Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna sapary
Syýasy habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna sapary
Çap edildi 16.02.2026
1348

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna sapary başlandy. Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda dürli ugurlarda netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Bu bolsa gatnaşyklary has-da öňe ilerletmekde möhümdir. Gahryman Arkadagymyzyň dostlukly ýurda şu gezekki sapary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykda täze sahypany açar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ir bilen Halk Maslahatynyň Diwanyndan çykyp, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna sapar bilen ugramak üçin paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi. Gahryman Arkadagymyz bu ýerden ABŞ-a ugrady.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky hyzmatdaşlyk hoşniýetlilik we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýar. Birnäçe ugurlary öz içine alýan netijeli gatnaşyklar häzirki wagtda ösüşiň täze derejesine çykýar. Şunda bu ýurduň dünýä belli kompaniýalarynyň birnäçesi ýurdumyzda oba hojalygy, senagat ugurlary boýunça bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýar.

Türkmenistanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň işewür düzümleriniň arasyndaky gatnaşyklar okgunly ösdürilýär. Munuň özi birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak esasynda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň uly geljeginiň bardygyny alamatlandyrýar. Iri amerikan kompaniýalary dünýäde ygtybarly hyzmatdaş hökmünde ykrar edilen Türkmenistanda maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirýärler. Bu bolsa özara bähbitli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ilerledilmegine giň ýol açýar.

Gahryman Arkadagymyzyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna bu sapary “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň şanly wakalarynyň üstüni ýetirip, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de sazlaşykly ösdürilmegine ýardam eder.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň ABŞ-a sapary dowam edýär.

Soňky habarlar
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
05.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
05.06
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
top-arrow