Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda baglaşylan geleşikleriň möçberi ABŞ-nyň 27 million 960 müň dollaryndan gowrak boldy
Ykdysadyýet
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda baglaşylan geleşikleriň möçberi ABŞ-nyň 27 million 960 müň dollaryndan gowrak boldy
Çap edildi 25.03.2017
1766

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 28-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen dizel ýangyjyny, ABŞ-dan gelen täjirler bolsa tehniki uglerody (“Türkmenhimiýa” DK) satyn aldylar. Bulardan başga-da daşary ýurt walýutasyna dürli görnüşli tekizreňklenen we žakkard tüýjümek önümler, nah ýüplük, pagtasüýümi we portland sementi ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Russiýa, BAE, Şweýsariýa, Singapur, Türkiýe, Polşa, Owganystan.Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 27 million 960 müň dollaryndan gowrak boldy. Manat serişdelerine Russiýadan gelen işewürler jemi bahasy 1 million 680 müň manatlyk bolan nah ýüplügi satyn aldylar. Içerki bazar üçinýurdumyzyň telekeçileriumumy bahasy405 müň manatlyk nebit bitumyny (TNGIZT) weazyklyk bugdaýy satyn aldylar.

Soňky habarlar
24.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
24.04
B.A.Baýramow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
B.S.Çungaýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
M.S.Saryýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
A.R.Gurbanow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
M.B.Poladow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi
24.04
Türkmenistanda Argentina Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
23.04
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.04
Ahalteke bedewleri — dünýä atşynaslygynyň naýbaşy nusgasy
top-arrow