäki işleriniň maksatlarynyň biri-de dostlukly halklaryň arasynda medeni, taryhy, ynsanperwer we sport gatnaşyklaryny ösdürmekden ybaratdyr. Atçylyk pudagyndaky hyzmatdaşlyk bu wezipäniň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.

Bäsleşige telekompaniýalar hem-de islendik ýaşdaky garaşsyz awtorlar gatnaşyp bilerler. Filmler rus ýa-da iňlis dilindäki terjime ýazgylarynyň (subtitr) görkezilmegi bilen islendik dilde bolup biler.

Bäsleşige dowamlylygy 15 — 30 minut bolan, tohum atlaryň taryhyna, atyň GDA agza ýurtlaryň halklarynyň medeniýetindäki ornuna we atçylyk sportuna bagyşlanan işler kabul edilýär.

Bäsleşik we oňa gatnaşmagyň şertleri hem-de tertibi baradaky maglumatlar dolulygyna «Türkmenistan habarlar portalynyň» resmi internet sahypasynda ýerleşdirildi.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 12) 44-22-11, (+993 65) 71-59-18, (+993 65) 53-21-62.
Elektron salgysy: internationaltvtm@gmail.com

Soňky habarlar
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
05.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
05.06
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
05.06
Ýurdumyzda Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär
05.06
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärlerine we ýurdumyzyň halkyna
top-arrow