Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy
Jemgyýet
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy
Çap edildi 08.04.2026
1297

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» žurnaly 2026-njy ýyldaky 3-nji sany çap edildi.

Neşiriň baş makalasy «Beýik dostlugyň täze gözýetimleri» diýlip atlandyrylýar. Ol Gahryman Arkadagymyzyň Hytaý Halk Respublikasyna dostluk saparynyň ýaşlaryň ykbalyny galkyndyryjy aýratynlyklaryna bagyşlanýar. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bäş ýylyň dowamynda bitiren haýyrly işleri hakyndaky makala hem okyjylarda gyzyklanma döreder.

Ýaşlar neşiriniň täze sanynda iňlis dilinde paýlaşylan ilkinji makala mart aýynda bellenilen Halkara zenanlar gününe bagyşlanypdyr. «Ýaşyl dünýäniň ýaraşygy» atly çykyş bolsa ýazky bag ekiş möwsüminiň başlanmagyna bagyşlanýar.

Baharyň ilkinji aýynda ýurdumyzda asylly däbe öwrülen «Talyp gözeli» bäsleşigi hem geçirildi. Bu bäsleşigiň geçirilişi we ýeňijileri barada neşir ýörite makalada gürrüň berýär.

Döwlet edaralarynda emeli aň tehnologiýasynyň ornuna bagyşlanan çykyş döwrebap wezipeden söz açýandygy bilen gyzyklydyr. Täsirli makalalaryň ýene birinde halkara giňişlikde meýletinçi-terjimeçilik işiniň ähmiýetine üns çekilýär.

Neşiriň şu sanyndaky täsirli makalalaryň ýene birinde Magtymguly Pyragynyň döredijiligindäki tebigata bolan söýgi käbir hytaý şahyrlary bilen deňeşdirilýär. Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýewiň döredijilik ýoly baradaky makala «Millilige gulluk etmeli» diýip atlandyrylypdyr. Şahyr Çary Ýegenmyradowyň döredijilik dünýäsinden söhbet açýan «Pursatlar» atly makala hem okyjyny özüne çekse gerek.

Žurnalda ýerleşdirilen «Hyýallaryň ganatynda» atly makala Gurbannazar Ezizowa bagyşlanypdyr. Bagtlylyk hakyndaky çykyşy iňlis dilinde okap bilersiňiz. Rus dilindäki makalada bolsa şygryýetiň jadylaýjy güýji barada gürrüň edilýär.

Däp bolşy ýaly, žurnal aprel aýynyň täleýnamasyny hem paýlaşýar. Neşiriň ahyrky sahypalarynda ahalteke bedewleri, emeli aň baradaky çykyşlar hem täsirli bolupdyr. Öý bikeleri şu gezek semeniniň taýýarlanylyşy baradaky maglumatlary hem okap bilerler. Şeýle-de «Ýaş waspçy» bäsleşiginiň täze ýeňijisi barada maglumat berilýär.

Soňky habarlar
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
05.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
05.06
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
05.06
Ýurdumyzda Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär
05.06
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärlerine we ýurdumyzyň halkyna
top-arrow