Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Syýasy habarlar
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Çap edildi 22.02.2026
928

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Mukaddes Oraza aýy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize hem-de Türkmenistanyň halkyna gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy ibermäge şatdyryn. Gudraty Güýçli Allatagaladan Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň halkyna bolsa mundan beýläk-de rowaçlyk we abadançylyk dileýärin.

Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Hamad bin Isa AL HALIFA,
Bahreýniň Patyşasy.
 

* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
 

Mukaddes Oraza aýy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy ibermek meniň üçin ýakymlydyr. Gudraty Güýçli Allatagaladan bu mübärek aýda eden doga-dilegleriňiziň kabul bolmagyny dileýärin.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa rowaçlyk arzuw edýärin.

Haýsam bin TARIK,
Omanyň Soltany.
 

* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
 

Siziň Alyhezretiňiz!

Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adymdan mukaddes Oraza aýy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa abadançylyk baradaky arzuwlarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

ABDULLA II,
Iordaniýanyň Patyşasy.
 

Soňky habarlar
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
05.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
05.06
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
top-arrow