Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministrini kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministrini kabul etdi
Çap edildi 22.05.2026
408

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Olžas Bektenowy kabul etdi.

Myhman Gazagystanyň wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, biziň ýurtlarymyzy diňe bir hoşniýetli goňşuçylyk däl, eýsem, hakyky doganlyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň baglanyşdyrýandygyny belledi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň döwlet Baştutanymyza, Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Hormatly Prezidentimiz dostlukly ýurduň döwlet Baştutanyna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Gazagystanyň Hökümetiniň ýolbaşçysyna Türkmenistana gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de onuň şu mejlisiň işine gatnaşmagynyň Gazagystan Respublikasynyň GDA-nyň çäklerindäki köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ygrarlydygynyň subutnamasy bolup durýandygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz bu mejlisiň jemleri boýunça kabul ediljek çözgütleriň Arkalaşyga agza döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmäge, myhmanyň şu saparynyň bolsa iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary has-da ösdürmäge ýardam etjekdigine berk ynam bildirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda bellenilişi ýaly, ýurdumyz Gazagystan Respublikasy bilen deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, birek-birege goldaw bermek ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge aýratyn ähmiýet berýär. Türkmenistan Gazagystan bilen daşary syýasat ulgamynda, abraýly halkara guramalaryň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň hem-de Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Döwletlerimiz sebit düzümleriniň, şol sanda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynyň, «Merkezi Aziýa +» hyzmatdaşlyk formatynyň çäklerinde hem özara tagallalary üstünlikli utgaşdyrýarlar.

Döwlet Baştutanymyz 2026-njy ýylyň 22-nji aprelinde Astana şäherinde geçirilen hem-de ýurtlarymyzyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm waka bolan Sebitleýin ekologiýa sammitine (RES 2026) gatnaşmagyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Gazagystan Respublikasy bilen mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny tassyklap, türkmen-gazak gatnaşyklarynyň iki ýurduň doganlyk halklarynyň bähbidine yzygiderli berkidiljekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Gazagystanyň Premýer-ministri Olžas Bektenow birek-birege berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli döwlet işlerinde üstünlikleri, iki ýurduň doganlyk halklaryna bolsa mundan beýläk-de ösüş we abadançylyk arzuw etdiler.

Soňky habarlar
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
05.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
05.06
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
05.06
Ýurdumyzda Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär
05.06
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärlerine we ýurdumyzyň halkyna
top-arrow