Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň wekiliýetiniň ýurdumyza sapary
Syýasy habarlar
Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň wekiliýetiniň ýurdumyza sapary
Çap edildi 15.04.2026
54

Şu gün Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde ýurdumyzda saparda bolýan Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň rektory Tan Çžişunyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Onda iki ýurduň arasynda saglygy goraýyş ulgamynda ýola goýlan gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gahryman Arkadagymyzyň milli saglygy goraýyş ulgamynda başyny başlan giň möçberli özgertmeleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, halkymyza edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hili ýokarlandy. Munuň özi ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegi, adamlaryň, aýratyn-da, çagalaryň saglygyny goramak bilen baglanyşykly meseleleriň döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanylmagynyň aýdyň miwesidir.

...Ir bilen Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň rektory Tan Çžişunyň ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyna degişli düzümleriň ýolbaşçylary hem-de wekilleri bilen duşuşygy boldy. Işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde iki ýurduň arasynda saglygy goraýyş, bilim ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň ösüşiň täze derejesine çykarylýandygy bellenildi. Soňky ýyllarda dünýä giňişliginde adaty däl lukmançylyga möhüm ähmiýet berilýär. Şunda Hytaýyň müňýyllyklardan gözbaş alýan lukmançylyk tejribesi bilen Türkmenistanyň dermanlyk ösümliklere baý tebigy şertleriniň utgaşdyrylmagynyň ähmiýetlidigine üns berildi. Munuň özi häzirki zaman lukmançylyk ylmynyň gazananlarynyň we köpasyrlyk tejribeleriň işjeň özleşdirilmegine giň ýol açýar.

Duşuşykda nygtalyşy ýaly, häzirki zaman ylmynyň, bilimiň täzeçil gazananlary ynsan saglygynyň goragyna gönükdirilip, munuň özi oňyn netijesini hem berýär. Şol bir wagtyň özünde degişli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, ony mundan beýläk-de ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikler bar.

Tan Çžişu türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik we meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilýändigi üçin hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza çuňňur hoşallygyny beýan etdi.

Soňra bu ýerde Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň arasynda Türkmen-hytaý adaty hytaý lukmançylygy merkezini döretmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy. Munuň özi ýurdumyzda lukmançylyk hyzmatlaryny giňeltmegiň ýolunda möhüm ädimdir.

Dabara gatnaşyjylar milli saglygy goraýyş ulgamyna degişli maglumatlardan ybarat bolan sergini synladylar. Onda türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümliklere degişli maglumatlar, ýurdumyzyň şypahanalarynyň mümkinçilikleri, dürli dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan çaýlaryň görnüşleri görkezilýär. Sergide Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabyna aýratyn orun berlipdir.

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Adaty däl lukmançylyk otagynyň açylyş dabarasy Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň rektorynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň ýurdumyza saparynyň çäklerinde meýilleşdirilen çäreleriň many-mazmun taýdan baýlaşmagyny üpjün etdi. Milli lukmançylyk ulgamynda möhüm ähmiýeti bolan Adaty däl lukmançylyk otagynyň açylyş dabarasyna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň gatnaşmagy onuň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Lukmançylyk otagynyň açylyş dabarasy ýokary okuw mekdebiniň aýdym-saz toparynyň belent ruha beslenen aýdym-sazly çykyşlary bilen utgaşdy.

Dabaranyň dowamynda çykyş edenler iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň dürli ugurlary öz içine alýandygyny bellediler. Şunda saglygy goraýyş we bilim ulgamyndaky gatnaşyklara aýratyn orun degişlidir. Munuň özi ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak, keselleri anyklamak we olaryň öňüni almak bilen bagly meselelere döwlet derejesinde ähmiýet berilýändigini görkezýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda döredilen Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy ynsanperwer ýörelgelere esaslanýan asylly işleri amala aşyrýar. Gaznanyň hasabyna dünýäniň dürli ýurtlarynyň heläkçilik zerarly ejir çeken çagalaryna-da ynsanperwerlik ýükleri ugradylýar.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň welaýatlarynda, paýtagtymyzda we Arkadag şäherinde kämil lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen saglyk merkezleriniň işi talabalaýyk ýola goýuldy. Olarda hödürlenilýän lukmançylyk hyzmatlary yzygiderli kämilleşdirilýär. Şol bir wagtyň özünde lukmanlaryň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, olaryň arasynda bu ugra degişli okuw sapaklarynyň guralmagyna zerur üns berilýär.

Soňra dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň dikeldiş we sport lukmançylygy fakultetiniň binasynda Adaty däl lukmançylyk otagy açylýar. Munuň özi ýurdumyzda milli saglygy goraýyş ulgamynyň işini kämilleşdirmek, ilata hödürlenilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hiliniň ýokarlandyrylmagy babatda edilýän aladanyň aýdyň netijesidir. Dabara gatnaşyjylar döwrebap otagda döredilen şertler, onuň lukmançylyk enjamlary we adaty däl lukmançylygyň esasy ugurlary baradaky maglumatlar bilen tanyşdylar.

Soňra şanly wakanyň hormatyna guralan dabara ýokary okuw mekdebiniň uly mejlisler zalynda dowam etdi. Bu ýerde iki bilim ojagynyň arasynda gatnaşyklaryň ösdürilmegi ugrundaky tagallalary we özara tejribe alyşmaga mynasyp goşandy nazara alnyp, Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň rektory Tan Çžişuwa Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň hormatly professory diýen ady dakmak baradaky çözgüt beýan edildi.

Çykyş edenler hormatly myhmany mynasyp bolan ylmy derejesi bilen gutlap, iki ýurduň arasynda saglygy goraýyş we bilim ulgamlaryndaky gatnaşyklaryň täze belentliklere göterilendigini nygtadylar. Şunda bu ugur boýunça hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigi bellenildi. Milli Liderimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilen tebigy serişdeleriň ähmiýeti tutuş dünýäde lukmançylyk ylmy bilen meşgullanýanlaryň ünsüni özüne çekýär. Täze açylan Adaty däl lukmançylyk otagynyň hem Gahryman Arkadagymyzyň ylmy kitaplarynda kesgitlän wezipelerinden ugur aljakdygy barada aýdyldy.

Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň rektory Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň hormatly professory diýen ylmy derejäniň berilmeginiň özi üçin belent mertebedigini we bu derejäni tutuş hytaý lukmançylygyna bildirilen hormat hökmünde kabul edýändigini nygtap, munuň üçin lukman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallygyny beýan etdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki zaman ylmynyň gazananlaryny özleşdirmek we iki ýurduň lukmançylyk ugurly uniwersitetleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bu ugurda bilelikde iş alyp barmak babatda edilýän tagallalaryň aýdyň nyşanydyr. Munuň özi ýokary derejede geçirilýän duşuşyklardyr gepleşikleriň jemleri boýunça gazanylýan ylalaşyklaryň üstünlikli amala aşyrylýandygyny äşgär edýär.

Dabara gatnaşyjylar Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň rektoryny mynasyp bolan derejesi bilen gutladylar hem-de bu ugurda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
15.04
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
15.04
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
15.04
Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň wekiliýetiniň ýurdumyza sapary
15.04
Gahryman Arkadagymyz HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary bilen duşuşdy
15.04
Saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri
14.04
Paýtagtymyzda syýahatçylyk pudagyna bagyşlanan halkara forum geçirilýär
14.04
«Turkmentravel — 2026» atly halkara syýahatçylyk sergisine we maslahata gatnaşyjylara
13.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
13.04
Türkmenistanyň Prezidenti Yrak Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
13.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 57 million 883 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow