Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady
Çap edildi 15.06.2026
817

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Siziň parasatly ýolbaşçylygyňyzda Hytaý Halk Respublikasy durmuş-ykdysady ösüşinde, halkara abraýyny berkitmekde we halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda uly üstünlikleri gazandy” diýip, döwlet Baştutanymyz Gutlag hatynda belledi.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasy bilen dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýändigini hem-de däp bolşy ýaly, deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we birek-biregiň bähbitlerini nazara almak ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn strategik we giň gerimli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belläp, bilelikdäki tagallalaryň netijesinde, türkmen-hytaý döwletara gatnaşyklarynyň hem-de strategik hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de yzygiderli pugtalandyryljakdygyna, iki ýurduň halklarynyň bähbidine täze mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna berk ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine berk jan saglyk, bagtyýarlyk we jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri, Hytaýyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de gülläp ösüş arzuw etdi.

Soňky habarlar
18.06
Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza resmi sapary başlandy
18.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany M.B.MAŞALOW hakynda
18.06
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi
18.06
Türkmenistanyň hususy pudagy döwrebaplaşmagyň we halkara giňişlige goşulyşmagyň ýolunda
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ahal welaýatyna iş sapary
17.06
“Türkmennebit” döwlet konsernine Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan toplumlary özleşdirmek boýunça şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi
17.06
Türkmenistan — Slowakiýa: özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ilerledip
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Islandiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.06
Ösüşiň innowasion ýoly — jemgyýetiň we döwletiň rowaçlygynyň kepili
15.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow