Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy
Çap edildi 08.04.2026
35

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň çäginde 4 müň 500 hojalyga niýetlenen täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy. Mary welaýatyna ugramak üçin paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gelende, döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek boýunça başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Oba milli maksatnamasynda, “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” göz öňünde tutulan işleriň çäklerinde ýurdumyzyň ähli sebitlerinde döwrebap ýaşaýyş jaýlary yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda düýbi tutulýan täze, döwrebap şäherçe hem munuň bir mysalydyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň çar künjeginde medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalaryň gurlup ulanmaga berilmeginiň milli ykdysadyýetimiziň kuwwatynyň aýdyň görkezijisidigini bellemek gerek. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Şonuň netijesinde ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş toplumlarynyň, obadyr şäherçeleriň gurluşyklary dünýäniň öňdebaryjy tejribesine laýyklykda alnyp barylýar.

Diýarymyzyň dürli künjeklerinde kemala gelýän täze obalardyr şäherçeler halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmegi nazarlaýan giň gerimli özgertmeleriň aýdyň nyşanydyr. Olaryň taslamalary işlenip düzülende ýaşaýjylar üçin ähli amatlyklar göz öňünde tutulýar, ýaş nesliň sazlaşykly ösmegi, bilim almagy, wagtyny gyzykly geçirmekleri üçin zerur bolan ähli şertler döredilýär. Çagalar baglarynyň, umumybilim berýän mekdepleriň häzirki zaman talaplaryna laýyklykda gurulmagyna hem-de enjamlaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Bu ugurda alnyp barylýan işler oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak bilen bir hatarda, müňlerçe iş orunlaryny döretmäge-de goşant goşýar.

...Biraz wagtdan döwlet Baştutanymyzyň uçary Mary şäheriniň Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz mähirli garşylanyldy. Soňra Arkadagly Gahryman Serdarymyz welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna tomaşa etdi. Aýdym-sazly çykyşdan soňra, döwlet Baştutanymyz dikuçarda täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasynyň geçirilýän ýerine bardy. Dabaranyň geçirilýän ýerinde uly ruhubelentlik ýagdaýy emele geldi. Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Mary welaýatynyň häkimi, halk köpçüligi bar.

Ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşy dabara aýratyn öwüşgin çaýdy. Soňra hormatly Prezidentimiz dabaranyň geçirilýän ýerinde ýörite gurnalan mejlisler zalyna baryp, Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň çäginde täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasy mynasybetli çykyş etdi.

Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzda giň gerimli işleriň alnyp barylýandygyny, täze, döwrebap şäherleriň, şäherçeleriň we obalaryň, senagat desgalarynyň, önümçilik kärhanalarynyň yzygiderli gurlup ulanmaga berilýändigini aýtdy hem-de Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginde täze, döwrebap şäherçäniň gurluşygyna badalga bermek dabarasy mynasybetli hemmeleri tüýs ýürekden gutlady.

Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren «Döwlet adam üçindir!» diýen şygary esasynda ýurdumyzda adam hakyndaky alada döwlet syýasatymyzyň baş maksady bolup durýar. Raýatlary häzirki zaman, amatly we elýeterli ýaşaýyş jaýy bilen üpjün etmek durmuş-ykdysady syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Maksatnama laýyklykda, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda täze obalaryň, şäherçeleriň gurluşygy yzygiderli dowam edýär. “Täze, döwrebap obalaryň, şäherçeleriň gurulmagy adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga ýardam berýär. Bu işleriň ählisi «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen syýasatymyzyň iş ýüzünde üstünlikli amala aşyrylýandygyny görkezýär” diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi.

Geçen ýyl Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda Döwletli mekan, Kaka etrabynda Bagtly zamana obalarynyň, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda Bitaraplyk şäherçesiniň açylmagy halkymyz üçin uly sowgat boldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda hem raýatlarymyz üçin iň amatly ýaşaýyş şertlerini döretmek, ýurdumyzyň sebitlerini abadanlaşdyrmak boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny nygtady.

Bu günki düýbi tutulýan täze, döwrebap şäherçede-de ähli amatly şertler dörediler. Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi tarapyndan guruljak täze şäherçe 800 gektardan gowrak meýdany öz içine alar. Ýolöten etrabyndaky täze şäherçede jemi 22 müň 500-den gowrak ilata niýetlenen 4 müň 500 sany ýaşaýyş jaýy bina ediler. Bu jaýlarda adamlaryň ýaşamagy üçin amatly şertler dörediler. Şeýle hem bu ýerde Geňeşiň edara binasy, orta mekdepler, çagalar baglary, saglyk merkezleri, medeniýet öýi, metjit gurlup ulanmaga berler. Täze şäherçede döwrebap durmuş üpjünçilik ulgamlary hereket eder. “Şeýlelikde, ýene-de az wagtdan Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda ýaşamak üçin ähli şertleri bolan täze şäherçe bina ediler. Täze şäherçäniň gurulmagy ýurdumyzda bagtyýar halkymyzyň abadan durmuşy ugrunda tutumly işleriň rowaçlanýandygyny ýene-de bir gezek aýdyň görkezer” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň beýleki welaýatlary bilen bir hatarda, Mary welaýatynyň hem durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini, bu ýerde kuwwatly senagat kärhanalarynyň, medeni-durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň yzygiderli gurlup ulanmaga berilýändigini, ýakyn günlerde bolsa möhüm ähmiýetli taryhy taslamanyň — «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryna badalga beriljekdigini belledi.

“Biz geljekde hem ýurdumyzyň welaýatlaryny toplumlaýyn ösdürmek, döwrebap desgalary gurmak, täze önümçilikleri döretmek boýunça maksatnamalaýyn işleri üstünlikli dowam etdireris. Biziň esasy maksadymyz halkymyzyň, her bir maşgalanyň, ýurdumyzyň her bir raýatynyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmekden ybaratdyr” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda döwrebap, täze şäherçäniň gurluşygyna badalga berilmegi bilen hemmeleri ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady.

Soňra bu ýerde täze guruljak döwrebap şäherçe barada giňişleýin maglumat berýän wideoşekiller görkezildi. Soňra Ýolöten etrabynyň ýaşaýjylary hoşallyk sözleri bilen çykyş etdiler.

Ilki bilen, etrabyň ýaşaýjysy A.Saparowa söz berildi. Ol hormatly Prezidentimiziň Şa gadamynyň düşen ýeriniň gül-gülzarlyga, bereket çeşmesine öwrülýändigini, täze taryhy eýýamda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanýandygyny belläp, täze, döwrebap şäherçäniň gurluşygyna badalga berýändigi üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.

Bellenilişi ýaly, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän işleriň çäklerinde Watanymyzyň ähli ýerlerinde döwrebap obalar, şäherçeler gurlup ulanmaga berilýär. A.Saparow ähli amatlyklary bolan müňlerçe ýaşaýyş jaýyny, çagalar baglaryny we mekdepleri özünde jemlejek döwrebap şäherçäniň gurluşygyna badalga berilmeginiň munuň aýdyň beýanydygyny nygtap, hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli asylly başlangyçlarynyň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.

Soňra etrabyň ýaşaýjysy P.Jumaýewa hormatly Prezidentimizi hem-de dabara gatnaşyjylary mübärekläp, halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmek ugrunda edýän tagallalary, zenanlara dürli ugurlarda zähmet çekmäge, ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge döredip berýän mümkinçilikleri üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi. P.Jumaýewa Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda gurluşygyna badalga berilýän täze, döwrebap şäherçäniň Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanydygyny aýtdy hem-de Gahryman Arkadagymyza we döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.

Ýaş nesliň wekili A.Aidow hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýaşlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamaklary, döwrebap bilim almaklary üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini aýdyp, Ýolöten etrabynda täze, döwrebap şäherçäniň düýbüniň tutulmagynyň hem halkymyzyň abadan durmuşy baradaky aladanyň aýdyň güwäsidigini belledi. A.Aidow halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek babatda edýän taýsyz tagallalary üçin döwlet Baştutanymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, berk jan saglyk, uzak ömür, tutumly işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdi.

Çykyşlar tamamlanandan soňra, döwlet Baştutanymyz körpeleriň haýyşy boýunça täze desganyň düýbüniň tutulmagy mynasybetli ýadygärlik ýazga gol çekdi. Soňra döwlet Baştutanymyz ýadygärlik ýazgy galdyrylan gutujygy ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda täze şäherçäniň binýadyna atdy. Hormatly Prezidentimiz döwrebap şäherçäniň binýadyna ilkinji beton garyndysyny atdy hem-de halkymyzyň asylly däbine eýerip, bu beýik başlangyja ak pata berdi. Döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerip, il sylagly ýaşulular hem desganyň düýbüne beton garyndysyny atdylar.

Soňra Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan çagalara sowgatlar gowşuryldy.

Dabara tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz hemmeler bilen mähirli hoşlaşyp, dikuçarda Mary şäheriniň Halkara howa menziline geldi we bu ýerden paýtagtymyza ugrady.

Biraz wagtdan döwlet Baştutanymyzyň uçary Aşgabadyň Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde Arkadagly Gahryman Serdarymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary garşyladylar.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň Mary welaýatyna amala aşyran iş sapary halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek ugrunda amala aşyrylýan netijeli işleriň nobatdaky aýdyň beýany boldy.

***

Şu gün Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň çäginde täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasy mynasybetli toý sadakasy berildi.

Soňky habarlar
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginde täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyndaky ÇYKYŞY
08.04
Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna sapary başlandy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
08.04
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň dykgatyna
08.04
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
07.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy
07.04
Gahryman Arkadagymyz bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
07.04
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
top-arrow