Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Ýolbaşçy işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak özgertmeleriň netijeliligini üpjün eder
Ykdysadyýet
Ýolbaşçy işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak özgertmeleriň netijeliligini üpjün eder
Çap edildi 27.02.2017
1867

Ulag aragatnaşyk pudagyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek boýunça geçirilen iş maslahatynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň amala aşyrýan özgertmelerini durmuşa geçirmekde ähli ugurlaryň tagallalarynyň utgaşdyrylmagynyň, wezipeleriň çözgüdine jogapkärçilikli hem-de oýlanyşykly çemeleşmegiň zerurdygy bellenildi. Hususan-da, demir ýol pudagynyň mundan beýläkki ösüşi bilen baglanyşykly taslamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen bagly ähli işleriň utgaşykly, ýokary hilli hem-de wagtynda berjaý edilmeginiň möhümdigi nygtaldy. Şunda, ulag düzüminde ýükleri daşamakda we ýolagçy gatnatmak hyzmatlaryny ýerine ýetirmekde öňdäki orunlary eýeleýän demir ýol pudagyna möhüm ornuň degişlidigi bellenildi. Maslahatda pudak düzümlerini döwrebaplaşdyrmagyň we ony köpugurly esasda ösdürmegiň barşynda öňdebaryjy tejribeleri, täzeçil usullary ulanmagyň, pudaklara kämil enjamlary ornaşdyrmagyň möhümdigi bellenildi. Häzirki döwürde ýurdumyzda aragatnaşygyň, tele hem-de radio merkezleriniň köpşahaly ulgamy, sanly görnüşi hereket edýär we maglumat serişdeleriniň terminaly işlenip taýýarlanylýar. Şeýle hem şu gün gurluşyk, energetika pudaklarynda we jemagat hojalygynda, şeýle hem welaýatlarda Aşgabat şäherinde, «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna hem-de olaryň geljekki ugurlaryna bagyşlanan iş maslahaty geçirildi.

Soňky habarlar
24.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
24.04
B.A.Baýramow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
B.S.Çungaýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
M.S.Saryýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
A.R.Gurbanow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
M.B.Poladow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi
24.04
Türkmenistanda Argentina Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
23.04
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.04
Ahalteke bedewleri — dünýä atşynaslygynyň naýbaşy nusgasy
top-arrow