Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Barmasy çylşyrymly ýerlerde gün batareýalary sanly telefon stansiýalaryny energiýa bilen üpjün ederler
Ykdysadyýet
Barmasy çylşyrymly ýerlerde gün batareýalary sanly telefon stansiýalaryny energiýa bilen üpjün ederler
Çap edildi 23.03.2017
1649

Ýurdumyzyň telearagatnaşyk ulgamynyň maýa goýum görkezijisi ýyl-ýyldan ýokarlanýar we şonuň netijesinde-de geçirijili, ykjam aragatnaşygynyň we internetiň müşderileriniň sany köpelýär, şeýle hem ýokary tehnologiýaly süýümli-optika ugurlary arkaly guralan aragatnaşyk ýaýlymlarynyň sany artýar. Şu ýyl welaýatlaryň barylmagy kyn we alysdaky ýerlerinde ýaşaýan ilaty maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrmagyň derejesi görnetin ýokarlanar. Aragatnaşyk ministrligi dünýäniň meşhur öndürijilerinden üç ýüze golaý häzirki zaman sanly telefon beketlerini satyn aldy. Munuň özi ilata giň gerimli Internete girmek we maglumatlary geçirmek üçin ýokary tizlikli ýaýlymlardan hem-de aragatnaşygyň ýokary hilli hyzmatlaryndan peýdalanmaga mümkinçilik berer. Häzirki wagtda enjamlar doly möçberinde eýýäm gelip gowuşdy we “Türkmentelekom” döwlet kompaniýasy täze beketleri gurnamak işlerini alyp barýar. Barylmagy kyn etraplarda enjamlary durnukly elektrik energiýasy bilen üpjün etmek üçin gün batareýalary ulanylar.

Soňky habarlar
24.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
24.04
B.A.Baýramow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
B.S.Çungaýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
M.S.Saryýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
A.R.Gurbanow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
M.B.Poladow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi
24.04
Türkmenistanda Argentina Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
23.04
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.04
Ahalteke bedewleri — dünýä atşynaslygynyň naýbaşy nusgasy
top-arrow