Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi
Çap edildi 07.02.2026
1331

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardarä hem-de Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarife Yslamabat şäherindäki metjitde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getiren partlama zerarly gynanç hatyny iberdi.

“Türkmenistan terrorçylygyň we ekstremizmiň islendik ýüze çykmalaryny juda aýgytly ýagdaýda ýazgarmak bilen, bu apata garşy göreşmek hem-de ony ýok etmek işinde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýar” diýlip, hatda bellenilýär.

Döwlet Baştutanymyz şu kynçylykly pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

Soňky habarlar
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
05.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
05.06
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
top-arrow