Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Sebitleýin ekologiýa sammitine we Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy. Ozal habar berlişi ýaly, düýn hormatly Prezidentimiz iş sapary bilen Gazagystan Respublikasyna ugrady.
Ir bilen döwlet Baştutanymyzyň awtoulag kerweni Sebitleýin ekologiýa sammitiniň geçirilýän ýerine — “EXPO” halkara sergiler merkezine bardy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew mähirli garşylady. Ýokary derejeli duşuşyga köp sanly döwlet Baştutanlary, halkara guramalaryň ýolbaşçylary we wekilleri çagyryldy.
Sammitiň öňüsyrasynda wekiliýet ýolbaşçylary “RES 2026 EXPO” halkara sergisi bilen tanyşdylar. Astana şäherinde Sebitleýin ekologiýa sammiti bilen utgaşyklylykda geçirilýän bu sergi Merkezi Aziýanyň «ýaşyl» geljeginiň tehnologik gözden geçirilişine öwrüldi. Sergi merkeziniň meýdançalary dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň we innowasion kärhanalarynyň energetika geçişi üçin işläp taýýarlan çözgütleri bilen tanyşdyrýar. Eksponatlar toplumy mowzuklaýyn bölümlere bölünip, olar uglerodyň daşky gurşawa zyňyndylarynyň öňüni almakdan başlap, suwaryşyň döwrebap damjalaýyn ulgamlaryna çenli ähli ugurlary öz içine alýar. Bu meýdança diňe bir tehnologiýalary görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, ekologik jogapkärçilige gönükdirilen täze işewürlik medeniýetini hem kemala getirýär.
Türkmenistanyň «RES 2026 EXPO» halkara sergisindäki milli pawilýony döwletimiziň baý medeni mirasynyň, häzirki zaman ekologiýa ulgamynda gazanan üstünlikleriniň özboluşly sazlaşygynyň aýdyň beýanyna öwrülip, köpugurly gymmatlyklary bilen myhmanlaryň ünsüni çekýär. Ýurdumyzyň wekili belent mertebeli myhmanlary pawilýon bilen tanyşdyryp, ekspozisiýada Türkmenistanyň gaýtalanmajak tebigaty we baý medeniýeti bilen bir hatarda, ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak babatda alyp barýan işiniň esasy ugurlarynyň, bu ulgamda durmuşa geçirilýän başlangyçlaryň, maksatnamalaryň, taslamalaryň hem öz beýanyny tapýandygyny aýtdy.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan üçin ekologik abadançylyk milli rowaçlygyň we durnukly ösüşiň aýrylmaz şertidir. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda, Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde ýurdumyz daşky gurşawy goramaga we tebigatdan rejeli peýdalanmaga aýratyn ähmiýet berýär. Türkmenistan milli, sebit, halkara derejede ekologiýa hem-de howa wezipelerini çözmäge saldamly goşant goşýar. Ýurdumyzda her ýyl geçirilýän ählihalk bag ekmek dabaralary munuň aýdyň mysalydyr. Bu asylly çäreler esasynda dag eteklerimiz we şäherlerimiz gülzarlyga öwrülip, amatly howa gurşawy döredilýär.
Türkmenistan daşky gurşawy goramak boýunça halkara tagallalara işjeň gatnaşmak bilen, sebitde ekologik ýagdaýy gowulandyrmaga, howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerine, topragyň ýaramazlaşmagyna garşy durmaga gönükdirilen başlangyçlar bilen çykyş edýär. Bu başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegi sebit ýurtlarynyň tagallalaryny birleşdirmäge, tehnologiýalary hem-de tejribe alyşmagy giňeltmäge ýardam berýär.
Sergi bölüminiň merkezinde türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabyna möhüm orun berlipdir. Şunuň bilen bir hatarda, diwarlyklarda ýurdumyzyň ekologiýa ulgamynda gazananlary giňden ýaýbaňlandyrylyp, munuň özi Türkmenistanyň ekologik abadançylygy üpjün etmek we tebigata aýawly çemeleşmek ýörelgelerine ygrarlydygyny subut edýär. Amaly-haşam sungatynyň eserleri milli pawilýonymyzyň özüne çekijiligini has-da artdyrdy.
Sergi bilen tanyşlykdan soňra, wekiliýet ýolbaşçylary “Durnukly geljek barada umumy garaýyş” mowzugynda guralýan Sebitleýin ekologiýa sammitiniň plenar mejlisiniň geçiriljek ýerine — Kongresler merkezine geldiler. Bilelikde surata düşmek dabarasyndan soňra, plenar mejlis öz işine başlady. Çäräniň Araly halas etmegiň halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi bilen utgaşykly geçirilmegi onuň ähmiýetini has-da artdyrýar. Sammitiň gün tertibine tebigy ekologik töwekgelçiliklere ykdysady taýdan durnuklylyk we uýgunlaşmak, sebitde azyk howpsuzlygy, tebigy serişdeleri durnukly dolandyrmak, howanyň hapalanmagyna garşy göreşmek, ekologiýa maksatlaryny gazanmagyň mehanizmleri, adalatly, inklýuziw geçiş, ekologiýa we sanly tejribeler bilen bagly birnäçe wajyp meseleler girizildi.
Prezident Kasym-Žomart Tokaýew hemmeleri mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edip, sammite gatnaşýandyklary üçin hoşallyk bildirdi hem-de döwlet Baştutanlarynyň, halkara guramalaryň we hyzmatdaşlaryň gatnaşmagynyň bu çäräniň ähmiýetini artdyrýandygyny belledi. Soňra sammite gatnaşyjylara söz berildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öz çykyşynda sammite gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe Sebitleýin ekologiýa sammitini çagyrmak baradaky başlangyjy, bildirilen myhmansöýerlik hem-de bu çäräniň ýokary guramaçylyk derejesi üçin minnetdarlyk bildirdi.
“Bu forum aýratyn möhüm waka bolup durýar. Ilkinji gezek biziň ýurtlarymyz tarapyndan iň ýokary döwlet derejesinde giňeldilen ekologiýa gün tertibi toplumlaýyn, bitewi we hakyky sebit ölçeginde ara alnyp maslahatlaşylýar. Bu bolsa, biziň pikirimizçe, daşky gurşawy goramagyň, howanyň üýtgemeginiň möhüm meselelerini we olar bilen bagly durmuş ugurly meseleleri çözmekde has täsirli, ulgamlaýyn, geljegi uly çemeleşmelere geçmäge ähli gatnaşyjy döwletleriň taýýardygynyň aýdyň görkezijisidir” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we Türkmenistanyň şu forumy hut şeýle many-mazmunda kabul edýändigini belläp, ony ekologiýa, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, ekologik ösüşiň beýleki ähmiýetli ugurlary, ykdysady, ynsanperwer, hukuk häsiýetli meseleler barada pikir alyşmak, oňyn teklipleri we başlangyçlary öňe sürmek boýunça netijeli meýdança öwürmäge hemmetaraplaýyn ýardam bermäge taýýardygyny tassyklady.
“Häzirki wagtda biziň hemmämiz çynlakaý ekologik wehimler bilen ýüzbe-ýüz bolýarys. Durmuşyň ähli ugurlaryna ýaramaz täsirini ýetirýän howanyň üýtgemegi bu wehimleriň esasysy bolup durýar. Biz suw serişdeleriniň azalmagynyň, topragyň ýaramazlaşmagynyň, çölleşme hadysasynyň güýçlenmeginiň, biologik köpdürlüligiň ýitirilmeginiň, ýaşaýyş üçin amatsyz bolan çäklerden göçüp gitmek hadysalarynyň artmagynyň şaýady bolýarys. Şeýle şertlerde döwletlerimiziň tagallalarynyň birleşdirilmegi, halkara guramalar, ilkinji nobatda, BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Biziň ýurtlarymyzyň çäklerinde BMG-niň ýöriteleşdirilen sebit merkezleriniň döredilmegi şeýle hyzmatdaşlygyň möhüm guraly bolup durýar. Türkmenistan bu sammitde howa tehnologiýalary boýunça sebit merkezini, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlary üçin çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezini döretmek baradaky başlangyçlary öňe sürýär” diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi we bu düzümleriň öz işini amala aşyrýan obýektlerine ýakyn ýerleşmeginiň ekologik töwekgelçiliklere we wehimlere has takyk, kämil, amaly tejribä daýanyp garşy durmaga, olaryň öňüni almagyň we ýeňip geçmegiň ýollaryny gözlemäge, milli düzümler bilen hyzmatdaşlygyň tejribesini toplamaga mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerini peseltmek hem-de oňa uýgunlaşmak boýunça amaly çäreleriň görülmelidigini aýratyn nygtap, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda «ýaşyl» ösüş ýörelgelerini ilerletmegiň uly ähmiýete eýedigini, ekologik taýdan durnukly ösüş we döwrebap ekologik standartlary ornaşdyrmak meseleleri babatda sebit dialogyny işjeňleşdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Teklip edilýän başlangyçlaryň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin olary ilerletmegiň guralyny döretmek möhümdir. Hususan-da, öňe sürülýän teklipleri bilermenler derejesinde geçirilýän sebit we sebitara ekologiýa duşuşyklarynda, maslahatlarda deslapdan ara alyp maslahatlaşmak hem-de kämilleşdirmek maksadalaýyk hasaplanýar. Döwlet Baştutanymyz şol duşuşyklardyr maslahatlarda anyk teklipleri durmuşa geçirmegiň umumy garaýyşlary we çemeleşmeleri işlenip taýýarlanylan ýagdaýynda, diňe özara ylalaşyk gazanylandan we degişli resminamalar doly ylalaşylandan soňra ministrler derejesindäki maslahatlary çagyrmagy hem-de bu meseleleri sammitleriň gün tertibine girizmegi teklip etdi.
Hormatly Prezidentimiz serhetüsti suw serişdelerini rejeli we adalatly peýdalanmak meselesiniň aýratyn ünsi talap edýändigini aýdyp, bu meselede Türkmenistanyň resmi garaýyşlaryny beýan etdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyz serhetüsti derýalar we suw akymlary boýunça suw meseleleriniň şu üç esasy ýörelgäniň, hususan-da, suw meseleleri boýunça esasy konwensiýalaryň, beýleki halkara namalaryň berk berjaý edilmegi, serhetüsti derýalaryň ugrunda ýerleşýän ähli döwletleriň bähbitleriniň deň derejede göz öňünde tutulmagy, bu işe halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň giňden gatnaşmagy ýörelgeleriniň esasynda çözülmeginiň tarapdary bolup çykyş edýär.
Türkmenistan BMG-niň howandarlygynda Merkezi Aziýa ýurtlarynda suwdan peýdalanmak meseleleri boýunça sebit geňeşini döretmek başlangyjy bilen çykyş etdi. Bu geňeş suw ulgamynda tagallalary utgaşdyrýan netijeli düzüm bolup biler. Ýurdumyz, şol bir wagtyň özünde, Hazar deňzi sebitine girýän döwlet bolup, Hazar deňziniň ähli ekologik meseleleri babatda işjeň çykyş edýär. “Biz Birleşen Milletler Guramasynda Hazar ekologik başlangyjy bilen çykyş etdik, ony durmuşa geçirmegiň Konsepsiýasyny taýýarladyk we ähli Hazarýaka döwletlere iberdik. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan geçen ýylyň awgustynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde kenarýaka döwletleriň wise-premýerleriniň derejesinde Hazar deňziniň ekologik meseleleri boýunça maslahaty gurady. Şu tejribäni dowam edip, şu ýylyň oktýabr aýynyň başynda biz nobatdaky ýokary derejeli duşuşygy geçireris. Onuň netijeleri boýunça Hazarýaka döwletleriň ekologik abadançylygy we Hazar deňzini hem-de onuň özboluşly tebigatyny gorap saklamak meseleleri boýunça hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna çykarys diýip umyt edýäris” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we Aral deňzini halas etmek meselesiniň hem möhüm ähmiýetini belledi.
Hormatly Prezidentimiz şu gün Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň geçiriljekdigini nygtap, onda Araly halas etmäge gönükdirilen bilelikdäki işler boýunça zerur çözgütleriň kabul ediljekdigine ynam bildirdi.
“Sebitleýin ekologiýa forumynyň ylalaşykly çözgütleri işläp taýýarlamak üçin netijeli halkara meýdança öwrüljekdigine umyt edýäris. Taryhy we medeni ýakynlygymyz, ýurtlarymyzyň halklaryna hemişe mahsus bolan hoşniýetli goňşuçylyk, raýdaşlyk, özara goldaw bermek ruhy bizi şuňa borçlandyrýar. Şoňa görä-de, Türkmenistan hyzmatdaşlygyň bu formatynyň geljegine ýokary baha berýär. Şu gün biz öňümizdäki ulgamlaýyn işlere gowy itergi berjekdigimize umyt edýäris” diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz sözüni jemledi we hemmeleri Sebitleýin ekologiýa sammitiniň öz işine başlamagy bilen gutlap, netijeli pikir alyşmalary arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiziň çykyşy uly üns bilen diňlenildi.
Sammitiň netijeleri boýunça «Merkezi Aziýada ekologiýa raýdaşlygy» atly ekologiýa we durnukly ösüş babatda sebitleýin hyzmatdaşlyk hakynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Jarnamasy kabul edildi. Bu resminama sebitiň ýurtlarynyň ekologik meseleleri çözmekde raýdaşlygyny berkidip, Merkezi Aziýanyň durnukly ösüş we ekologik meseleler boýunça bilelikde hereket etmäge taýýardygyny dünýä jemgyýetçiligine äşgär edýär.
***
Günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy.
Araly halas etmegiň halkara gaznasy (AHHG) onlarça ýyllaryň dowamynda Merkezi Aziýada özboluşly syýasy meýdança we sebit ýurtlarynyň ählumumy ekologik wehimlere garşy tagallalaryny birleşdirýän ýeke-täk döwletara gurama bolup durýar. Gazna Aral deňziniň sebitinde ekologik we durmuş-ykdysady ýagdaýy gowulandyrmak boýunça bilelikdäki hereketleri utgaşdyrmakda möhüm orny eýeleýär. Guramanyň işi diňe bir tebigy betbagtçylygyň netijelerini ýeňilleşdirmäge däl-de, eýsem, sebit howpsuzlygynyň we durnuklylygynyň esasy şertleriniň biri bolan suw serişdelerini durnukly dolandyrmagyň mehanizmlerini işläp taýýarlamaga hem gönükdirilendir.
Türkmenistan AHHG-nyň çäklerinde işjeň, döredijilikli orny eýeläp, gaznanyň hukuk we tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen anyk başlangyçlar bilen çykyş edýär. Özüniň başlyklyk eden döwründe we ondan soňky ýyllarda ýurdumyz bu düzümi institusional taýdan pugtalandyrmak, BMG-niň howandarlygynda ýöriteleşdirilen sebit düzümlerini döretmek baradaky pikiri yzygiderli öňe sürdi. Türkmenistanyň Aral meselesi boýunça syýasaty suw diplomatiýasy ýörelgelerine, suw serişdeleriniň Merkezi Aziýanyň ähli halklarynyň umumy baýlygydygyny ykrar etmäge esaslanýar. Ýurdumyzyň bu döredijilikli çemeleşmesi goňşy döwletleriň arasynda ynanyşmagy pugtalandyrmaga, ekologiýa gün tertibiniň ösüşiniň bitewi ugruny kemala getirmäge ýardam berýär.
...Hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni mejlisiň geçirilýän ýeri bolan “Akorda” köşgüne geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Gazagystanyň Prezidenti mähirli garşylady. Wekiliýet ýolbaşçylarynyň bilelikdäki surata düşmek dabarasyndan soňra, Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi.
Prezident Kasym-Žomart Tokaýew mejlise gatnaşyjylary mübärekläp, häzirki şertlerde sebit hyzmatdaşlygynyň strategik ähmiýetini belledi we Aral deňzi sebitiniň ekologik abadançylygynyň gaznany esaslandyryjy ýurtlaryň azyk, energetika howpsuzlygyna gönüden-göni täsir edýändigini nygtady. Soňra mejlise gatnaşyjylara söz berildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çykyşynyň başynda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe bildirilen myhmansöýerlik hem-de Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň şu gezekki mejlisiniň ýokary guramaçylyk derejesi üçin minnetdarlyk bildirdi. “Biziň esasy maksadymyzyň halklarymyz üçin örän möhüm bolan wezipeleriň ikinji derejä geçirilmegine ýol bermezlikden, gaýtam, sebitde halkara hyzmatdaşlyk we utgaşdyryş gurallaryny gorap saklamakdan hem-de ösdürmekden ybaratdygyna ynanýaryn” diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
“Araly halas etmek, onuň geljegi, deňziň sebitinde ýaşaýan adamlaryň ykbaly biziň mertebe işimiz, syýasy we ahlak jogapkärçiligimizdir. Şol bir wagtyň özünde ol möhüm ekologiýa, durmuş, ynsanperwer meseleleri çözmek üçin ýurtlarymyzyň hem-de halkara hyzmatdaşlarymyzyň ykdysady, maliýe, guramaçylyk serişdelerini, diplomatik tagallalaryny birleşdirmek we ulanmak babatda umumy borjumyzdyr” diýip, hormatly Prezidentimiz belledi hem-de Türkmenistanyň 2017 — 2019-njy ýyllarda Araly halas etmegiň halkara gaznasynda başlyklyk eden döwründe gaznanyň amaly wezipelerine jogapkärçilikli we maksatnamalaýyn üns berendigini, halkara düzümler, ilkinji nobatda, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarydyr institutlary bilen özara gatnaşyklary anyklaşdyrmaga hem-de utgaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berendigini ýatlatdy.
Nygtalyşy ýaly, ýurdumyzyň başlangyjy boýunça 2018-nji we 2019-njy ýyllarda BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly Kararnamalary kabul edildi. Türkmenistan ilkinji gezek «Rio+20» sammitinde beýan eden “Aral deňziniň basseýniniň ýurtlary üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasyny” (UN SPAS) döretmek baradaky teklibini ilerletmek bilen, 2019-njy ýylda ýurdumyz bu maksatnamanyň taslamasyny BMG-niň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasyna (UN ESCAP) hödürledi. Soňra şol komissiýanyň 79-njy sessiýasynda «Aral deňziniň basseýni üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Ýörite maksatnamasyny döretmegiň şertlerine garamak» atly Kararnama kabul edildi. Ýurdumyzyň işjeň gatnaşmagynda halkara düzümler bilen hyzmatdaşlykda Aral deňziniň basseýniniň ýurtlaryna kömek bermek boýunça Hereketleriň maksatnamasynyň 4-nji tapgyry (ADBM — 4) işlenip düzüldi. Sebitiň ekologik meseleleri boýunça halkara tagallalary birleşdirmek ýörelgesinden ugur alyp, Türkmenistan BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek başlangyjy bilen çykyş etdi. Ýakyn wagtda ol Aşgabatda öz işine başlar.
“Aral meselelerine garanymyzda, biz olary çölleşme, buzluklaryň eremegi, serhetüsti suw serişdelerini dolandyrmak we beýleki birnäçe möhüm ekologik wehimlerden aýra göz öňüne getirip bolmaz diýen ýörelgeden ugur alýarys. Biziň çuňňur ynamymyza görä, ekologik howpsuzlyk meselelerine Merkezi Aziýanyň durmuş hem-de ykdysady abadançylygyny, sebitiň ösüşiniň we rowaçlygynyň kesgitleýji şerti hökmünde ylalaşygy, hoşniýetli goňşuçylygy üpjün etmek boýunça umumy wezipäniň aýrylmaz bölegi hökmünde bitewülikde garamak zerurdyr. Hut şeýle çemeleşme ygtyýarymyzdaky ähli serişdeleri has netijeli ulanmaga, esasy ugurlarda ünsi jemlemäge mümkinçilik berer” diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi we ekologik wehimlere garşy milli çemeleşmeleriň sazlaşygyny üpjün etmegi, özara hyzmatdaşlygyň sebit gurallarynyň, hususan-da, daşary syýasat we pudaklaýyn edaralaryň ugry boýunça utgaşdyryjy wezipeleri ep-esli güýçlendirmegiň maksadalaýyk boljakdygyna, bu işde AHHG-nyň utgaşdyryjy ornunyň ýokarlandyrylmagynyň möhümdigine ünsi çekdi.
Hormatly Prezidentimiz AHHG-nyň şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça işleri çaltlandyrmagy hem-de geljekki bilelikdäki işiň täze wezipelerini kesgitlemegi teklip etdi. Bu işi esaslandyryjy döwletleriň ählisiniň bähbitlerine laýyklykda tamamlamagy hem-de Aral deňziniň sebitiniň köp sanly meselelerini çözmek bilen bagly taslamalardyr maksatnamalary durmuşa geçirmekde halkara maliýe institutlary, donorlar bilen has işjeň hyzmatdaşlyk etmäge mümkinçilik döretmek dogry hasaplanýar.
“Biz Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň halkara düzümler, ilkinji nobatda, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary we agentlikleri bilen özara hyzmatdaşlygynyň derejesini düýpli hem-de hil taýdan ýokarlandyrmagyň zerurdygyndan ugur alýarys” diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz aýtdy we Türkmenistanyň dünýäde bolup geçýän üýtgeşmeleri, şol sanda geosyýasy we ykdysady häsiýetli ýagdaýlary göz öňünde tutup, Merkezi Aziýa ýurtlary tarapyndan BMG bilen AHHG-nyň hyzmatdaşlygy baradaky Baş Assambleýanyň täze Kararnamasyny bilelikde işlemegi teklip edýändigini nygtady.
Sözüniň ahyrynda döwlet Baştutanymyz Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewi Araly halas etmegiň halkara gaznasynda başlyklyk etmäge girişmegi bilen gutlady hem-de öňde duran işlerinde üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe Araly halas etmegiň halkara gaznasynda netijeli we üstünlikli başlyklyk edendigi, AHHG-ny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň şu gezekki mejlisini ýokary derejede geçirendigi üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, hemmelere işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
Mejlisiň netijeleri boýunça birnäçe resminama gol çekildi. Şolaryň hatarynda Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Astana Beýannamasy; Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Prezidentini saýlamak hakynda AHHG-ny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Çözgüdi; Gazagystan Respublikasynyň Araly halas etmegiň halkara gaznasynda başlyklyk etmeginiň netijeleri hakynda Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Çözgüdi; 26-njy marty Aral deňziniň, Amyderýanyň we Syrderýanyň halkara güni diýip yglan etmek hakynda AHHG-ny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Çözgüdi bar.
Gazagystan Respublikasyna iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Astana şäheriniň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menziline bardy we bu ýerden Watanymyza ugrady.
Birnäçe sagatdan soňra, döwlet Baştutanymyzyň uçary paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde Arkadagly Gahryman Serdarymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary garşyladylar.
Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň Gazagystana amala aşyran iş sapary köptaraply dialogy pugtalandyrmakda möhüm tapgyr bolup, ýurdumyzyň sebit hyzmatdaşlygyna ygrarlydygyny ýene-de bir gezek tassyklady. Döwlet Baştutanymyzyň Sebitleýin ekologiýa sammitiniň işine hem-de Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmagy Türkmenistanyň umumy meseleleri ara alyp maslahatlaşmakdan anyk döwletara taslamalary durmuşa geçirmäge taýýardygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi.