Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Aşgabatda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowen toparynyň mejlisi geçirildi
Ykdysadyýet
Aşgabatda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowen toparynyň mejlisi geçirildi
Çap edildi 27.03.2017
1710

Türkmen paýtagtynda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-slowen toparynyň mejlisi geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň we Sloweniýa Respublikasynyň pudaklaýyn ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Sloweniýanyň işewür toparlarynyň Türkmenistana uly gyzyklanma bildirýändikleri nygtaldy, ýurdumyzda iri möçberli düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar we eýýäm amala aşyrylýar, olaryň hatarynda energetika we ulag-aragatnaşyk ulgamlary bar we maýa goýum işi üçin amatly şertler döredilendir. Duşuşygyň barşynda, şeýle hem özara peýdaly ynsanperwer gatnaşyklaryny, şol sanda ylym, bilim we medeniýet ugurlary, şeýle hem saglygy goraýyş hem-de sport ulgamlary boýunça gatnaşyklary işjeňleşdirmek baradaky pikir beýan edildi. Mejlisiň ahyrynda Sloweniýanyň wekiliýetiniň agzalary türkmen tarapyna myhmansöýerlik üçin çuňňur hoşallyklaryny beýan edip, gazanylan ylalaşyklaryň iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli gepleşikleri mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
24.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
24.04
B.A.Baýramow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
B.S.Çungaýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
M.S.Saryýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
A.R.Gurbanow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
M.B.Poladow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi
24.04
Türkmenistanda Argentina Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
23.04
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.04
Ahalteke bedewleri — dünýä atşynaslygynyň naýbaşy nusgasy
top-arrow