Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdäniň dowamynda ABŞ-nyň 60,7 million dollaryna deň bolan eksport geleşikleri baglaşyldy
Ykdysadyýet
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdäniň dowamynda ABŞ-nyň 60,7 million dollaryna deň bolan eksport geleşikleri baglaşyldy
Çap edildi 25.02.2017
1581

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 95-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Täjigstandan we beýleki ýurtlardan telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini we awtobenzini, Beýik Britaniýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň we Estoniýanyň işewürleri bolsa suwuklandyrylan gazy (“Türkmengaz” DK) satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna tekiz boýalan we jakkard tüýjümek önümleriň dürli görnüşleri, azyklyk bugdaý, pagta linti hem-de pagta galyndylary, nah matalar we ýüplük, pagşta süýümi ýerlenildi. Satyn alany ýurtlar: Russiýa, Hytaý, BAE, Niderlandlar, Şweýsariýa, Singapur, Türkiýe, Gruziýa, Owganystan. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 60 million 772 müň dollaryndan gowrak boldy. Manat serişdelerine Russiýanyň, BAE-niň, Niderlandlaryň, Türkiýäniň we Pakistanyň telekeçleri umumy bahasy 3 million 426 müň mantlykdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar. Içerki bazarda ýurdumyzyň telekeçileri umumy bahasy 3 million 465 müň manatlyk azyklyk bugdaýy satyn aldylar.

Soňky habarlar
24.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
24.04
B.A.Baýramow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
B.S.Çungaýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
M.S.Saryýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
A.R.Gurbanow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
M.B.Poladow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi
24.04
Türkmenistanda Argentina Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
23.04
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.04
Ahalteke bedewleri — dünýä atşynaslygynyň naýbaşy nusgasy
top-arrow