Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Birža täzelikleri 12-nji Iýul
Ykdysadyýet
Birža täzelikleri 12-nji Iýul
Çap edildi 12.07.2015
1538

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalaşyklarynda geleşikleriň 59-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Russiýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Estoniýadan, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, awtomobil benzinini, polipropileni, BAE-den we Owganystandan gelen işewürler şeýle hem Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen dizel ýangyjyny satyn aldylar. Karbamid (“Türkmenhimiýa” DK) bolsa Türkiýäniň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleriniň baglaşan geleşikleriniň esasyny düzdi. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna çigit ýagy, naz ýüplük, pagta süýümi satyldy. Olary satyn alan ýurtlar: Russiýa, Beýik Britaniýa, Türkiýe, BAE, Malta, Ukraina, Gyrgyzystan. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 73 million 76 müň dollaryndan gowrak boldy. Depozit manat serişdelerine Pakistandan we Slowakiýadan gelen işewürler umumy bahasy 3 million 354 müň manat bolan nah ýüplügi satyn aldylar.

Soňky habarlar
24.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
24.04
B.A.Baýramow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
B.S.Çungaýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
M.S.Saryýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
A.R.Gurbanow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
M.B.Poladow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi
24.04
Türkmenistanda Argentina Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
23.04
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.04
Ahalteke bedewleri — dünýä atşynaslygynyň naýbaşy nusgasy
top-arrow