Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
“Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti dörediler
Ykdysadyýet
“Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti dörediler
Çap edildi 10.03.2017
1901

Milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, “Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki kärhanalary we desgalary hususylaşdyrmagyň 2013-2016-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda” göz öňünde tutulan wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligine, “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugyna Gullugyň garamagyndaky “Türkmenistan” Howa ulaglary kärhanasynyň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgedip, ony “Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine bellenen tertipde öwürmek tabşyryldy. “Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine esaslandyryjylar hökmünde “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugyna – esaslyk maýadaky paýy 70 göterim, Gullugyň Aşgabat şäheriniň Halkara aeroportuna – esaslyk maýadaky paýy 27 göterim we Howa gatnawlarynyň Baş gullugyna – esaslyk maýadaky paýy 3 göterim möçberde paýly gatnaşmaga ygtyýar berildi.

Soňky habarlar
24.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
24.04
B.A.Baýramow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
B.S.Çungaýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
M.S.Saryýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
A.R.Gurbanow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
M.B.Poladow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi
24.04
Türkmenistanda Argentina Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
23.04
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.04
Ahalteke bedewleri — dünýä atşynaslygynyň naýbaşy nusgasy
top-arrow