Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Gen­der deň­li­gi­ni iler­let­me­giň mö­hüm ugur­la­ry
Jemgyýet
Gen­der deň­li­gi­ni iler­let­me­giň mö­hüm ugur­la­ry
Çap edildi 26.03.2026
968

Şu gün paý­tag­ty­myz­da­ky «Ýyl­dyz» myh­man­ha­na­syn­da gen­der deň­li­gi­ni iler­let­mek we onuň ka­nun­çy­lyk esas­la­ry­ny ber­kit­mek bo­ýun­ça par­la­men­ta­ra dia­lo­ga ba­gyş­la­nan mas­la­hat ge­çi­ril­di. Oňa Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň ýol­baş­çy­la­ry, ugur­daş mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň, hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň, bir­nä­çe döw­let­le­riň we­kil­le­ri, žur­na­list­ler gat­naş­dy­lar.

Mas­la­hat­da gen­der deň­li­gi­ni pug­ta­lan­dyr­mak bo­ýun­ça hal­ka­ra de­re­je­de ama­la aşy­ryl­ýan iş­le­riň ugur­la­ry ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Ol gen­der deň­li­gi­ni üp­jün et­mekde äh­lu­mu­my ta­gal­la­lar ba­bat­da bi­le­lik­dä­ki he­re­ket­le­riň iş­jeň­leş­di­ril­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len mö­hüm çä­rä öw­rül­di. Çy­kyş­lar­da Türk­me­nis­ta­nyň ze­nan­la­ryň hu­kuk­la­ry we gen­der deň­li­gi ul­ga­myn­da­ky hal­ka­ra borç­na­ma­la­ry, bu ug­ra de­giş­li hal­ka­ra kon­wen­si­ýa­la­ryň düz­gün­le­ri­ni yzy­gi­der­li ýe­ri­ne ýe­tir­mek ug­run­da alyp bar­ýan iş­le­ri­ne üns be­ril­di.

Gen­der deň­li­gi­niň äh­li ugur­la­ry­nyň ka­nun­çy­lyk esas­la­ry­ny ber­kit­mek we ony kä­mil­leş­dir­mek me­se­le­le­ri­niň hä­zir­ki döw­rüň wa­jyp we­zi­pe­le­ri­niň bi­ri bo­lup dur­ýan­dy­gy ba­ra­da aý­dyl­dy. Mas­la­ha­tyň do­wa­myn­da oňa gat­na­şy­jy­lar gen­der deň­li­gi­ni pug­ta­lan­dyr­mak­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­ri gi­ňelt­mek, ze­nan­la­ryň hu­kuk­la­ry­ny go­ra­ma­gyň mil­li usul­la­ry­ny kä­mil­leş­dir­mek, par­la­men­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gy iş­jeň­leş­dir­mek me­se­le­le­ri ha­kyn­da pi­kir alyş­dy­lar. Şun­da gen­der deň­li­gi­ni üp­jün et­mek bo­ýun­ça He­re­ket­le­riň mil­li me­ýil­na­ma­sy­nyň no­bat­da­ky tap­gy­ry­ny (2026 — 2030-njy ýyl­lar) dur­mu­şa ge­çir­mä­ge de­giş­li so­rag­la­ra aý­ra­tyn üns çe­kil­di.

Çy­kyş­lar­da bel­le­ni­li­şi ýa­ly, türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz ta­ra­pyn­dan ba­şy baş­la­nyp, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň baş­tu­tan­ly­gyn­da üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty giň hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gyň esas­la­ry­ny ber­kit­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir. Şeý­le-de çy­kyş­lar­da ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­lar bi­len gat­na­şyk­la­ry ös­dür­me­giň, ze­nan­lar bi­len er­kek­le­riň deň hu­kuk­la­ry­ny we müm­kin­çi­lik­le­ri­ni üp­jün et­me­giň mö­hüm­di­gi nyg­tal­dy. Bu bol­sa de­giş­li ugur bo­ýun­ça he­re­ket­le­riň ka­nun­çy­lyk taý­dan ber­ki­dil­me­gi­ni, onuň hu­kuk hem-de dü­züm­le­ýin bin­ýa­dy­nyň kä­mil­leş­di­ril­me­gi­ni ta­lap ed­ýär.

Ne­ti­je­li we iş­jeň ýag­daý­da ge­çen mas­la­hat­da söz söz­län­ler äh­lu­mu­my de­re­je­de gen­der deň­li­gi­niň üp­jün edil­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len we­zi­pe­le­riň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gin­de bi­le­lik­dä­ki ta­gal­la­la­ryň äh­mi­ýe­ti ha­kyn­da aý­dyp, bu ugur bo­ýun­ça du­şu­şyk­la­ryň ge­çi­ril­me­gi­niň, okuw sa­pak­la­ry­ny we mas­la­hat­la­ry yzy­gi­der­li gu­ra­ma­gyň wa­jyp­dy­gy­ny bel­le­di­ler.

Soň­ra mas­la­hat mej­lis­ler ar­ka­ly do­wam et­di. Dür­li ugur­la­ry öz içi­ne alan mej­lis­ler­de gen­der deň­li­gi­ni, ze­nan­la­ryň hu­kuk­la­ry­ny iler­let­mek­de hal­ka­ra ka­nun­çy­lyk ka­da­la­ry­nyň esas­la­ry, ola­ryň ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gin­de par­la­men­ta­ri­le­riň or­ny bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­re ga­ral­dy. Türk­me­nis­tan bi­len BMG-niň Ilat gaz­na­sy­nyň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mä­ge de­giş­li so­rag­lar hem üns mer­ke­zin­de bol­dy.

Soňky habarlar
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
05.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
05.06
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
05.06
Ýurdumyzda Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär
05.06
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärlerine we ýurdumyzyň halkyna
top-arrow