Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Mart aýynyň ortalarynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisi hem-de maslahaty guralar
Ykdysadyýet
Mart aýynyň ortalarynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisi hem-de maslahaty guralar
Çap edildi 10.03.2017
1653

Mart aýynyň ortalarynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisi hem-de maslahaty guralar. Gözden geçiriliş içerki bazaryň täze ugurlaryny üstünlikli özleşdirýän hem-de halkara derejesine çykýan ýurdumyzyň kiçi we orta işewürliginiň tejribesini, gazananlaryny hem-de artýan kuwwatyny görkezer. Sergä milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda--oba hojalygynda, gaýtadan işleýän senagatda, gurluşykda we gurluşyk serişdelerini öndürmekde, söwdada hem-de hyzmatlar ulgamynda we beýlekilerde ýöriteleşýän ýurdumyzyň hususy kärhanalary gatnaşar. Döwletimiziň telekeçiligi ösdürmäge döredýän has oňaýly şertleri türkmen işewürleriniň daşary ýurtlaryň işewür toparlary bilen gatnaşyklarynyň işjeňleşmegine ýardam edýändigi bellenildi. Hususy kärhanalaryň harytlary eksport etmäge şertnamalaryny resmileşdirmegiň amallarynyň ýönekeýleşdirilmegi söwda hyzmatdaşlygynyň geriminiň giňeldilmegine, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň döwlete degişli däl ulgamynda öndürilýän önümleri täze bazarlarda ýerlemäge çykarmaga ýardam eder. TSTB-niň agzalarynyň maslahatynyň gün tertibine hususy ulgamy mundan beýläk-de ösdürmegiň esasy ugurlarynyň, esasy döwlet maksatnamalary babatda ýurdumyzyň telekeçileriniň öňünde durýan wezipeleri çözmek boýunça çäreleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy girizildi. Tejribäniň görkezişi ýaly, telekeçileriň öz işlerini giňeltmegi üçin mümkinçilikleri köp boldugyça, ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň depginleri hem şonça ýokary bolýar.

Soňky habarlar
24.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
24.04
B.A.Baýramow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
B.S.Çungaýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
M.S.Saryýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
A.R.Gurbanow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
M.B.Poladow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi
24.04
Türkmenistanda Argentina Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
23.04
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.04
Ahalteke bedewleri — dünýä atşynaslygynyň naýbaşy nusgasy
top-arrow