Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Söwda toplumynyň edaralarynyň we telekeçilik düzümleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahaty geçirildi
Ykdysadyýet
Söwda toplumynyň edaralarynyň we telekeçilik düzümleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahaty geçirildi
Çap edildi 27.02.2017
1640

Söwda toplumy we telekeçilik düzümleriniň hem-de ugurdaş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen iş maslahatynyň gün tertibine milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklaryny we görkezmelerini durmuşa geçirmäge, pudaklaýyn meýilnamalary amala aşyrmaga degişli meseleler girizildi. Olaryň hatarynda ýurdumyzda öndürilýän daşary ýurtlara iberilýän harytlaryň möçberini artdyrmak, ähli gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen daşary ykdysady gatnaşyklary giňeltmek bar. Maslahata gatnaşanlar döwlet Baştutanymyzyň jogapkärli tabşyryklaryny ýerine ýetirmek üçin ilkinji nobatda amala aşyrylmaly işleri kesgitlediler. Ilkinji nobatda, milli Liderimiz tarapyndan aýdylan anyk görkezmeler boýunça çäreleriň düýpli oýlanyşykly meýilnamalaryny düzmek üçin seljerme işlerini geçirmegiň wajyplygy nygtaldy. Şunda, Söwda-senagat edarasynda täzelikleri we guramaçylykda täzeçil çemeleşmeleri nazara almak bilen, giň göwrümli işleri, şol sanda ýurdumyzda öndürilýän harytlary daşary bazarlarda işjeň mahabatlandyrmagy, eksport-import amallaryny esasy kadalaşdyryjy düzüm hökmünde Döwlet haryt çig-mal biržasynda netijeli mahabat işlerini üpjün etmek boýunça uly işleri durmuşa geçirmek zerurdyr. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan ýurdumyzyň haryt öndürijileriniň önümlerini has netijeli ýerleşdirmek maksady bilen köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde we dünýä bazarlarynda maglumat- marketing işleri boýunça biržanyň netijeli işini ýola goýmak talap edildi. Türkmen işewürler jemgyýetçiliginiň öňünde durýan esasy wezipeleriň hatarynda obasenagat önümçiligini, bäsleşlige ukyply harytlary öndürmek boýunça önümçilik düzümini ösdürmek, ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli azyk önümleriniň möçberini artdyrmak we görnüşini köpeltmegiň hasabyna azyk bolçulygyny döretmek we beýlekiler bar. Maslahata gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän syýasatyň esasynyň sebitleri güýçli depginde ösdürmek, türkmenistanlylaryň ýaşaýyş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak bolup durýandygyny aýratyn nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, täze iş orunlaryny döretmäge, täze ykdysady gatnaşyklar şertlerinde dolandyryşyň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmaga gönükdirilen anyk çäreler kesgitlenildi.

Soňky habarlar
24.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
24.04
B.A.Baýramow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
B.S.Çungaýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
M.S.Saryýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
A.R.Gurbanow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
M.B.Poladow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi
24.04
Türkmenistanda Argentina Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
23.04
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.04
Ahalteke bedewleri — dünýä atşynaslygynyň naýbaşy nusgasy
top-arrow