Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Syýasy habarlar
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Çap edildi 18.02.2026
1076

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Siziň Alyhezretiňize hem-de Türkmenistanyň doganlyk halkyna yslam ymmatynyň hemişe uly şatlyk bilen garşy alýan mukaddes Oraza aýynyň ýetip gelmegi mynasybetli mähirli gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin. Milli gymmatlyklary, däpleri özara utgaşýan, ýokary ahlak ýörelgelerine eýerýän halklarymyz bu mukaddes aýy parahatçylyk, asudalyk, özara hormat goýmak, ýakyn dostluk ruhunda garşylaýar. Munuň özi biziň kalplarymyzy aýratyn hoşniýetlilik bilen gurşaýar.

Bilelikdäki tagallalarymyzyň netijesinde soňky ýyllarda ýurtlarymyzyň arasyndaky hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarylyp, halklarymyzyň umumy abadançylygynyň bähbidine hyzmat edýär.

Pursatdan peýdalanyp, şu mukaddes we nurana günlerde Size berk jan saglyk, ýurduňyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine durmuşa geçirýän işleriňizde täze üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Şawkat MIRZIÝOÝEW,
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti.

 ***

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňize hem-de Türkmenistanyň dostlukly halkyna mukaddes Oraza aýy mynasybetli iň gowy arzuwlarymy we mähirli gutlaglarymy ibermäge şatdyryn.

Ýurtlarymyzyň halklarynyň bähbitlerine ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynanýaryn.

Beýik Allatagaladan Size berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Türkmenistanyň halkyna ösüş, rowaçlyk, tutuş musulman ymmatyna bolsa abadançylyk dileýärin.

Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Muhammad Ýunus AL-MANFI,
Liwiýanyň Prezident Geňeşiniň Başlygy.

Soňky habarlar
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
05.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
05.06
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
top-arrow