Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Saýlawlara taýýarlyk: dalaşgärleri hödürlemek işi dowam edýär
Jemgyýet
Saýlawlara taýýarlyk: dalaşgärleri hödürlemek işi dowam edýär
Çap edildi 21.02.2026
965

Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de Türkmenistanyň Mejlisiniň ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeş agzalarynyň 29-njy martda geçiriljek saýlawlaryna taýýarlyk işleri batly depginde dowam edýär. Milli saýlaw kanunçylygyna hem-de tassyklanylan meýilnama laýyklykda, ýurdumyzda geçiriljek saýlawlaryň esasy tapgyrlarynyň biri bolan dalaşgärleri hödürlemek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň welaýatlarynda, Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Demokratik partiýasyndan, Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan, Agrar partiýasyndan, raýat toparlaryndan dalaşgärleri hödürlemäge bagyşlanan mejlisler, ýygnaklar guramaçylykly geçirilýär. Olaryň dowamynda iň mynasyp wekiller döwletimiziň kanun çykaryjy edaralaryna, ýerli wekilçilikli häkimiýetlere, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna dalaşgärlige hödürlenilýär. Dalaşgärleriň ilat arasynda hormatlanylýan, zähmetsöýer adamlardygyny, olaryň arasynda milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda işleýän köp sanly tejribeli hünärmenleriň bardygyny bellemek gerek.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, hödürlenilýänleriň çäklendirilmedik sany ara alnyp maslahatlaşylyp bilner. Her bir saýlaw okrugyna bir orun üçin birnäçe dalaşgär hödürlenilýär. Bu bolsa saýlawlaryň giň bäsdeşlik esasynda geçiriljekdigini subut edýär. Syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri, raýatlar toparlary tarapyndan bellenilen milli synçylaryň gatnaşmagy saýlawlaryň açyklyk we aýdyňlyk esasynda geçirilmegini üpjün eder. Dalaşgärleri hödürlemek işi saýlawçylaryň işjeň gatnaşmaklarynda guralýar. Jemgyýetçilik guramalarynyň, döwlet edaralarynyň wekilleriniň ilat bilen geçirýän duşuşyklary muňa uly itergi berýär.

29-njy martda geçiriljek saýlawlar Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän demokratik özgertmeleriň ýolunda möhüm ädim bolar. Bu başlangyçlar özgertmeler we innowasiýalar ýoly bilen täze üstünliklere tarap ynamly öňe barýan ýurdumyzyň yzygiderli ösüşlerini nazarlaýar. Şunuň bilen baglylykda, öňde boljak saýlawlar we dalaşgärleri hödürlemek boýunça dowam edýän işler ýurdumyzda hem-de türkmen jemgyýetinde demokratik ýörelgeleriň uly orun eýeleýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Şeýlelikde, öňde boljak saýlawlar Watanymyzyň demokratik binýadyny we döwlet özygtyýarlylygyny has-da pugtalandyrmaga goşant goşar.

Soňky habarlar
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
05.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
05.06
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
05.06
Ýurdumyzda Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär
05.06
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärlerine we ýurdumyzyň halkyna
top-arrow