Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Awstriýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen söhbetdeşligi
Syýasy habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Awstriýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen söhbetdeşligi
Çap edildi 11.04.2026
38

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistana goňşy sebit bolan Ýakyn Gündogardaky ýagdaýlar örän çylşyrymly bolmagynda galýar. Mundan başga-da, köpçülikleýin gyryş ýaraglaryny ulanmaga çenli dartgynlygyň güýçlenmek ähtimallygy hem aradan aýrylmaýar. Şeýle ýagdaýyň netijeleri nähili bolarka?

—Häzirki emele gelen ýagdaýyň ösüşi Türkmenistany örän ynjalykdan gaçyrýar. Bu ýagdaýyň bizi howsala salmagy ýönelige däl. Sebäbi, giň çäkleri öz içine alýan Ýakyn Gündogar sebiti geografiýa taýdan Türkmenistana hem galtaşýar. Şoňa görä-de, şol ýerdäki ýagdaýlar goňşy ýurtlara we tutuş sebite ýaramaz täsirini ýetirip biler.

Türkmenistan – bitarap döwlet. Biziň garaýşymyz gapma-garşylykly ýagdaýlary we dawalary parahatçylykly, syýasy-diplomatik serişdeler arkaly çözmäge esaslanýar. Munuň özi hiç wagt üýtgemedik we üýtgemeýän düýpli garaýyşdyr.

Şol bir wagtda, Türkmenistan soňky üç onýyllygyň dowamynda harby işjeňligi peseltmäge, daşary syýasatyň guraly hökmünde güýç ulanmak usullaryny aradan aýyrmaga gönükdirilen köptaraply tagallalara işjeň gatnaşyp gelýär.

Ilkinji nobatda bu köpçülikleýin gyryş ýaraglaryna degişlidir. Türkmenistanyň köpçülikleýin gyryş ýaraglaryny gadagan etmek ugrunda üzül-kesil çykyş edýändigini açyk aýdasym gelýär.

Biziň ýurdumyz ýaraglara gözegçilik etmek boýunça esasy halkara-hukuk resminamalarynyň köpüsine, şol sanda Ýadro ýaragyny ýaýratmazlyk hakynda Şertnama we Ýadro synaglaryny doly gadagan etmek hakynda Şertnama gatnaşyjy bolup durýar.

Mundan başga-da, Türkmenistan Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakynda Şertnamanyň hem işjeň gatnaşyjylarynyň biridir.

Şeýle hukuk ýagdaýy biziň üçin ýöne bir syýasy ýa-da harby-tehniki binýady (категория) bolman, eýsem ilkinji nobatda, ahlak, ynsanperwerlik, häzirki we geljekki nesilleriň öňünde öz jogapkärligiňe düşünmek meselesi hem bolup durýar.

Men hünärim boýunça onlarça ýyllary döwlet gullugynda häzirki we geljekki nesilleriň saglygyny hem-de ömrüni gorap saklamaga bagyşlan, lukman hökmünde köpçülikleýin gyryş ýaraglarynyň düzedip bolmajak ýaramaz netijelere getirjekdigini belläsim gelýär. Onuň ulanylan ýagdaýynda ilata, ekologiýa, iri sebitleriň durmuş, ykdysady ösüşiniň ähli ugurlaryna agyr täsir etjekdigini bilýärin. Bu örän düýpli we ýokary derejede jogapkärçiligi talap edýän meseledir. Muňa kembaha, ýüzleý we oýlanyşyksyz garamak ýol berilmesiz örän howply ýagdaýdyr.

Häzirki ýakyn gündogar dawasynda hazarýaka çäklerine hem harby taýdan zarbalaryň urlandygy belli boldy. Muňa Siziň, umuman, Türkmenistanyň garaýşy nähili?

—Türkmenistanyň hazarýaka döwletleri bolan Azerbaýjan, Gazagystan, Eýran we Russiýa bilen bilelikde otuz ýyldan-da köp wagtyň dowamynda yzygiderli hem-de açyk göwünli meýiller bilen hazar hyzmatdaşlygyny ýola goýandygyna düşünmek gerek. Şu ýyllarda biz öz işlerimizi utgaşdyrdyk, hyzmatdaşlygyň dürli ugurlarynda bilelikde üstünlikleri gazandyk.

Netijede, 2018-nji ýylda ähli kenarýaka ýurtlar tarapyndan baş resminama – Hazar deňziniň hukuk ýagdaýy hakynda Konwensiýa gol çekildi. Resminamada Hazar deňziniň parahatçylyk, ylalaşyk we hoşniýetli goňşuçylyk giňişligi bolup durýandygy, bu ýerde hazarýaka ýurtlaryndan beýleki döwletleriň harby güýçlerini ýerleşdirmegiň ýa-da işjeňliginiň gadagan edilýändigi aýdyň beýan edildi. Bu kesgitleme sebit howpsuzlygynyň esas goýujy bölegidir.

Şoňa görä-de, serhetdeş hazarýaka döwletiniň çäklerine harby zarbalaryň urulmagyna Türkmenistanyň biynjalyk bolmagy tebigydyr. Biziň ýurdumyz şeýle hereketleri doly ret edýär. Hazar sebitinde harby hereketler düýbünden ýol berilmesizdir.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan ýaňy-ýakynda teklip edilen Hazarýaka döwletleriniň Bilelikdäki beýannamasynyň taslamasyna dykgatly seredenden soň, ony goldamak barada karara geler.

Bu taslamada Ýakyn Gündogardaky harby gapma-garşylygyň Hazar sebitine ýaýramagynyň onuň düýpli güýçlenmegini aňladýandygy hem-de sebit howpsuzlygyna wehim salýandygy bellenilýär.

Bu resminama biziň düýpli garaýyşlarymyzy hem-de gapma-garşylygyň giňelmegini goldamaýandygymyz barada pikirimizi beýan edýär.

Soňky habarlar
11.04
Türkmenistan ählumumy tagallalary birleşdirmäge goşant goşýar
11.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyndaky ÇYKYŞY
11.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Awstriýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen söhbetdeşligi
11.04
Gahryman Arkadagymyz MAGATE-niň Baş direktory bilen duşuşdy
11.04
Gahryman Arkadagymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşygy
11.04
Gahryman Arkadagymyz UNIDO-nyň Baş direktory bilen duşuşdy
11.04
Gahryman Arkadagymyz Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti bilen duşuşdy
11.04
Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty
10.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi
10.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň jemleýji tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
top-arrow