Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy
Jemgyýet
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy
Çap edildi 04.06.2026
624

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň «Arkadagly Ýaşlar» atly elektron žurnalynyň 2026-njy ýylyň maý aýyndaky sany okyjylara ýetirildi.

Žurnalyň täze sanynda döwletimiziň durmuşynda bolup geçen möhüm wakalar, ýaşlaryň ylym, bilim, medeniýet, sport we döredijilik ugurlaryndaky üstünlikleri, milli gymmatlyklarymyz, taryhy mirasymyz hem-de häzirki zaman tehnologiýalary baradaky makalalar ýerleşdirildi.

Neşirde Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda täze «Gadamly» gury ýük gämisiniň ýüzüşe goýberilmegi, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň ähmiýeti, Magtymguly etrabynda geçirilen döredijilik çäreleri hem-de Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli taýýarlanan makalalar okyjylara hödürlenilýär.

Žurnalda Aşgabat şäheriniň 145 ýyllygyna, Gurban baýramyna, türkmen halyçylyk sungatyna, Garaşsyzlyk we Bitaraplyk ýörelgelerine bagyşlanan makalalara hem giň orun berlipdir. Şeýle-de, Arkadag şäheriniň sanly ösüş modeli, emeli aň we döwrebap tehnologiýalaryň jemgyýetçilik durmuşyndaky orny barada gyzykly maglumatlar ýerleşdirilipdir.

«Ýaşlar ylym dünýäsi» diýen şygar astyndaky çykyşda ýaş alymlaryň we talyplaryň ylmy taslamalary, şol sanda emeli aň, ekologiýa, sanly ykdysadyýet we energetika bilen baglanyşykly işläp taýýarlamalary tanyşdyrylýar.

Neşirde çeper eserler, goşgular, taryhy we medeni mowzuklardaky makalalar, dünýä sungaty baradaky maglumatlar, ýaş awtorlaryň döredijilik işleri hem-de dürli dillerde taýýarlanan ýazgylar hem öz ornuny tapypdyr.

Umuman, «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň maý aýyndaky sany mazmun baýlygy bilen tapawutlanyp, ýaş nesilleriň watansöýüjilik, döredijilik, ylym-bilim we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelenmegine hyzmat edýär.

Soňky habarlar
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
05.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
05.06
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
05.06
Ýurdumyzda Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär
05.06
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärlerine we ýurdumyzyň halkyna
top-arrow