Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Şu hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky eksport geleşikleriniň bahasy ABŞ-nyň 23,1 million dollaryndan gowraga barabar boldy
Ykdysadyýet
Şu hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky eksport geleşikleriniň bahasy ABŞ-nyň 23,1 million dollaryndan gowraga barabar boldy
Çap edildi 18.03.2017
1618

Daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýadan we Owganystandan gelen telekeçiler degişlilikde, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini we dizel ýangyjyny satyn aldylar. Owganystanly işewürler bolsa Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen göni arassalanan benzine hem isleg bildirdiler. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümleriniň giň görnüşi, jinsi matalary we nah ýüplük ýerlenildi. Olary Russiýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Gyrgyzystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 23 million 138 müň dollaryndan gowrak boldy. Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 600 müň manatdan gowrak azyklyk bugdaýy, polipropileni we nebit bitumyny satyn aldylar.

Soňky habarlar
24.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
24.04
B.A.Baýramow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
B.S.Çungaýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
M.S.Saryýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
A.R.Gurbanow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
M.B.Poladow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi
24.04
Türkmenistanda Argentina Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
23.04
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.04
Ahalteke bedewleri — dünýä atşynaslygynyň naýbaşy nusgasy
top-arrow