Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Ýylyň birinji çärýeginde senagat önümçiliginiň döwlete degişli bolmadyk ulgamynda depginli ösüş hasaba alyndy
Ykdysadyýet
Ýylyň birinji çärýeginde senagat önümçiliginiň döwlete degişli bolmadyk ulgamynda depginli ösüş hasaba alyndy
Çap edildi 05.04.2017
1653

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň kärhanalary tarapyndan 2017 –nji ýylyň birinji çärýeginde senagat önümleri 2016-njy ýylyň şol döwründäkiden 32,6 göterim köp, oba hojalyk we azyk önümleri 47 göterim artyk öndürildi. Şu ýylyň birinji çärýeginiň görkezijileri ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň döwlete degişli bolmadyk ulgamynda senagat önümçiliginiň, şol sanda azyk önümleriniň öndürilişiniň işjeň ösýändigini tassyklaýar. Hususan-da, 2017-njy ýylda bu ulgamda şöhlat önümleriniň öndürilişi 25,4 göterim, süýji-köke önümleriniň öndürilişi 22,9 göterim, gaplanan miwe-gök önüm öndürilişi 22,6 göterim, süýt önümleriniň öndürilişi 13,8 göterim ýokarlandy. TSTB boýunça 2017-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda söwda dolanyşygynyň möçberiniň ösüşi 13,9 göterime deň boldy. Hyzmat ediş ulgamynda ösüş 18,9 göterim boldy. Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça umumy haryt dolanyşygynyň möçberi binýatlyk görkezijä görä bolan gatnaşyk babatda 25 göterim köpeldi.

Soňky habarlar
24.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
24.04
B.A.Baýramow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
B.S.Çungaýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
M.S.Saryýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
A.R.Gurbanow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
M.B.Poladow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi
24.04
Türkmenistanda Argentina Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
23.04
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.04
Ahalteke bedewleri — dünýä atşynaslygynyň naýbaşy nusgasy
top-arrow