Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Köneürgenç etrabynda iri ýyladyşhana toplumy gurulýar
Ykdysadyýet
Köneürgenç etrabynda iri ýyladyşhana toplumy gurulýar
Çap edildi 23.02.2017
2004

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda Azyk senagaty döwlet birleşiginiň buýurmasy boýunça “Gök ýyldyz” hususy kärhanasy tarapyndan iri ýyladyşhana toplumy gurulýar. Toplumyň umumy meýdany on dört gektara deň bolup, onuň on getarynda ýyladyşhana hojalygy ýerleşer. Bu ýerde şeýle hem edara binasy, gök önümler saklanylýan ammar, önümleri saýpallamak we gaplamak boýunça ulgam, tehniki desgalar bina ediler. Ýyladyşhananyň gurluşygynda ýokary ýylylyk saklaýjy häsiýete eýe bolan polikarbonat we aýna peýdalanylar. Wtamina baý önümleri ýetişdirmek üçin aňrybaş şertler dörediler. Ýylylyk we yşyklandyryş kadalarynyň berjaý edilmegi, topragyň çyglylygynyň we ýokumly maddalara baý bolmagynyň üpjün edilmegini ýörite enjam arkaly amala aşyrylar. Ýurdumyzyň telekeçileri gök-miwe önümleriniň önümçiligi boýunça ýyladyşhanalary Daşoguz welaýatynyň beýleki etraplarynda hem gurýarlar, munuň özi azyk bolçulygynyň döredilmeginde we daşardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilmeginde möhüm ädimdir.

Soňky habarlar
24.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
24.04
B.A.Baýramow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
B.S.Çungaýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
M.S.Saryýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
A.R.Gurbanow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
M.B.Poladow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi
24.04
Türkmenistanda Argentina Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
23.04
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.04
Ahalteke bedewleri — dünýä atşynaslygynyň naýbaşy nusgasy
top-arrow