Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Ene mukaddesligine sarpa
Jemgyýet
Ene mukaddesligine sarpa
Çap edildi 02.03.2026
1093

Şu gün Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Halkara zenanlar güni mynasybetli “Ene hüwdüsi — iň kämil eser” atly dabaraly maslahat geçirildi. Şanly wakalara beslenýän “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Mejlisiň, Medeniýet ministrliginiň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariatynyň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň bilelikde guramagynda geçirilen maslahatda häzirki döwürde gelin-gyzlaryň el hünäriniň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýändigi baradaky çykyşlar diňlenildi.

Aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşykly dowam eden dabara artistleriň gatnaşmagynda taýýarlanan edebi-sazly kompozisiýa bilen başlandy. Onda ýurdumyzyň gelin-gyzlarynyň jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlarynda alyp barýan işleri, el hünäriniň nesilden-nesle geçirilmegi, edep-terbiýäniň, maşgala gymmatlyklarynyň ähmiýeti bilen baglanyşykly çykyşlar öz beýanyny tapdy. Dabaraly maslahatyň dowamynda çykyş edenler Diýarymyzda zenanlara goýulýan sarpanyň, olaryň el hünäriniň ähmiýeti, eneleriň nesil terbiýesine örän jogapkärçilikli, halkymyzyň döreden ýagşy dessurlaryna laýyklykda çemeleşýändikleri barada durup geçdiler. Şunda ýaşlary terbiýelemekde zenanlaryň mähremligine, olaryň edep-terbiýe baradaky ýörelgelerine möhüm ornuň degişlidigi nygtaldy. Watanymyzda mähriban enelerimize, gelin-gyzlarymyza çuňňur hormat-sarpa goýmagyň gözbaşy müňýyllyklara uzaýar.

Dabaraly maslahatyň dowamynda ýaňlanan aýdym-sazlarda ýurdumyzda zenan mertebesine belent hormat goýulýandygy, olaryň çagalary milli ruhda terbiýelemekde eýeleýän orny baradaky hakykat öz beýanyny tapdy. Häzirki döwürde bu asylly ýörelgeler, asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alan ýagşy dessurlar döwrebap derejede ösdürilýär. Aýratyn-da, çykyşlarda ene hüwdüsiniň mukaddesligi, onda ynsanyň bagtyýar durmuşy baradaky arzuwlaryň beýanyny tapýandygy hakynda aýdyldy. Şeýle hem çykyş edenler ýurdumyzyň gelin-gyzlarynyň alyp barýan işlerine, çeper döredijiligine goýulýan sarpanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülendigini nygtadylar.

Jemgyýetiň sazlaşykly ösmeginde, milli agzybirligimizi, jebisligimizi has-da berkitmekde, ýaş nesilleri watansöýüjilik, maşgala ojagyna wepalylyk ruhunda terbiýelemekde eneleriň yhlasyna wajyp ornuň degişlidigini belläp, çykyş edenler bu işleriň has-da rowaçlanmagyna döwlet derejesinde ähmiýet berilýändigi üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza alkyşlaryny beýan etdiler.

Soňky habarlar
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
05.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
05.06
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
05.06
Ýurdumyzda Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär
05.06
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärlerine we ýurdumyzyň halkyna
top-arrow