Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Gahryman Arkadagymyz «CNPC-niň» ýolbaşçysy bilen duşuşdy
Syýasy habarlar
Gahryman Arkadagymyz «CNPC-niň» ýolbaşçysy bilen duşuşdy
Çap edildi 18.03.2026
674

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow HHR-e dostluk saparynyň çäklerinde Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) direktorlar geňeşiniň başlygy Daý Houlýan bilen duşuşdy.

Duşuşygyň öňüsyrasynda “CNPC-niň” ýolbaşçysy Gahryman Arkadagymyzy korporasiýanyň wekilleri bilen tanyşdyrdy. Soňra bilelikde ýadygärlik surata düşmek dabarasy boldy.

Daý Houlýan belent mertebeli türkmen myhmanyny mähirli mübärekläp, Milli Liderimiz bilen duşuşmagyň ýolbaşçylyk edýän korporasiýasy üçin uly hormatdygyny belledi we şu gezekki saparyň hytaý-türkmen hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini tassyklaýan taryhy waka bolup durýandygyny aýtdy. Ol pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimize mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Şeýle-de Daý Houlýan Gahryman Arkadagymyzy we döwlet Baştutanymyzy ýetip gelýän Nowruz baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de “Açyk gapylar” syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirýän Türkmenistanyň Hytaý bilen dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berýändigini aýdyp, deňhukuklylyk, özara düşünişmek, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan netijeli döwletara gatnaşyklaryň häzirki döwürde täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň we HHR-iň Başlygynyň tagallalaryny belledi.

Hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljekki ugurlary barada pikir alyşmalaryň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýurdumyzyň “CNPC” korporasiýasy bilen özara tejribe alyşmagy dowam etdirmegi, hyzmatdaşlygy has-da ilerletmegi maksat edinýändigini tassyklady. Bellenilişi ýaly, türkmen-hytaý gatnaşyklary ugurlaryň giň gerimini, şol sanda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, logistika, senagat, tehnologiýalar, medeni-ynsanperwer ulgamlary öz içine alýar. Ýangyç-energetika ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz nebitgaz pudagynda özüni ýurdumyzyň ygtybarly hyzmatdaşy hökmünde görkezen “CNPC-niň” möhüm ornuna ünsi çekdi.

Milli Liderimiz şu ýyl Türkmenistan bilen Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň hyzmatdaşlygyna 20 ýyl dolýandygyny aýdyp, bu şanly sene mynasybetli halkara ylmy-amaly maslahatyň geçirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Duşuşygyň dowamynda hormatly Arkadagymyz hem-de HHR-iň iri korporasiýasynyň ýolbaşçysy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar. Şunda nebitgaz ulgamyndaky türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň netijeli döwletara gatnaşyklaryň nusgasydygy nygtaldy. Häzirki wagtda türkmen mawy ýangyjynyň Hytaýa iberilmegini üpjün edýän gaz geçirijini gurmak boýunça amala aşyrylan bilelikdäki taslama bu hyzmatdaşlygyň aýdyň netijesidir. Şunda “Galkynyş” gaz käniniň nobatdaky tapgyryny özleşdirmek babatda gazanylan ylalaşygyň wajyp ähmiýeti bellenildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Galkynyş” gaz käniniň tapgyrlaýyn özleşdirilmegi netijesinde müňlerçe täze iş ornunyň döredilendigini aýtdy.

Gahryman Arkadagymyz sebit ähmiýetli taslamalara ünsi çekip, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň möhüm bölegi bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň ähmiýetini belledi.

“CNPC-niň” ýolbaşçysy asyryň iri taslamalarynyň biri bolan Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň durmuşa geçirilmeginde Gahryman Arkadagymyzyň ägirt uly ornuny nygtap, tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän Türkmenistanda döredilýän amatly maýa goýum şertleri üçin hormatly Prezidentimize hem-de Milli Liderimize hoşallyk bildirdi.

Daý Houlýan Türkmenistan bilen ýangyç-energetika pudagynda ýola goýlan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etdirmäge taýýardygyny tassyklap, ýolbaşçylyk edýän korporasiýasynyň hyzmatdaşlyk borçnamalaryna hemişe jogapkärçilikli çemeleşjekdigine ynandyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Daý Houlýan iki ýurduň halklarynyň abadançylygyna gönükdirilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
05.04
Şu günki üstünlikler — Watanymyzyň geljekki ösüşleriniň binýady
04.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy
03.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
03.04
A.O.Atabaýewa hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
03.04
B.M.Taňryberdiýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
03.04
A.Ö.Gurbannazarow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
02.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
02.04
Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentini gutlady
02.04
Paýtagtymyzda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi açyldy
02.04
«Demokratiýa we hukuk» žurnalynyň täze sany
top-arrow