Baş sahypa
\
Sport
\
Ýaş türkmen küştçimiz Aziýa çempionatynyň bürünç medalynyň eýesi
Sport
Ýaş türkmen küştçimiz Aziýa çempionatynyň bürünç medalynyň eýesi
Çap edildi 03.04.2017
2399

Türkmen türgenleri Özbegistanyň paýtagty Daşkentde geçýän 18 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda Aziýanyň çempionatynda bürünç medala mynasyp boldular. Bu baýragy Leýli Şöhradowa gazandy. Ol 10 ýaşa çenli çagalaryň arasynda “rapid” görnüşinde çykyş edip, şeýle üstünlige mynasy boldy. Ýaryşa 18 ýurtdan bu gadymy paýhas oýny bilen meşgullanýan 400-e golaý türgen gatnaşýar. L.Şöhradowanyň çykyş eden toparynda Hytaýdan, Hindistandan, Wýetnamdan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Şri-Lankadan we beýlekilerden 30-dan gowrak küştçi baýrak ugrunda bäsleşdi. “Rapid” görnüşinde bir döwe 15 minut “arassa” wagt berilýär, her göçülen göçümden soňra wagta 10 sekunt goşulýar. Biziň ýaşaýjyk türgenimiz küşdüň nusgawy görnüşinde (30 sekunt goşmak bilen 1,5 sagat) hem çykyş edýär. Häzirlikçe iki tapgyrdan soňra L.Şöhradowa 1,5 utuk toplady. Bu bolsa oňa çempionatyň iň güýçli küştçüleriniň onlugynyň arasynda orun eýelemäge mümkinçilik berdi. Ýaryş 10-njy aprele çenli dowam eder.

Soňky habarlar
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr
07.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
07.06
Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy
06.06
Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady
05.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.06
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministrini kabul etdi
05.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
05.06
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
top-arrow