Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmenistan Astanada «EKSPO-2017» halkara sergisinde üstünliklerini görkezmäge taýýarlyk görýär
Ykdysadyýet
Türkmenistan Astanada «EKSPO-2017» halkara sergisinde üstünliklerini görkezmäge taýýarlyk görýär
Çap edildi 24.03.2017
1566

Türkmenistan Gazagystan Respublikasynyň paýtagty Astana şäherinde geçiriljek «EKSPO-2017» halkara ýöriteleşdirilen sergisinde üstünliklerini görkezmäge taýýarlyk görýär. Sergide ýurdumyzyň ýeten sepgitleri, ykdysady pudaklaryň gazanýan üstünlikleri, tebigy baýlyklar, daşky gurşawy goramak boýunça, ekologiýa ulgamynda alnyp barylýan işler görkeziler. Türkmenistanyň energetika serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagy babatynda halkara derejesinde amala aşyrylýan taslamalara goşýan goşandy baradaky maglumatlara aýratyn üns berler. Serginiň çäklerinde şeýle hem Aşgabatda öňde boljak Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary giňden beýan ediler. Ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň halkara sergilerine we işewürler maslahatlaryna gatnaşmagy ägirt uly eksport we maýa goýum kuwwatyny durmuşa geçirmek, Türkmenistanda öndürilýän önümleri dünýä bazarlarynda üstünlikli ýerlemek üçin täze mümkinçilikleri açýar.

Soňky habarlar
24.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
24.04
B.A.Baýramow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
B.S.Çungaýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
M.S.Saryýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
A.R.Gurbanow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
M.B.Poladow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi
24.04
Türkmenistanda Argentina Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
23.04
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.04
Ahalteke bedewleri — dünýä atşynaslygynyň naýbaşy nusgasy
top-arrow