Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Halyçylyk kärhanalaryň hususylaşdyrylmagy pudagyň ösdürilmegine täze itergi berer
Ykdysadyýet
Halyçylyk kärhanalaryň hususylaşdyrylmagy pudagyň ösdürilmegine täze itergi berer
Çap edildi 24.02.2017
1976

Türkmen halyçylyk pudagynyň täze derejä çykmagy üçin has amatly şertleri üpjün etmek maksady bilen, pudakda hususylaşdyrmagy geçirmek zerurdyr. Bu baradaky pikiri şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hökümet maslahatynda beýan etdi. Gözbaşy asyrlara uzap gidýän halyçylyk sungatynyň goralyp saklanmaly we ösdürilmeli milli baýlygymyz bolup durýandygy nygtaldy. “Türkmenhaly” döwlet birleşigi tutuş ýurdumyz boýunça hereket edýän çeper halyçylyk kärhanalaryny hem-de ilkinji gezek gaýtadan işlemäge, ýüňleri egirmäge we boýamaga ýöriteleşen düzümleýin bölümleriň uly toplumyny özünde jemleýär. 2016-njy ýylda “Türkmenhalynyň” kärhanalary tarapyndan haly we haly önümleriniň 43 müňden gowrak inedördül metri öndürildi. Her ýylyň maýynda Türkmenistanda Türkmen halysynyň baýramy bellenilýär. Baýramçylyga gabatlanylyp, pudaklaýyn Halkara sergi hem-de türkmen el halylaryna gadyr goýýanlaryň Bütindünýä assosiýasiýasynyň maslahaty geçirilýär.

Soňky habarlar
24.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
24.04
B.A.Baýramow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
B.S.Çungaýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
M.S.Saryýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
A.R.Gurbanow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
M.B.Poladow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi
24.04
Türkmenistanda Argentina Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
23.04
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.04
Ahalteke bedewleri — dünýä atşynaslygynyň naýbaşy nusgasy
top-arrow